Telekeçilik işi uly ösüşlere beslenýär
23-03-23
Häzirki döwürde ýurdumyzda telekeçileri goldamak, kiçi we orta telekeçiligi has-da ösdürmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. 2008-nji ýylda döredilen Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Türkmenistanyň hususy işewürliginiň 28 müňden gowrak wekilini özünde jemleýär. Birleşme ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegini, ýagny hususyýetçiligi ösdürmek, telekeçilik başlangyçlary goldamak hem-de döwrebap işewürlik düzümlerini kemala getirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Bilişimiz ýaly, paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygyna bagyşlanyp mart aýynyň 17 – 23-i aralygynda sergi geçirilýär.
Sergä Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň dürli ugurda iş alyp barýan 200-den gowrak agzalary gatnaşýar. Telekeçiler sergide öz önümlerini we gazanan üstünliklerini görkezýärler. Olaryň 15 ýylyň dowamynda gazanan üstünlikleri, mynasyp bolan güwänama we diplomlary barada giňden tanyşdyrýarlar.
Sergide işewür telekeçilerimiziň dürli pudaklara degişli önümlerini görmek mümkin. Meselem, «Talhan» söwda nyşanly çörek we çörek önümleri, «Täze aý», «Balşeker», «Hasar», «Duýgy», «Doganlar ýyldyzy», «Ak gar» haryt nyşanly süýji-köke önümleri, «Tut» haryt nyşanly içgileri, «Ter önüm» hojalyk jemgyýetiniň ýetişdiren gök we miwe önümleri, «Peragat» hojalyk jemgyýetiniň «Nesil» haryt nyşanly gaplanan önümleri we «Eco» haryt nyşanly bir gezeklik gaplary we başgalary mysal etmek mümkin.
Mundan başga-da, sergä «Geljege miras», «Ak gaýa», «Gujurly bilim merkezi», «Aýdyň gijeler», «Derýaplastik», «Sahabatly» hojalyk jemgyýetleri, «Ak hünji» we «Aýbölek» kärhanalary, «Begler ýoly», «Algap», «Çaly» hususy kärhanalary ýaly ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndan 200-den gowrak kompaniýalar gatnaşýar.
Sergide işewürleriň halka hödürleýän we eksport edilýän önümlerini, mundan başga-da, telekeçiler tarapyndan daşary ýurtlardan getirilýän dürli hili harytlar görmegiňiz mümkin.
Hususy ulgamda zähmet çekýän her bir raýatymyz döwletimiz tarapyndan goldanylýar. Önümçiligimizi has-da kämilleşdirip, ýurdumyzda mümkin boldugyça importyň möçberini azaldyp, daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek üçin öz goşantlaryny goşýarlar.
Mundan başga-da ýurdumyzda öndürilýän önümleri dünýä bazaryna çykaryp, daşary ýurt harytlary bilen bäsdeşlik etmek üçin harytlaryň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen dürli önümçiliklerde dyngysyz zähmet çekýärler. Türkmen telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we eksport edilýän önümleriň önümçiliklerini barha işjeň ýola goýýarlar.
Aziza HUDAÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 2-nji ýyl talyby.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.