Nowruz – gözelligiň baýramy
22-03-25
Zeminiň gözelligine üýtgeşik öwüşgin çaýýan Halkara Nowruz baýramçylygy öz köküni has gadymýetden alyp gaýdýar. Ata-babalarymyz müň ýyllyklaryň dowamynda “Nowruzdan soň gyş bolmaz, mizandan soň ýaz”, “Ýylyň gelşi Nowruzdan bellidir” ýa-da “Nowruz gelse, buz durmaz” ýaly çuň manyly aýtgylary döredipdirler.
Nowruz türkmen halkynyň ýyl senenamasynda örän ähmiýetli orny eýelemek bilen, bu baýramçylykda gadymdan gelýän däp-dessurlar uly şatlyk-şowhuna beslenip ýerine ýetirilýär. Halkymyzyň bereketli desderhanlary milli tagamlarymyzyň ýedi dürli görnüşi bilen bezelýär. Olaryň arasynda ösümliklerden taýýarlanylýan naharlar has giň ýaýrandyr. Nowruz baýramy terbiýeçilik ähmiýeti bilen hem tapawutlanýar. Sebäbi ýerine ýetirilýän gadymy dessurlarda ýagşy niýetlere ýugrulan isleg-arzuwlar jemlenýär.
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda pasyllaryň soltany bolan bahar pasly misli ýaşlyk joşguny kimin çar ýany gül-pürçege bezedi. Türkmen ýaýlalary nesip haly göllerini ýadyňa salýan al-elwan gül-gunçalara beslendi. Halkymyz gözel tebigatyň goýnunda Nowruz baýramyny ulydan toýlaýar.
Parahatçylygyň we gözelligiň baýramy hasaplanýan Nowruz baýramy umumadamzat medeniýetinde mynasyp orun aldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzyň welaýatlarynda, Arkadag şäherinde we paýtagtymyz Aşgabadyň töwereginde Nowruzyň gelmegi bilen müňlerçe düýp agaç nahallaryny ekmek işi asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň gözel tebigatyny has-da baýlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan netijeli işleriň üstüni ýetirýär.
Bu günki gün mähriban halkymyz gadymdan gelýän Nowruz baýramyny agzybirlikde, jebislikde toýlaýar. Berkarar döwletimiziň dürli künjeklerinde şol sanda paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde hem giň gerimli baýramçylyk dabaralary, sergidir ýarmarkalar guramaçylykly geçirilýär. Şeýle dabaralarda ýurdumyzyň ussat medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde güneşli ülkämizi, gözel tebigatymyzy wasp edýän joşgunly aýdymlaryň belentden ýaňlanmagy, çagalaryň gadymdan gelýän milli oýunlary oýnamagy baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýýar. Bu bolsa dabara gatnaşyjylaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrýar.
Şeýle bagtyýar durmuşyň sakasynda duran, milli mirasymyzy umumyadamzat gymmatlyklarynyň derejesine göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Oguljahan ORAZDURDYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
GARAŞSYZLYK - KALBYMYZYŇ AÝDYMY
Eziz Watanymyz Türkmenistan baky Bitaraplygyň, bagtyýarlygyň we beýik ösüşleriň mekany hökmünde şanly seneleriň, taryhy wakalaryň röwşen nuruna beslenip, täze belentliklere tarap ynamly öňe barýar. Halkymyzyň milli buýsanjy, asudalygynyň hem-de berkararlygynyň synmaz binasy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny garşylamaga ýurdumyzyň ähli künjeginde uludan taýýarlyk görülýär.
GARAŞSYZLYK – KÖŇÜLLERIŇ BUÝSANJY
Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýär, beýik işler halkymyzy buýsandyrýar. Ylym-bilimde döredilýän giň mümkinçilikler, täze bilim ojaklary bilim işgärlerini has-da döredijilikli işlemäge ruhlandyrýar.
BAGTYÝAR GELJEGE YNAMLY GADAM
Garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistan dünýä kartasynda özüniň parahatçylyk söýüji daşary syýasaty, güýçli ykdysadyýeti we berk jemgyýetçilik agzybirligi bilen tanalýan kuwwatly döwlete öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk dabaraly baýramyna barýan ýolumyz - bu beýik gurluşyklaryň, ylym-bilimiň ösüşiniň, jemgyýetçilik-syýasy özgerişleriň taryhydyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.