Ätiýaçlandyryş ulagamy ösüşiň aýdyň ýolunda!
19-09-21
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň asudalygyny, halkymyzyň agzybirligini, binýady halaldan mäkäm tutulan döwletimiziň sarsmaz binýadyny, jemgyýetimiziň mizemez jebisligini pugtalandyrmakda gazanylýan üstünlikler milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli hem durnukly ösmeginiň ygtybarly kepiline öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz 2021-nji ýyly «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany» diýip şöhratlandyrdy. Bu bolsa mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan halkymyzy has hem buýsandyrdy.
Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygy jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we ähli dünýäniň döwletleri bilen onuň dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içerki we daşarky syýasatynyň esasy bolup durýar.
Milli Garaşsyzlygymyzyň ýörelgesine, parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan Türkmenistan taryhy taýdan gysga döwrüň içinde dünýä giňişliginde belent abraýa mynasyp bolup, sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna girdi. Häzirki ösen senagatly innowasiýalary, ylmyň we tehnikanyň ýokary gazananlaryny ugur edinýän, önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli ösdürýän döwlete öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady taýdan durnukly ösüşini saklamakda, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde alyp barýan ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda yzygiderli ösüşler, özgerişler amala aşyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda ätiýaçlandyryş ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Ykdysadyýetiň maliýe pudagyny hem-de şonuň bilen aýrylmaz baglanyşykly ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny dünýä bazarlarynda işjeňleşdirmek döwlet baştutanymyzyň aýratyn üns berýän meselesine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýişi ýaly, ätiýaçlandyryş ulgamy köp wezipeleri ýerine ýetirýändigi netijesinde bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýär, ilaty durmuş taýdan goramagyň gurallaryny amala aşyrýar hem-de maýa goýumlarynyň möhüm çeşmesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň döwletiň we jemgyýetiň, raýatlaryň hem-de ýuridiki şahslaryň bähbitleri bilen baglydygyny nygtady.
Ätiýaçlandyrýanlaryň şahsy, emläk we raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmegi has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hukuk binýady kämilleşdirildi, hereket edýän ätiýaçlandyryş görnüşleri döwrebaplaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran Karary esasynda «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda» Düzgünnamanyň täzeden kabul edilmegi, 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda çykaran Karary bilen bolsa, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizilmegi ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň aýdyň beýanydyr. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda bu işi halkara ülňilerine laýyk getirmekde köp sanly işler durmuşa geçirilýär. Bu kanun ýerli düzüm bilen bir hatarda Türkmenistanyň çäginde öz işini alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň, daşary ýurt fiziki şahslaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ätiýaçlandyryş hyzmatlaryndan peýdalanmaga bolan hukuk bilen üpjün edýär.
Bulardan başga-da, fiziki we ýuridiki şahslaryň bähbitlerini goramak maksady bilen, Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda çykaran Karary bilen täzeden işlenip kämilleşdirilen «Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnama» tassyklandy.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanly ulgama geçmegiň wezipeleri nazara alyndy, şeýle hem milli ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmek we durnuklylygyny pugtalandyrmak, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny we maýa goýum mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen, halkara standartlaryny hasaba alyp, şahsy, emläk bähbitlerini we jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş babatda hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş kadalaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 10-njy fewralynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanda ätiýaçlandyryş bazarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň wajyplygyna ünsi çekip, maglumatlar tehnologiýalarynyň ösdürilmegine aýratyn üns bermelidigini hem-de sanly ulgamy ornaşdyrmagy çaltlandyrmagy we işiň täze, döwrebap usullaryny gözlemegi nygtamagyndan ugur alyp, ätiýaçlandyryş ulgamynyň sanlaşdyrylmagynda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan döwrüň talabyna laýyklykda häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň özleşdirilmegi üçin yzygiderli işler alnyp barylýar. Ätiýaçlandyryş işini awtomatlaşdyrmak boýunça ýöriteleşdirilen hereket edýän programma üpjünçiligini kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy häzirki wagtda müşderilere hökmany ätiýaçlandyryşyň 6 sany görnüşini we meýletin ätiýaçlandyryşyň 42 sany görnüşlerini hödürleýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny welaýatlardaky, etraplardaky we şäherlerdäki ätiýaçlandyryş guramasyna gelip ýa-da ätiýaçlandyryş wekilleriniň üsti bilen gysga möhletde we amatly şertlerde şertnamalary baglaşmaga mümkinçilik döredilen.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş ulgamynyň ösüşine aýratyn üns berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il – ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!
Durdynabat GELDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň “Ätiýaçlandyryş işi” kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.