NESIL TERBIÝESINDE MILLI ÝÖRELGELER

22-10-24

Halkyň ýaşaýyş-durmuşy bilen deň derejede ösýän edep-terbiýe kämilleşýär, arkama-arka dowam edýän ýörelgelere öwrülýär. Ýaş neslini eý gören ata-babalarymyz nesillere asylly däpleri, halallyk ýoluny hem-de edep-terbiýäni miras galdyrypdyr. Asyllylyk, halallyk, Watana wepalylyk, zähmetsöýerlik ýaly ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Ýaşlaryň maşgalada, köpçülik ýerlerinde özüni alyp baryşlary ýaşulularyň nazaryndan sypmandyr. Olar durmuş tejribelerini dilewar, märekesöýer, şahandaz, guýmagursak zehinli adamlar tarapyndan döredilen halky eserlere siňdirip, perzentleriniň aňyna guýmagyň hötdesinden gelipdirler. Ýiti aňyň, dury akyl-paýhasyň, ýatkeşligiň eýesi bolan pederlerimiz özleriniň döreden eserlerini hakydalarynda aýawly saklap, nesilden-nesle geçirip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly hem-de öňdengörüjilikli syýasaty bilen dolandyrylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne-de ýetiripdirler.

Türkmenlerde nesil terbiýesine uly üns berlipdir. Ýaş nesli halal, dogruçyl, zähmetsöýer adamlar edip ýetişdirmek hakda aladalanylypdyr. Çaga ilkinji terbiýäni maşgalada alýar. Ýaşlaryň ruhy-ahlak terbiýesinde maşgalanyň orny uludyr. Agzybir, halal zähmet çekýän maşgalada kämil şahsyýetler kemala gelýär. Türkmen maşgalasynda terbiýe diňe öwüt-ündew bilen däl, eýsem, görüm-görelde bilen berilýär. Şonuň üçin terbiýe berlende, gaty seresaply çemeleşilmeli. Maşgalada çaga ahlak, ylmy, medeni gymmatlyklar öwredilip, ol durmuşa ruhy, akyl, beden taýdan taýýarlanylýar. Ynsanda maşgalada alan terbiýesine görä gylyk-häsiýet döreýär. Çaganyň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet bolup ýetişmeginiň baş çelgisi millilikdir. Çünki öz halkyny söýýän, geçmiş taryhyny, edebiýatyny, medeniýetini bilýän, oňa buýsanýan, milli däp-dessurlaryny hormatlaýan ynsan beýleki halklaryň milli aýratynlyklaryna hem hormat goýup biler.

Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaplarynyň içinden taryhymyza, edebiýatymyza, milli medeniýetimize, sungatymyza bolan çäksiz söýgi, buýsanç, hormat eriş-argaç bolup geçýär. Bu gymmatly eserlerde hal-ahwal soraşmak, salamlaşmak, minnetdarlyk bildirmek, özüňden ululary sylamak, kiçileri hormatlamak, goňşular bilen gatnaşyk, goňşokara alyşmak, il-günüň toý-märekesine gatnaşmak, hassa soramak, oňa duýgudaşlyk bildirmek babatyndaky däp-dessurlarymyz durmuşy mysallaryň üsti bilen beýan edilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň uzak ýyllaryň dowamynda sünnäläp, kämilleşdirip häzirki döwre ýetiren milli gymmatlyklaryna, geçmiş mirasymyza, perzent terbiýesinde ulanylan edep ýörelgelerine bolan üns barha ýokarlanýar. Ýurdumyzyň mundan bu ýana-da gülläp ösmeginde ýaşlara uly orun berilýär, çünki ýaşlar uly güýçdür. Jemgyýetiň ep-esli bölegi ýurdy gözelleşdirjek, ösdürjek ýaşlardyr.

Millilik, ilkinji nobatda, ene dilimizden gözbaş alýar. Ene dilimizi ähli ylymlaryň aýnasy hasaplan pederlerimiz nesillere ýüz dil bilýän hem bolsaň, öz ene diliňi unutmazlygy wesýet edipdirler. Dil halkyň asyrlarboýy sünnäläp, aýap, kämilleşdirip gelen iň uly milli gymmatlygydyr. Hormatly Prezidentimiz bu barada “Ýaşlaryň dünýä dillerini düýpli öwrenmegi, edebiýat we sungat bilen giňden meşgullanmagy üçin hem ähli şertleri döretmeli. Olaryň arasynda döredijilik bäsleşiklerini yzygiderli geçirip durmaly” diýip belledi. Baý, şahyrana dilimiz, gaýtalanmajak edebi eserlerimiz bizde ene dilimize, milliligimize bolan söýgini, hormaty terbiýelemekde esasy serişdedir. Lukman Hekimiň öwüt-nesihatlarynda şeýle sözlere gabat gelmek bolýar: “Hoşgylyk adam kesekileriň garyndaşy bolsa, betgylyk adam garyndaşlaryna keseki bolar”. Hoşgylyklylyk, mylaýymlyk, sadalyk, pespällik, kiçigöwünlilik edepliligiň esasy alamatlaryndandyr.

Ýaşlar hem öz gezeginde döwletimiziň, hormatly Prezidentimiziň özleri barada edýän aladalaryna uly işler bilen jogap bermelidirler. Olar, öňi bilen, edep kadalarynyň milli ýörelgelerini berjaý etmelidirler. Şeýle milli ýörelgeler örän baý we giň mazmunlydyr. Ata-babalarymyzdyr ene-mamalarymyz perzentlerini watansöýüji, zähmetsöýer, ilhalar, halal gerçek ýigitler, sypaýy, mähriban, eli çeper, işeňňir gelin-gyzlar edip terbiýeläp ýetişdirmek üçin aýratyn edep kadalaryny nesil dowamatlaryna geçiripdirler. Görüm-görelde ýoly terbiýe meselesinde esasy orunda durýar. Şöhratly geçmişimizde çagalar edep kadalaryny ýaşlykdan ululara seredip, olardan görelde alyp öwrenipdirler. Şeýlelikde, ata-babalarymyz zähmetsöýerligi, işeňňirligi bilen giden baýlygy - maddy we ruhy gymmatlyklary döretmek arkaly, zähmete bolan söýgini öz perzentlerine geçiripdirler. Mukaddeslik derejesine ýetirilen gymmatlyklaryny aýamagy hem geljekki nesillere ýetirmegi öwredipdirler.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň mazmuny, çeperligi we taryhy kökleri has çuň heňňamlara aralaşýan milli medeniýetimizi, däp-dessurlarymyzy ösdürmeklige aýratyn üns berilýär. Halkymyzyň maddy we ruhy hakydasyny dikeltmekde, milli medeniýetimiziň egsilmez baýlyklaryny öwrenmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Tylla ÖRÄÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniñ mugallymy.

166bc5015022ab.jpeg
Halk maslahaty — milli demokratiýanyň dabaralanmagy

Berkarar döwletimizde milli ýörelgelerimiz üstünlikli ösdürilýär, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin beýik işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ata Watanymyz ähli babatda üstünliklere eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelgesi türkmen halkyna bagtyýar durmuşy peşgeş berdi.


166e33d3052645.jpeg
Oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegi — azyk bolçulygynyň kepili

Gadymy we baý ekerançylyk medeniýetiniň ýurdy hökmünde Türkmenistanda häzirki wagtda topraga yhlasly çemeleşmek täze many-mazmuna eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan oba hojalyk pudagynda başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän giň gerimli özgertmeler öz oňyn netijelerini berýär.


162c7f106b96c2.jpeg
Gurban baýramy – hoşmeýillilik we ýagşylyk baýramy

Şan-şöhraty äleme meşhur bolan gadymy hem müdimi türkmen halkynyň hoşniýetlilik, ynsanperwerlik, sahawatlylyk ýaly guýmagursak asylly ýörelgelerinden ugur alyp, merdana ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan özboluşly ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ömür sürmegini has-da ýokary derejelere çykarmak eziz Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň baş ugrudyr.


162cba1ff0af91.jpeg
GURBAN BAÝRAMY - MUKADDES BAÝRAM

Berkarar döwletiň eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli toýdur baýramlarymyz şatlyk-şowhuna beslenilip, giňden bellenilip geçilýär. Şol baýramlardan biri bolan Gurban baýramy adamzadyň sagdyn we tämiz ruhy-ahlak gözelliklerini, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan, ýüreklere şatlyk paý­laýan mukaddes baýramdyr. Mübärek Gurban baýramy bagtyýar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.


166515eeba8e2c.jpeg
Özgerişiň we gözelligiň paýtagty

Milli senenamasynda 25-nji maý Aşgabat şäheriniň güni hökmünde dabaraly bellenilýär. Munuň özi halkymyzyň mermer paýtagtyna goýýan sylag-sarpasynyň, sap söýgüsiniň nyşanydyr. «Aşgabatda dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze mekdep, çagalar bagy gurulýar» ýa-da «Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary açylýar» diýen ýaly ýakymly hoş habarlar paýtagtymyzyň yzygiderli ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň beýanydyr. H

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.