Döwlet syýasatynyň möhüm ugry
22-09-21
Berkarar döwletimiziň durmyşyň dürli ugyrlarynda gazanylýan üstünlikleri şäherlerdir obalarda durmyş maksatly desgalaryň barha köp sanlysynyň gurulmagyny şertlendirilýär. Täze-täze binalar bu günki günde bagtyýarlyk döwrümiziň görküne görk goşýar. Şolaryň hatarynda gurlup ulanmaga berilýän döwrebap okuw ,sport mekdepleri, çagalardyr ýaşlaryň hyzmatyna berilýär.
Döwrüň şeýle derejede özgermegi bilen, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejeleri gün-günden gowulaşyýar. Şonuň bilen bir hatarda her türkmenistanly özleriniň boş wagtlaryny şadyýan geçirmeklgi maksat edinýärler, şol maksat bilen ýurdumyzyň gözel ýerlerine baryp dynç almaklyga çalyşýarlar. Dynç almaklyga gitmekde dürli hili ulag serişdelerinden peýdalanmaly bolýarlar. Ulag serişdeleriniň gün-günden köpelmegi bilen täze ýollaryň, ýerasty geçelgeleri gurulýar, ozalky bar bolan köçeleriň, ýollaryň durky täzelenýär. Şeýlelikde ýollarda ulag serişdeleriniň köpelmegi bilen hereketiň ýygjamlaşmagy köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygyna ünsüň güçlendirilmegini talap edüär.Netijede köçelerde, ýollarda her birimiziň ýol hereketiniň düzgünleriniň doly we dogry berjaý etmeli bolýar.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen ýollarda mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyň piýada hereketleriniň köpelmegi bilen ýollarda howpsuzlyk kadalarynyň üpjün edilmek meselesi möhüm ähmiýete eýe bolýar. Şol nukdaý nazardan ugur alyp Hormatly Prezidentimiziň "Dowlet adam üçindir !" diýip,, öňe süren adyl syýasatyna jogap edip adamlaryň parahat, rahat ýaşamaklaryny göz öňünde tutyp Sentýabr aýynda "Ýol hereketiniň howpsyzlygy, ömrümiziň rahatlygy" atly biraýlyk dowam edýär. Bu işleri ýerine ýetirmek diňe bir hukuk goraýjy edaralarynyň işi bolman, eýsem hemmeleriň borjy bolup durýar, sebäbi bu ýerde gürrüň mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyň we ahli raýatlarymyzyň ýollarda howpsyzlygyny üpjün etmek barada barýar.
"Ýol hereketiniň howpsuzlygy, ömrümiziň rahatlygy" ady bilen geçirilýän bir aýlygy ýokary derejede netijeli geçirmek maksady bilen biziň Türkmen oba hojalyk institutymyzda hem rektorat tarapyndan meýilnama işlenip düzüldi. Institutda şol düzülen reje boýunça içeri işler gullygynyň, saglygy saklaýyş guramasynyň, jemgiýetçilik guramalarynyň işgärleri bilen duşuşyklar, talyp ýaşlaryň arasynda bäsleşikler guraldy. Institutyň işgärlerinden gündelik okuw binasynyň ýanyndaky geçelgelerde talyplaryň geçýän ýerlerinde ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmazlygy we ýol hadysalarynyň bolmazlygyn gözegçilik edýän nobatçylar bellenildi. Talyplara gündelik geçirilýän nyzamlarda fakultetleriň dekanlary Kakamyrat Mergenow, Serdar Sopyýew we Wepa Halymow dagylar ýol hereket düzgünleriniň kadalaryny berjaý etmek barada talyplara düşündiriş berýärler. Olardan başga-da institutyň esasy girelgelerinde şol tema degişli telegepleşikler yzygider görkezilmegi ýola goýuldy.
Bu günki ösüp gelýän nesil - ýurdumyzyň gelejekki eýeleri. Olaryň sagdyn, sowatly, kämil adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda mähriban Arkadagymyzyň ägirt uly tagallalary netijesinde möhüm ähmiýet berilýär, bu mesele döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplanýar. Şoňa görä-de ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ösüp kemala gelmegi üçin alada etmek biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Köçelerdir ýollarda howpsyzlyk düzgünleriniň ýerine ýetirilmegini gazanmak bolsa şol derwaýys aladanyň aýrylmaz bölegidir.
Orazmyrat ÇANDYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.