“Türkmen hemrasy” ÝGPJ hemra aragatnaşygy arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär

24-09-21

“Türkmen hemrasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti daşary ýurt we ýerli kompaniýalar üçin emeli hemra aragatnaşygy arkaly internet hyzmatlaryny hödürleýär. Kompaniýa Türkmenistanyň giň geografik çäklerini, Garagum çölüni we daglyk ýerlerini göz öňünde tutup, optiki süýümli kanalyň ýok ýerlerinde emeli hemra arkaly giň zolakly internet toruna birikdirmäge mümkinçilik döredýär.

Daşary ýurt we ýerli kompaniýalar ýurdymyzda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýärler we olaryň alyp barýan iş ýerlerinde aragatnaşyk hyzmatlary örän wajyp orun eýeleýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, “Türkmen hemrasy” ÝGPJ “TürkmenÄlem52.0E” milli emeli hemra aragatnaşygy arkaly ýurdymyzyň ähli çäklerinde zähmet çekýän kompaniýalara öz hyzmatlaryndan peýdalanmagy teklip edýär.

Hyzmatlar; internet toruna girmekden, wideokonferensiýa we telefoniýa işlerini geçirmekden, giň zolakly internetden hem-de korporatiw tordan peýdalanmakdan, uzak aralykdan ulgamyň dolandyryşy we awtomatizasiýadan (SCADA, wideogözegçilik, telemetriýa we ş.m.), uzak aralykdan lukmanlaryň maslahat işlerini, uzak aralykdan okuw, uzak aralykdan maglumatlaryň alyş-çalyşygyny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermekden ybaratdyr.

“Türkmen hemrasy” ÝGPJ-i gyzyklanma bildiren taraplara tiz we ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmegi kepillendirýär.

Habarlaşmak üçin:

Salgysy: 744000, Aşgabat şäheri, Seýdi köçesi, 10-A jaýy

Tel: +993 12 921 836

Faks: +993 12 921 831

E-mail: info.turkmenhemrasy@online.tm

            sales.turkmenhemrasy@online.tm

Resmi internet sahypasy: turkmenhemrasy.gov.tm

16adaf479125fe.jpeg
ÝHHG-nyň "Ýaşyl portlar" taslamasynyň çäklerinde sanly çözgütler boýunça onlaýn okuw sapagy geçirildi

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy (ÝHHG) tarapyndan sebitiň ekologiki durnuklylygyny hem-de ulag-logistika düzümini güýçlendirmek maksady bilen amala aşyrylýan «Hazar deňzi sebitinde ýaşyl portlaryň ösüşine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde onlaýn okuw sapagy guraldy.


16adaf38202b16.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Bütindünýä Samarkant sammitine gatnaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 21-22-nji oktýabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçirilen “Çagalaryň geljegine maýa goýmak: nesiller üçin durnukly we adalatly ösüş” atly Bütindünýä sammitiň işine gatnaşdy.


16adaf1dbbec33.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Duşenbe şäherinde ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy

2026-njy ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary H.Geldimyradow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň giňeldilen mejlisine gatnaşdy. Duşenbe şäherinde geçirilen mejlisde ol çagyrylan döwletiň wekili hökmünde hormatly myhman derejesinde çykyş etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 


16adaeda75b0ea.jpeg
Halkara nebitgaz forumy pudagyň öňdebaryjylaryny Aşgabatda jemledi

21-nji oktýabrda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2026» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady.


16ad84263950ce.jpeg
Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary — ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň geçen hepdede Baku we Ýerewan şäherlerinde geçirilen ýokary derejeli çärelere gatnaşmagy dünýäde ählumumy hyzmatdaşlygyň jogapkärli gatnaşyjysy hökmünde ýurdumyzyň yzygiderli artýan abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.