«Altyn Asyr» ÝGPJ-i sanly hyzmatlaryny barha artdyrýar
22-09-21
Garaşsyzlyk ýyllarynda sanly ulgamyň gerimi ýurdumyzyň milli ykdysadyýetine we ýaşaýyş-durmuş şertlerine has kämilleşdirilýän usullar bilen berk ornaşdyrylyp, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda aragatnaşyk ulgamynyň ähli pudaklary maddy-enjamlaýyn binýadyny dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýasy esasynda barha pugtalandyrýar.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Altyn Asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti birnäçe ýyllaryň dowamynda sanly ulgamyň bäsleşige ukyply şertlerinden we mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň telekommunikasiýa ulgamynyň hyzmatlarynyň möçberini, hilini we görnüşlerini artdyryp, halk köpçüligine hödürleýär.
Öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň ýokary hilli hyzmaty, halkara rouming aragatnaşyk hyzmaty, ykjam, durnukly we giň zolakly Internet, teleýalymlara tomaşa etmek hyzmatlary tehnologiýa döwrüniň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
Häzirki wagtda, bukjalaýyn nyrhnamalar Internet-50, Sowgat 500, Sowgat 1000+, Sowgat 2000, şeýle hem çäksiz gepleşikler+, Amatly, Tygşytly, Seniň ulgamyň 1, Sada, Gürleşiber, 3G Internet WСDMA ýaly hyzmatlar aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerini has elýeterli etmek maksady bilen halk köpçüligine hödürlenýär.
“Çäksiz saz” hyzmaty müşderiler tarapyndan uly islegden peýdalanýar we bu hyzmat TMСELLSAZ programmasynyň kömegi bilen on müňlerçe dürli sazy diňlemäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem, aýdym-sazyň muşdaklary üçin, ýakynda täze “Sazz” LTE ulgamynda çäksiz aýdym-saz giňişligi döredildi.
Ýurdumyzyň we dünýä täzelikleri bilen tanyşmak üçin “Mobile TV TMCell” LTE ulgamynda teleýaýlymlary online görnüşinde görmek bolýar. Şeýle-de, gazet-žurnallary okamak üçin “Türkmenmetbugat” programmasynyň abuna ýazgysynyň tölegini «Altyn Asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň müşderileri öz belgisindäki hasaby boýunça amala aşyryp bilerler.
“TMCELL Şahsy Otag” hyzmaty – elektron usulda hasabyňy doldurmak, nyrhnamalary üýtgetmek, internet bukjalary birikdirmek, aragatnaşyk hyzmatlaryny birikdirmek we öçürmek ýaly hyzmatlary dolandyrmaga mümkinçilik berýär.
«Altyn Asyr» ÝGPJ-i tarapyndan ýola goýulan “Taхi hyzmaty” bilen sanly ulgamyň mümkinçilikleri has-da kämilleşdirildi.
Häzirki wagtda, «Altyn Asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti edara-kärhanalar tarapyndan “APN” maglumatlar ulgamyna birikmek hyzmatyny ýerine ýetirýär.
“Elektron resminama dolanşygy” «Altyn Asyr» ÝGPJ-i boýunça doly ýola goýuldy we www.tmcell.tm web-saýty döredildi. Şeýle hem, “@tmcell.tm” elektron resminama dolanşygy üçin elektron poçtasy döredildi.
«Altyn Asyr» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň agzybir we zähmetsöýer hünärmenleri Hormatly Prezidentimiziň aragatnaşyk ulgamynyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirýän ägirt işlerini özlerine baş ýörelge edinip, maglumat-telekommunikasiýa ulgamyny mundan beýläkde ösdürmekde we eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny älem giňişligine äşgär etmekde, ähli başarnyklaryny we tagallalaryny gaýgyrman yhlasly zähmetleri bilen, «Halkara parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny garşy alýarlar.
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi
21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.