Garaşsyzlyk – beýik ösüşleriň özeni
25-09-24

Eziz Watanymyzyň täze taryhyny esaslandyran milli garaşsyzlyk halk jebisligini, jemgyýetçilik asudalygyny we döwlet kuwwatlylygyny gazanmagyň ygtybarly serişdesi hökmünde çykyş edýär. Bu taryh Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýä döwletleri bilen durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlykda parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligine tanatdy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, her bir türkmenistanlynyň döredijilikli, halal zähmetiniň hözirini görmegini üpjün etjek ýol-ýörelgeler saýlanyp alyndy. Parahatçylygy, jebisligi we milli demokratik ýörelgeleri döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hökmünde kesgitlän ýurdumyz häzirki bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň hem-de döwletiň ykdysady-durmuş, syýasy, medeni-ynsanperwer ugurlarynyň ösüşinde uly üstünliklere eýe bolýar.
Şöhratly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunda döwletliligiň esasy alamatlary bolan Konstitusiýa, Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy we Döwlet senasy milli miras paýhaslarynyň jemlenen beýany bolmak bilen, ýurdumyzda we bütin dünýäde dabaralandy. Halkymyzyň ruhy medeniýetinden gelip çykýan milli ýörelgeleri döwletimiziň Garaşsyzlygynyň derejesiniň medeni esaslarydyr. Garaşsyzlyk — halkyň göterilen ykbaly, döwlet hökmündäki belent ykrarnamasy, buýsançly geçmişine, şöhratly şu gününe, röwşen geljegine guwanyp, Ýer ýüzünde deňli-derejeli, mertebeli ýaşamagyň kepilnamasy bolup durýar. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, hemişelik Bitaraplygy ykrar edilip, mertebesi beýgelen halkymyzyň bu gymmatlyklary bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.
Şeýlelikde, halkara hukugynda umumy ykrar edilen halklaryň öz ykbalyny erkin kesgitlemäge bolan mizemez hukugyna esaslanyp, türkmen halky Garaşsyz döwletli boldy. Döwlet özygtyýarlylygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylan Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda berkidilen Türkmenistanda kanunyň hökmürowandygy, ýurdumyzyň her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky kadalar arkaly türkmen döwletliliginiň konstitusion esaslary has-da pugtalanýar. Döwlet dolandyrylyşyna ylmyň we öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, döwlet gullukçylarynyň hünäriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary üpjün edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Her bir ynsan üçin öz Watanyndan we halkyndan eziz zat ýokdur. Türkmen ýigidiniň we gyzynyň ýüregi elmydama jan Watanym Türkmenistan diýip urmalydyr. Watan we halk diýen beýik hem-de gudratly sözler ýaşlarymyzyň dilleriniň senasy, baş şygary bolmalydyr» diýip bellemek bilen ata Watanyňy söýmegi, onuň abadançylygy üçin janyň-teniň bilen zähmet çekmegi ündeýär. Çünki taryhyň beýan edişi ýaly, türkmen halkynyň geljegi onuň agzybirliginde, jebisliginde, bir döwlete birleşmegine jemlenendir.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ata-babalarymyzyň yhlasy siňen keramatly topragymyzda agzybirlikde ýaşaýan halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny ýurt möçberli dabaralara besleýär. Türkmen halkyny baky bagta, sowulmaz ýaza ýetirip, bagtyýarlygyň gujagynda erkana ýaşadýan, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginde bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Miwe AGYŞOWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň Rus dili we edebiýaty mugallymy.

IL SAGLYGY - ÝURT BAÝLYGY
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň parasaty bilen mähriban Watanymyzyň beýik ösüşleri, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzyň guwanjyny goşalandyrýar. Ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramak maksady bilen lukmançylyk edaralarynyň maddy-tehniki binýadynyň kämilleşdirilmegine, olarda işleýän hünärmenleriň ylym-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.