Milli Garaşsyzlygymyz — bagtyýarlygymyzyň gözbaşy
28-09-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şöhratly geçmişimizi, nurana şu günümizi we Watanymyzyň röwşen geljegini aňladýan mukaddes Garaşsyzlygymyz döwletimiziň berkararlygynyň hem-de halkymyzyň agzybirliginiň mizemez esasy bolup durýar. Ata-babalarymyzyň Garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw-isleglerini, halkymyzyň buýsanjyny hem-de nurana geljegimize bolan ynamyny özünde jemleýän beýik baýramçylygy türkmen halky uly dabara bilen belleýär.
Garaşsyzlygyň täze türkmen taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan «Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda» Konstitusion Kanunyň kabul edilen gününden bäri döwletimiziň mizemezliginiň, halkymyzyň jebisliginiň müdimi binýady bolan eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkyny uly ösüşlere ýetirdi. Şöhratly geçmişimizi, şu günümizi we Watanymyzyň beýik geljegini aňladýan mukaddes Garaşsyzlygymyz döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň esasy bolup durýar.
Garaşsyz ösüş ýoluna düşen döwletleriň her birinde öz milli buýsanjyna öwrülen binalaryň, milli gymmatlyklaryň bolşy ýaly, Türkmenistan Watanymyzda hem Garaşsyzlyk binasy her birimiziň buýsanjymyza buýsanç goşýan desgalaryň biridir. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň mizemezliginiň nyşany bolan bu bina paýtagtymyza aýratyn bezeg berýär hem-de özüniň özboluşly binagärlik çözgüdi bilen göreni haýrana goýýar. Uzaklardan seleňläp görünýän Garaşsyzlyk binasy ata Watanymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gazanýan üstünliklerini, ýetýän belent sepgitlerini alamatlandyrýar.
Ata-babalarymyzyň garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw isleglerini, hem-de nurana geljegimize bolan ynamyny özündejemleýän beýik baýramçylygyň — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň aýdyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasy beýik maksatlarymyzyň myrat tapýandygyny aňladyp, türkmen paýtagtynyň görkana keşbine gözellik goşýar. Bu ajaýyp binanyň durky şanly baýramymyzy has-da dabaralandyryp, buýsanjymyza buýsanç goşýar.
Her bir güni ýokary üstünliklere beslenýän döwrümizde «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelge ýurdumyzyň baş şygarydyr. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň tagallalary bilen gurulýan binalar, desgalar ynsan durmuşyny bagtyýarlyga we eşrete beslemäge niýetlenendir. Bu il-ýurt bähbitli işler milli Liderimiziň öz halkynyň arzuw-islegini, bähbitlerini hemme zatdan ileri tutýandygyny görkezýär.
Ýurdumyzda paýtagtymyz bilen birlikde Arkadag şäherinde, welaýat merkezlerinde, etraplarda gurulýan binalardyr desgalar hem häzirki döwürde Watanymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Merkezi Aziýanyň dürdänesi diýen belent ada mynasyp bolan paýtagtymyz Aşgabat bolsa bu günki gün görlüp-eşidilmedik derejede özgerdi. Onuň ajaýyp binalary milli binagärlik keşbi bilen Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda orun aldy.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolmak bilen, halkara giňişliginde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler gazandy. Häzirki döwürde «Açyk gapylar» syýasatyna eýerýän Garaşsyz Türkmenistan dünýä döwletleri bilen halkara gatnaşyklary alyp barmak bilen gün-günden pugtalandyrýar.
Milli Garaşsyzlygymyz — bagtyýarlygymyzyň gözbaşy, ruhy dünýämiziň goşa ganaty. Bu günki gün Garaşsyzlygyň beren eşretine guwanyp, buýsanyp, bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyz üçin mukaddes Watanyň, eziz Arkadagymyzyň ady dillerde sena bolup ýaňlanýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ösüşiň türkmen nusgasyny ýörelge edinen merdana milletimiz döwrüň peşgeş beren ajaýyplyklarynyň şaýady bolýar. Ynsanperwer ýüregi «Watanym, halkym – bagtym!» diýip urýan Milli Liderimiziň «Öňe, diňe öňe, jan Watanym, Türkmenistan!» şygaryny nusga edinip, geljegiň arzyly sepgitlerine gadam basýar.
Bitaraplyk derejesi halkymyza ýeňişlere beslenen şöhratly we aýdyň ýoly açyp berdi. Halkymyz üçin bu bagtly ýoluň açylmagynyň gözbaşy döwletimiziň Garaşsyzlyga eýe bolmagyndan başlanýar. Ine, bu gün bolsa ýurdumyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda şanly Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toýuny toýlaýar. Türkmen halkynyň dünýä ýüzünde ykrar edilmegini gazanan Garaşsyzlyk baýramymyz gutly bolsun!
Mundan 34 ýyl ozal dünýä inen Garaşsyz Watanym! Ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna ýol açyp, sen köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdiň. Seniň mizemezligiň halkyň jebisliginde jemlenýär. Indi sen üç onýyllyk bäri ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda... taryhy ösüşleri üpjün edip, ösüşli menziller bilen öňe barýaň. Goý, bu ýoluň asyrlara uzasyn! Otuz ýaşyň gutly bolsun, eziz Watanym!
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ata-babalarymyzyň yhlasy siňen keramatly topragymyzda agzybirlikde ýaşaýan halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramyny ýurt möçberli dabaralara besleýär. Goý, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny barha belende galdyrýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Aýna KULIÝEWA-HUDAÝKULIÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Pedagogika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.
Ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar
Ulag we aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annaýewiň hasabatynda bellenildi.
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3,8 göterime, gurluşykda 6,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,6 göterime, oba hojalygynda 1,2 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy.
Türkmenistanda Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni uzynlygy 546 kilometre deň boljak Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze ýol paýtagty ýurduň demirgazyk sebiti bilen birleşdirip, geljekde Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrüler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
"Hazar Logistik" we "Gebrüder Weiss" Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçiliklerine garadylar
Türkmenistanyň "Hazar Logistik" hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary bilen Awstriýanyň "Gebrüder Weiss GmbH" halkara ulag-logistika kompaniýasynyň wekilleri arasynda işewür duşuşyk geçirilip, taraplar halkara ýük daşamalaryny ösdürmekde Türkmenbaşy portunyň we Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerinden peýdalanmak meselelerine garadylar. Bu barada "Hazar Logistik" kompaniýasynyň sosial sahypasynda habar berilýär.
Türkmenistanda «akylly şäherler» boýunça hünärmenler taýýarlanylar
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi «akylly şäherler» ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen ýurtdaky we daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdepleri, ylmy guramalar hem-de kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlanýar. Bu barada Aşgabatda geçirilýän CIET 2026 halkara maslahatynda we sergisinde aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdiýew mälim etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.