YKLYMLARYŇ DOST-DOGANLYK ÝOLLARY
19-09-21
Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly eseriniň ikinji kitabynda: «Şu günki gün ýurdumyzda ulag düzüminiň utgaşdyrylan ulgamy döredilip, Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginden uzaýan halkara we sebitara deňiz, derýa, awtomobil, polat we howa ýollary dünýäniň gujagyna aralaşýar, ak ýollar halklary birleşdirýär, yklymlary ýakynlaşdyrýar» diýip belleýär.
Hakykatdan hem ýollar halklary birleşdirýär. Yklymlary ýakynlaşdyrýar. Umuman alanyňda, ýol gatnaşmak isleýän ynsanlaryň gatnaşyk serişdeleriniň biri. Gatnaşyk bolsa jemgyýetçilik gurluşynyň möhüm bölegi. Döwürleriň ösüşlere beslenmegi ynsanyýet durmuşynyň islegleriniň miwesidir. Ösüşleriň badynyň örän çalt depginlerine beslenýän häzirki döwrümizde gatnaşyklar tehniki serişdelere daýanýar.
Hut şonuň üçin hem ulaglaryň ähli görnüşleriniň gatnawlarynyň utgaşykly hereketine aýratyn ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda awtoulag ýollarynyň gurluşygyna hemişe uly üns berýär. Paýtagtymyzyň we welaýat, şäher merkezleriniň awtoýollaryny döwrebap yşyklandyryjy enjamlar, ýolyşyklar bilen üpjün etmegi tabşyrýar. Pyýadalar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeler gurmak bilen awtoulaglaryň hereketiniň bökdençsizligini gazanmaga mümkinçilikleri döredýär. Ýerasty awtoulag geçelgeleri,halkalaýyn awtoulag aýlawlary, estakada köprüleri — bularyň hemmesi awtoulag gatnawlaryna ýeňillik döretmek maksadynyň miweleridir.
Uzak aralygyň gatnawlarynyň dünýäniň ösen döwletlerindäki üpjünçiliklerini ýurdumyzyň içerki ýollaryna ornaşdyrmagyň hem döwri geldi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýoluny gurmaga girişildi. Bu iri taslamanyň gurluşygy 2023-nji ýyla çenli dowam eder. Onuň desgalarynyň taslamasyny düzmek hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak işleri Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ynanyldy. Şeýle hem şol birleşmäniň agzalary bolan «Altyn nesil», «Oguz ýol»,«Hyzmat merkezi» hojalyk jemgyýetleri we «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy esaslandyryjylaryň düzümine girýär. Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde guruljak aýlaw görnüşli çatrykdan başlanyp,
Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziliniň ýanynda guruljak deň derejeli aýlawly çatrygynda tamamlanjak bu awtomobil ýoly türkmen telekeçilerine bildirilen uly ynamdyr. Sebäbi bu ýol diňe bir ýurdumyzyň içerki gatnawlarynyň üpjünçiligini dälde, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bitaraplyk we «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barýan ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi, beýleki döwletler bilen söwda dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmagy maksat edinýär. Bu ýoluň dünýä ülňülerine laýyk getirilmegi biziň üstaşyr geçirmek mümkinçiligimiziň amala aşyrylmagyna, goňşy ýurtlaryň ykdysady bähbitlerinede kybap gelýär. Şeýlede, yklymda berk logistik aragatnaşyklaryň ýola goýulmagyna we ynam bildirilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, durnuklylygyň we ösüşiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan il ýurt bähbitli işleriň hatarynda ýokary tizlikli Awtoban ýolunyň gurluşygynyň depgini hem maksatnamalaýyn we meýilnamalaýyn esasda amala aşyrylýar.
Goý, halklary birleşdirip, yklymlary ýakynlaşdyrjak şeýle tutumly işleriň amala aşyrylmagynyň gözbaşynda duran parasatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun!
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilýän halkara mediaforumyna gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistan Respublikasynyň Daşkent we Samarkant şäherlerinde 24–29-njy awgust aralygynda geçirilýän «Yslam siwilizasiýasy: täze garaýyş, täze açyşlar» atly halkara mediaforumyna gatnaşýar. Forumyň işine dünýäniň 50-den gowrak ýurdundan köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ylmy we medeni ulgamlaryň wekilleri gatnaşýarlar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
“elkitap” programmasy bäş dilde elektron we audiokitaplary hödürleýär
“elkitap” programmasy ulanyjylara türkmen, rus, iňlis, türk we ýakynda goşulan nemes dillerinde elektron hem-de audiokitaplary hödürleýär. Bu barada programmanyň kontent menejeri Oleg Sanjiýew Aşgabatda 19–22-nji awgust aralygynda geçirilen “Kids Expo 2026: Ähli zat çagalar üçin” halkara sergi-ýarmarkasynyň dowamynda “Business Turkmenistan” neşirine beren gürrüňdeşliginde aýtdy.
Pakistanyň işewür wekiliýeti “Aýdyň Gijeler” kärhanasynyň önümçilik işleri bilen tanyşdy
Pakistanyň işewür toparlarynyň we resmi edaralarynyň wekilleri iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen “Aýdyň Gijeler” kompaniýasyna iş saparyny amala aşyrdylar. Bu barada kompaniýa şenbe güni habar berdi.
Türkmenistan bilen Pakistan maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürer
Türkmenistanyň Pakistan Yslam Respublikasyndaky ilçihanasynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Maglumat tehnologiýalary we telekommunikasiýalar ministrliginiň Halkara utgaşdyrma bölüminiň agzasy Muhammad Amir Maligiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyk 20-nji awgustda geçirilip, onuň dowamynda taraplar maglumat tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Astrahanda noýabr aýynda IV “Demirgazyk — Günorta” halkara forumy geçiriler
Çäräni gurnaýjylar forumyň halkara düzümini giňeltmegi meýilleşdirip, gatnaşyjy ýurtlaryň sanyny 15-den 22-ä, wekilleriň sanyny bolsa 350-den gowrak adama ýetirmegi göz öňünde tutýarlar. Çärä Russiýanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Yragyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Omanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň logistika kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.