Garaşsyzlyk — halkyň göterilen ykbaly
28-09-25
Eziz Watanymyzyň täze taryhyny esaslandyran milli garaşsyzlyk halk jebisligini, jemgyýetçilik asudalygyny we döwlet kuwwatlylygyny gazanmagyň ygtybarly serişdesi hökmünde çykyş edýär. Bu taryh Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýä döwletleri bilen durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlykda parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligine tanatdy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllyk döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, her bir türkmenistanlynyň döredijilikli, halal zähmetiniň hözirini görmegini üpjün etjek ýol-ýörelgeler saýlanyp alyndy. Parahatçylygy, jebisligi we milli demokratik ýörelgeleri döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri hökmünde kesgitlän ýurdumyz häzirki bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň hem-de döwletiň ykdysady-durmuş, syýasy, medeni-ynsanperwer ugurlarynyň ösüşinde uly üstünliklere eýe bolýar.
Şöhratly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýunda döwletliligiň esasy alamatlary bolan Konstitusiýa, Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy we Döwlet senasy milli miras paýhaslarynyň jemlenen beýany bolmak bilen, ýurdumyzda we bütin dünýäde dabaralandy. Halkymyzyň ruhy medeniýetinden gelip çykýan milli ýörelgeleri döwletimiziň Garaşsyzlygynyň derejesiniň medeni esaslarydyr. Garaşsyzlyk — halkyň göterilen ykbaly, döwlet hökmündäki belent ykrarnamasy, buýsançly geçmişine, şöhratly şu gününe, röwşen geljegine guwanyp, Ýer ýüzünde deňli-derejeli, mertebeli ýaşamagyň kepilnamasy bolup durýar. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, hemişelik Bitaraplygy ykrar edilip, mertebesi beýgelen halkymyzyň bu gymmatlyklary bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.
Şeýlelikde, halkara hukugynda umumy ykrar edilen halklaryň öz ykbalyny erkin kesgitlemäge bolan mizemez hukugyna esaslanyp, türkmen halky Garaşsyz döwletli boldy. Döwlet özygtyýarlylygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda ählihalk tarapyndan ara alnyp maslahatlaşylan Esasy Kanunymyzyň rejelenen görnüşiniň taslamasynda berkidilen Türkmenistanda kanunyň hökmürowandygy, ýurdumyzyň her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky kadalar arkaly türkmen döwletliliginiň konstitusion esaslary has-da pugtalanýar. Döwlet dolandyrylyşyna ylmyň we öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, döwlet gullukçylarynyň hünäriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi ýurdumyzyň taryhy ösüşiniň häzirki tapgyrynda döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň arasynda sazlaşykly gatnaşyklary üpjün edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Her bir ynsan üçin öz Watanyndan we halkyndan eziz zat ýokdur. Türkmen ýigidiniň we gyzynyň ýüregi elmydama jan Watanym Türkmenistan diýip urmalydyr. Watan we halk diýen beýik hem-de gudratly sözler ýaşlarymyzyň dilleriniň senasy, baş şygary bolmalydyr» diýip bellemek bilen ata Watanyňy söýmegi, onuň abadançylygy üçin janyň-teniň bilen zähmet çekmegi ündeýär. Çünki taryhyň beýan edişi ýaly, türkmen halkynyň geljegi onuň agzybirliginde, jebisliginde, bir döwlete birleşmegine jemlenendir.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata-babalarymyzyň yhlasy siňen keramatly topragymyzda agzybirlikde ýaşaýan halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyny ýurt möçberli dabaralara besleýär. Türkmen halkyny baky bagta, sowulmaz ýaza ýetirip, bagtyýarlygyň gujagynda erkana ýaşadýan, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginde bimöçber aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Mähriban GULLYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.