Garaşsyzlyk — halkymyzyň buýsanjy

25-09-24

Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän günlerinde döwletliligiň esasy alamatlary bolan Konstitusiýa, Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy we Döwlet senasy milli miras paýhaslarynyň jemlenen beýany bolmak bilen ýurdumyzda we bütin dünýäde dabaralanýar. Garaşsyzlyk parasatly pederlerimiziň arzuw-isleglerinden wysal bolup, halkymyza eşretli durmuşy bagyş etdi. Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, hemişelik Bitaraplygy ykrar edilip, mertebesi beýgelen halkymyzyň bu gymmatlyklary bahasyna ýetip bolmajak baýlykdyr.

Şanly Garaşsyzlygymyz halkymyza asuda asmany, parahat durmuşy we bagtyýar geljegi peşgeş berdi. Berkarar döwletimiziň eşretli durmuşynyň hözirini görüp ýaşaýan Türkmenistanyň her bir raýatyny döredijilikli zähmete, täze sepgitlere hem-de ösüşlere ruhlandyrdy.

Döwletimiziň täze taryhyny esaslandyran milli Garaşsyzlyk halk jebisligini, jemgyýetçilik asudalygyny we döwlet kuwwatlylygyny gazanmagyň ygtybarly serişdesi hökmünde çykyş edýär. Bu taryh Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany dünýä döwletleri bilen durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlykda parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligine tanatdy.

Garaşsyzlyk döwrümiziň her bir güni biziň üçin şatlykdan doly bagtly günlerdir. Bagtyýarlyk döwrümiziň uly ösüşlerine beslenen durmuşymyz şatlykdan doly. Türkmenistan Watanymyzyň täze taryhynda bolup geçýän wakalar bolsa şatlygymyza şatlyk goşup, buýsanjymyzy artdyrýar. Merkezi Aziýada ylalaşdyryjy merkeze, tehnologiýalaryň, haryt hyzmatlaryň akymlarynyň artýan ýolunda özboluşly çatrygy bolan Türkmenistan parahatçylyga we hyzmatdaşlyga bolan ygrarlylygy netijesinde soňky ýyllarda dürli halkara forumlarynyň, maslahatlarynyň, duşuşyklaryň, sergileriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Bu gün türkmen halkyny, ösüşler mekany bolan Garaşsyz Türkmenistanymyzy bütin dünýä tanaýar. Ýurdumyzyň bu ajaýyp üstünliklerini görmäge göz, wasp etmäge söz gerek. Türkmenistan Watanymyzyň parasatly Lideriniň başlangyjy bilen kabul edilýän halkara möçberindäki umumadamzat bähbitli maksatnamalar ýurdumyzyň syýasat ulgamyndaky üstünligine şaýatlyk edýär.

Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, halkara giňişliginde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler gazandy. Häzirki döwürde «Açyk gapylar» syýasatyna eýerýän Garaşsyz Türkmenistan dünýä döwletleri bilen halkara gatnaşyklary alyp barmak bilen gün-günden pugtalandyrýar.

Milli Garaşsyzlygymyz — bagtyýarlygymyzyň gözbaşy, ruhy dünýämiziň goşa ganaty. Bu günki gün Garaşsyzlygyň beren eşretine guwanyp, buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz üçin mukaddes Watanyň,  eziz Arkadagymyzyň ady dillerde sena bolup ýaňlanýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ösüşiň türkmen nusgasyny ýörelge edinen merdana milletimiz döwrüň peşgeş beren ajaýyplyklarynyň şaýady bolýar. Ynsanperwer ýüregi «Watanym, halkym – bagtym!» diýip urýan Milli Liderimiziň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» şygaryny nusga edinip, geljegiň arzyly sepgitlerine gadam basýar.

Bitaraplyk derejesi halkymyza  ýeňişlere beslenen şöhratly we aýdyň ýoly açyp berdi. Halkymyz üçin bu bagtly ýoluň açylmagynyň gözbaşy döwletimiziň Garaşsyzlyga eýe bolmagyndan başlanýar. Ine, bu gün bolsa ýurdumyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýuny toýlaýar. Türkmen halkynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmegini gazanan Garaşsyzlyk baýramymyz gutly bolsun!

Mundan 33 ýyl ozal dünýä inen Garaşsyz Watanym! Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna ýol açyp, sen köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdiň. Seniň mizemezligiň halkyň jebisliginde jemlenýär. Indi sen üç onýyllyk bäri ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda... taryhy ösüşleri üpjün edip, ösüşli menziller bilen öňe barýaň. Goý, bu ýoluň asyrlara uzasyn! Otuz üç ýaşyň gutly bolsun, eziz Watanym!

Eziz Diýarymyzyň toýlary toýlara ulaşsyn, halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Haýdar MAGTYMOW,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň Rus dili we edebiýaty mugallymy.

1683803e45a58f.jpeg
Bitaraplyk — Parahatlyk

Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.


1683804b380e91.jpeg
MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.


1683400122a15f.jpeg
«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi

24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.


16834010cead65.jpeg
Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi

25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.


1683694565d992.jpeg
Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler

2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.