Garaşsyzlyk — bagtyýar durmuşa ak ýol
28-09-25
Şanly Garaşsyzlygymyz halkymyza asuda asmany, parahat durmuşy we bagtyýar geljegi peşgeş berdi. Berkarar döwletimiziň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan Türkmenistanyň her bir raýatyny döredijilikli zähmete, täze sepgitlere hem-de ösüşlere ruhlandyrdy. Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlap gelen Garaşsyzlygyna 34 ýyl doldy. Taryh üçin uly bolmadyk bu döwürde eziz Diýarymyzyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan deňsiz-taýsyz üstünlikler gazanyldy.
Hawa, 1991-nji ýylyň sahawatly gelen altyn güýzi türkmen halkyna Garaşsyzlyk atly uly bagty peşgeş beripdi. Ýurt Garaşsyzlygy gazanylandan soň ähli ulgamlarda ösüşler ýyldyrym çaltlygynda öňe ilerledi. Şahyr aýtmyşlaýyn, bu ösüşleri wasp edip ýetişer ýaly hem däl. Ýurdumyzyň gysga wagtda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi bolsa, biziň döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmaga äden ilkinji ädimlerine itergi berdi. Ýurtda halkyň maddy we ruhy durmuşyny özgerden birnäçe durmuş-ykdysady, medeni we syýasy maksatnamalar kabul edildi. Türkmenistan gülläp ösýän ykdysadyýetli, kadaly syýasy ulgamly, sazlaşykly ösýän demokratik, hukuk we dünýewi häzirki zaman döwletine öwrüldi. Bu özgerişleriň esasy ugry halkyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy we döwletimiziň her bir raýatynyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertleriň döredilmegi bilen bagly boldy.
Garaşsyzlyk ýyllarynda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we parasatly syýasaty ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny düýpli özgertdi. Ýurdumyzda güýçli depginde alnyp barylýan gurluşyk işleri, ýollaryň abadanlaşdyrylmagy, senagat zawodlarynyň gurulmagy bolsa döwletimiziň ösüşiniň mundan beýläk-de ilerlemegine itergi berdi. Milli medeniýetimizi dikeltmäge we ösdürmäge, ata-babalarymyzdan galan baý medeni mirasy edebi çeşmelerimizi, halk sazlaryny, bagşyçylyk sungatynyň däplerini, ilimiziň guwanjy hem milli mirasy bolan türkmen halylarynyň, meşhur ahalteke atlarynyň şöhratyny, döwlet we daşary ýurt dillerini, şeýle hem dünýä tejribesini öwrenmäge aýratyn üns berilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda Berkarar döwletimiz bedew bady bilen öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyzlygymyzy pugtalandyrmaga, halkymyzyň bagtyýar, ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim-terbiýe almagynda edýän aladalary Watanymyzy ruhubelent ýurda öwürýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halky ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyny hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly dabara bilen belläp geçdi. Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň türkmen döwletiniň binýadynyň berkden tutulmagynda, Watan ykbalynyň täze belentliklere göterilmeginde, özbaşdaklygyň erkin şemalyndan rowaç alyp, gülläp ösmeginde çuňňur watansöýüjiligiň nusgasyny görkezýär hem-de ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryny, berkarar döwletlilik baradaky ynamlaryny dabaralandyrýar.
Garaşsyzlyk Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine, halkymyzyň bagtyýar durmuşa ýetmegine giň ýol açdy. Parahatçylyk söýüjilik, asudalygy goramak, hoşniýetli goňşuçylyk türkmene, onuň aňyna, paýhasyna we kalbyna mahsus gymmatlykdyr.
Halkymyzy eşretli zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-parasatyndan kemal tapan adyl syýasadynyň dünýäde giň seslenmä eýe bolýandygyny, ýurdumyzyň milli gymmatlyklaryna daýanyp, häzirki zamanyň ösüşleri bilen utgaşdyrylyp alnyp barylýandygy hakyndaky buýsançdan püre-pür. Ýurdumyzyň gülläp ösüşleri hem-de halkymyzyň asuda ýaşaýşyny üpjün etmek ugrunda bimöçber aladalary, ýadawsyz zähmeti üçin hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň çägi ýok.
Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Toýmyrat HOJAGELDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk gullugynyň guralyşy we usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.