Ekologiýa abadançylygy we tebigy mirasy goramak syýasaty

14-06-25

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň daşky gurşawyny goramak, şol sanda suw serişdelerini gorap saklamak bilen baglanyşykly meselelerini çözmäge uly ähmiýet berilýär.

Ata-babalarymyz daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamagyň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly garamagyň däplerini we edep-kadalaryny miras goýupdyrlar. Türkmen jemgyýetiniň bu gymmatly däpleri asyrlar boýy kämilleşdirilip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy esasynda täze mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýar. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan bu ynsanperwer gymmatlyklar häzirki günlerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwletiň ekologiýa syýasaty arkaly üstünlikli ösdürilýär.

Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ekologiýa we daşky gurşawy goramak, sebitde hem dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça esasy çemeleşmelerinde Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ählumumy, sebit we milli gurallaryndan ugur alýar.

Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasy (AHHG) Merkezi Aziýa döwletleriniň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy esasynda Aral deňziniň basseýninde durmuş-ykdysady hem-de ekologiki ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen döredildi. Bu gaznanyň düzüminde Döwletara utgaşdyryş suw hojalyk topary we Durnukly ösüş boýunça döwletara topar döredildi. Hökümetara suw serişdelerini bilelikde ulanmak, dolandyrmak we goramak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyga laýyklykda, Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan Hökümetara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasy (HUSK) döredildi. Munuň esasy maksady:

  • suw serişdelerinden her bir döwlet üçin her ýylky suw ulanmak boýunça çägini (limitini) tassyklamak;
  • suw howdanlarynyň iş tertibini işläp düzmekden;
  • suw serişdeleriniň dolandyrmakdan;
  • Aral deňziniň guramagy we suw serişdeleriniň azalmagy bilen bagly ekologiýa maksatnamalaryny işläp düzmekden we ýerine ýetirmekden ybaratdyr. 

Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, te­bi­gy se­riş­de­le­ri, şol san­da suw se­riş­de­le­ri­ni ne­ti­je­li peý­da­lan­mak, eko­lo­gi­ýa howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça me­se­le­ler bu gün­ki gün dün­ýä äh­mi­ýet­li örän wa­jyp me­se­le­le­re öw­rül­di.Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatnamalaryna milli derejede goşulyp, häzirki döwürde BMG-niň kabul eden «2030-njy ýyla çenli Gün tertibini» amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar, bu ugurda dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýulýar.

Ýurdumyz ta­ra­pyn­dan ba­şy baş­la­nyp, “Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk” di­ýen Re­zol­ýu­si­ýa­nyň bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr. “Suw diplomatiýasy” baradaky başlangyçlary amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň esasy maksatlary Aral deňzi sebitindäki ýurtlaryň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýlaryny gowulandyrmak, sebitde suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny hem-de daşky gurşawyň ýokary derejede goralmagyny üpjün etmek bolup durýar.

Türkmenistan Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk edýän ýurt hökmünde öz öňünde duran aşakdaky wezipeleri ileri tutýar:

  • suw serişdelerini toplumlaýyn peýdalanmak we daşky gurşawy goramak;     
  • sebitdäki ýurtlaryň iri halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy hem-de durnukly ösüş babatdaky guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge we giňeltmäge ýardam etmek.

Biziň ýurdumyz häzirki wagtda BMG-niň tebigaty goramak hakynda esasy ylalaşygyna, şol sanda biologiýa köpdürlüligi, ozon gatlagyny goramak, çölleşmä garşy göreşmek, serhet üsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we peýdalanmak hakyndaky Konwensiýa, şeýle hem ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasy goramak hakynda Konwensiýasyna agza bolup durýar we şonuň esasynda öz üstüne alan borçnamalaryny üýtgewsiz ýerine ýetirýär. Bu ugurlarda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy, Ýewropa Bileleşigi hem-de beýleki abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejelerinde maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy amala aşyrylýar.

Şu nukdaýnazardan ýokary okuw mekdeplerinde döredilen “Daşky gurşawy goramak – durnukly ösüşiň möhüm konsepsiýasy” atly ÝUNESKO Klublary ýurdumyzyň dünýäniň sebit we halkara guramalary bilen bilelikde alyp barýan howanyň üýtgemegine garşy göreş we daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygy, suw meseleleri, çölleşmä garşy göreşmek, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak bilen baglanyşykly möhüm meseleler babatynda ýaşlaryň ekologiýa baradaky syýasy habarlylygynyň ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Umuman, bu ugurda geljekde hem oňyn halkara hyzmatdaşlygynyň ilerlemegi, ýurdumyzyň ekologiýa diplomatiýasynyň çäklerinde alnyp barylýan özgertmeleriň günsaýyn pajarlamagy ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

Mekan ŞAMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.