SANLY ULGAM ÖSÜŞLERIŇ AÝDYŇ ÝOLUNDA
25-05-23
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzda sanly ulgam babatda ýokary tizlik bilen geçirilýän işleriň anyk ugurlaryny, maksatlaryny, öňde durýan wezipelerini kesgitleýär.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň birinji tapgyry üçin meýilleşdirilen çäreler boýunça ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde hünärmenler, professor-mugallymlar, talyplar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenilip taýýarlanyldy. Internet arkaly işlemek usulyýet taýdan kämilleşdirildi. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler we beýlekiler bilen üpjün edildi. Bilim edaralary häzirki zaman kompýuterleri, multimedia tehnologiýalary, laboratoriýa, lingafon enjamlary bilen üpjün edilýär. Internet toruna hem birikdirilýär. Arkadagly Serdarymyzyň adyndan mekdebe ilkinji gezek gadam basýan okuwçylara öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi ajaýyp däbe öwrüldi. Bularyň ählisi ýaş nesliň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açmaga, bu ukyplary hünär taýdan ugrukdyrmaga gönükdirilendir.
Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde, ýurdumyzyň ýokary hem-de orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda sanly aragatnaşyk ulgamy arkaly umumy okuw sapaklary guralýar. Häzirki wagtda sanly ulgama geçilmegi durnukly ösüşiň ileri tutulýan wezipelerini çözmegiň açary bolup hyzmat edýär.
Sanly tehnologiýalaryň bazary dünýäde okgunly ösýän hem-de iş bilen meşgullanmagyň, aýratyn hem ýaşlary iş bilen üpjün etmegiň giňden ýaýran ulgamlarynyň biridir. Öňdebaryjy tehnologiýalar biziň gündelik durmuşymyza berk ornaşmak bilen, zähmeti guramagyň usullaryny, okamagyň hem-de dynç almagyň görnüşlerini özgerdýär. Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy tejribesini öwrenip we ornaşdyryp, sanly ulgama geçmegiň öz nusgasyny, ýagny diňe bir taýýar çözgütleriň hem-de «nou-haularyň» importyna däl, eýsem, özüniň ylmy tehnologik we aň-paýhas kuwwatyna esaslanýan nusgasyny işläp taýýarlamagy esasy maksat hökmünde kesgitledi.
Sanly ulgama geçilmek maliýe-bank ulgamyny ösdürmegiň hem möhüm ugry bolup durýar. Şu günüň ýagdaýlaryndan ugur alnyp, bu wezipäniň ýerine ýetirilmegi ykdysady ulgama we onuň binýatlaýyn edaralaryna hil taýdan täze talaplaryň peýda bolmagyny şertlendirýär. Innowasion çözgütleriň netijeli ulanylmagy müşderiler hem-de bazara gatnaşyjylar bilen özara gatnaşyklaryň derejesini we hilini ýokarlandyrmak, hyzmatlary kämilleşdirmek hem-de görnüşlerini giňeltmek arkaly bu ulgamy özgertmäge ýardam edýär. «Akylly» şäherler konsepsiýasy hem öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň utgaşdyrylmagyna esaslanýar. Şeýlelikde, şäher düzümleriniň we gulluklarynyň dolandyrylyşyny, adamlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Bu konsepsiýa birnäçe ugurlary özünde jemleýär. Şolaryň hatarynda «akylly» binalar, ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik ulaglarynyň duralgalary, bir bitewi maglumat binýady hem-de ýaşaýjylara tölegleri geçirmäge we zerur maglumatlary almaga mümkinçilik berýän köpugurly şäher gollanmalary bar.
Okamak mümkinçilikleriniň düýpli özgerýän döwründe kitaphanalaryň sanlylaşdyrylmagy hem halkymyz üçin örän ähmiýetli boldy. Indi elektron görnüşdäki kitaplar onlaýn tertipde hemmelere doly elýeterlidir. Kompýuterleriň, planşetleriň, ykjam telefonlaryň kömegi arkaly okyjylar islendik wagtda kitaphanalaryň saýtyna girip, gerek bolan neşiri wirtual görnüşde alyp bilýärler.
Ýurdumyzda sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Begenç BEKDURDYÝEW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.