Ösüşleri şöhlelendirýän sergi
23-03-23
Diýarymyzda Halkara Nowruz baýramynyň ulydan baýram edilýän günlerinde, ýaz paslynyň hoştap howasynyň joşgunyny artdyryp, geçirilýän dabaralar her bir türkmen raýatyny ruhybelentlige besleýär. Şeýle çäreleriň hatarynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň şanly 15 ýyllygy mynasybetli guralan sergi aýratyn orun eýeleýär. Söwda-senagat edarasynda guralan bu özboluşly sergi ähli aşgabatlylaryň we paýtagtymyzyň myhmanlarynyň ünsüni özüne çekdi.
Sergide türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri bilen içgin tanyşyp, olaryň bäsleşige ukyply aýratynlyklary barada giňişleýin maglumat almak bolýar. Önümler dünýä standartlarynyň ýokary hil derejesine doly laýyk gelmek bilen, halkymyzyň azyk isleglerini kanagatlandyrýar. Bereketli bazarlarymyzy türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri ýylyň dört paslynda hem bezeýär.
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň alyp barýan işleri, önümçiligiň dürli ugurlarynda ulanylýan döwrebap tehnologiýalar hem-de ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak babatda durmuşa geçirilýän işler bilen sergide giňişleýin tanyşdyryldy.
Häzirki döwürde döwletimiz tarapyndan telekeçilik bilen meşgullanýan hünärmenler üçin gaýtadan işleýän senagaty ösdürmek, önümleriň hilini yzygiderli gowulandyrmak we olaryň möçberini artdyrmak üçin ähli zerur mümkinçilikler döredilen. Şol ajaýyp şertlerden netijeli peýdalanyp, halal zähmet çekýän türkmen telekeçileri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bolan buýsanç sözlerini uly joşgun bilen beýan etdiler.
Selbi GULMYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.