Ylym ulgamynda dörediji ýaşlaryň orny
21-10-26
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde döwletimiz bedew bady bilen gülläp ösýär. Halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýaşlary müňýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil nesilleri kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwürde ýurdumyzda ýaş raýatlaryň aýratyn alada bilen gurşalyp alnandygyny bellemeli.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde milli ylmyň hem ösdürilýän ajaýyp zamanasyna öwrüldi. Bu döwürde türkmen ylmynyň has-da kämilleşdirilmegi, ylym ulgamyna sanly serişdeleriň işjeň ornaşdyrylmagy, ylmy barlaglaryň, gözlegleriň, taslamalaryň netijeli amala aşyrylmagy, türkmen alymlarynyň halkara giňişliginde uly gyzyklanma eýe bolýan ylmy işleriniň sanynyň artmagy, hususan-da, ýaş alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegi buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky aladalaryndan ugur alnyp, ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli, ýokary ahlakly, kämil, watançy ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda agzybir professor – mugallymlar tarapyndan yzygiderli işler alnyp barylýar
Her ýylda ýaş alymlaryň alyp baran ylmy işleriniň netijelerini ýüze çykarmak, jemgyýetçilik durmuşynda peýdalanmak, önümçilige ornaşdyrmak we olaryň yhlasly zähmetini höweslendirmek maksady bilen, ylmy işler boýunça bäsleşikleriň, ylmy taslamalaryň sergileriniň geçirilmegi hem uly ähmiýete eýedir. Munuň özi beýik akyldarlaryň, dünýä ady dolan alymlaryň, ylmyň hem ösen medeniýetiň ojagy bolan Watanymyzda ýaş alymlaryň täze nesliniň kämilleşýändigini, olaryň asylly maksatly, netijeli çözgütli işleriniň öňe ilerleýändigini, ylmy gadamlarynyň rowaçlanýandygyny alamatlandyrýar.
Gahryman Arkadagymyz parahatçylyk, döredijilik we ösüş ýoly bilen batly gadam urýan hem-de bu ýoly ajaýyp üstünlikler bilen dowam edýän Akadagly Gahryman Serdarymyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşiniň ilkinji nobatdaky wezipeleri baradaky maksatnamalaýyn çykyşynda bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, ruhubelent, maksada okgunly, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda has ýokary netijeleri gazanmak, kämil şahsyýetleri kemala getirmek wezipelerini goýdy. Şunda okuwçynyň şahsyýet bolup ýetişmegi, onuň ruhy we beden taýdan sagdyn bolmagy bilen baglanyşykly wezipeleri durmuşa geçirmekde umumy orta bilimiň ornuny ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenýär.
Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy taýdan uzak bolmadyk döwründe bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy, ony kämilleşdirmek, ýaşlara berilýän bilimiň hilini dünýä derejesine laýyk getirmek, döwrebap okuw kitaplaryny we gollanmalaryny neşir etmek, iň täze tehnologiýalary, okuw-tehniki enjamlary ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Diýarymyzyň bilim ojaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalardan peýdalanmak işi göwnejaý ýola goýuldy. Döwrebap okuw enjamlary bilen üpjün edilen bilim-terbiýeçilik edaralarynda ökde hünärmenleri taýýarlamak üçin ähli zerur şertler döredildi.
Ilatyň umumy bilim derejesiniň ösüşi, adamyň medeniýetine we hünär taýýarlygyna talaplaryň ösmegi, üznüksiz bilim ulgamynyň döremegi, umumy orta bilim almagyň möhletiniň uzalmagy, jemgyýetiň çalt depginler bilen ösmegi, täze tehnologiýalar, maglumatlar jemgyýetine geçilmegi, medeni gatnaşyklaryň göwrüminiň giňelmegi, jemgyýetiň demokratiýalaşmagy, bazar ykdysadyýetiniň ösmegi, adam mümkinçilikleriniň ornunyň ýokarlanmagy bilim ulgamynda düýpli özgerişleri alamatlandyrýan dünýä ösüşiniň esasy ýörelgeleridir. Şoňa laýyklykda, ösen ýurtlaryň bilim ulgamyndaky bilim bermegiň usulyýetini kämilleşdirmegiň ugurlaryny içgin öwrenip, bilimiň mazmunynyň has kämilleşen görnüşlerini işläp taýýarlamak meselesi ýüze çykdy. Ýurdumyzyň häzirki zaman geosyýasy, ykdysady we durmuş ýagdaýy, dünýä bilim giňişligine işjeň goşulyşmagy umumy orta bilimiň has-da kämilleşdirilmegini talap edýär. Bu bolsa mekdep biliminiň maksadynyň, gurluşynyň hem-de mazmunynyň, okatmagyň möhletiniň uzaldylmagynyň zerurdygyny görkezýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alan kanuny we hukuk binýady berk bolan milli ylmyň ösdürilmeginiň çäklerinde ýaş alymlaryň sanynyň artmagy, olaryň oýlap tapyşlarynyň, ylmy seljermeleriniň internet arkaly geçirilýän halkara bäsleşiklerinde netijeli görkezijilere eýe bolmagy bellenilmäge mynasypdyr. Ýaş alymlaryň halkara ylym giňişliginde mynasyp orunlaryny tapmaklary we dünýäniň ylmy jemgyýetçiligine işjeň goşulyşmaklary bolsa ylym bilen meşgullanýan ýaşlaryň höweslerini has-da artdyrýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ylym-bilimi ösdürmek bilen bagly alyp barýan döwletli syýasaty netijesinde talyplaryň, aspirantlaryň, ýaş alymlaryň we professor-mugallymlaryň toplumlaýyn ylmy barlaglaryny geçirmegi üçin ýokary okuw mekdepleriniň ýanynda sanly tehnologiýa we innowasiýa merkezlerini döretmäge, täze tejribehanalarda önümçilik synaglaryny geçirmäge ýokary ähmiýet berilýär. Şeýle-de, ylym-bilim we ýaşlar syýasaty boýunça kabul edilýän täze döwlet Maksatnamalarynda şunuň bilen bagly wezipeleriň wajypdygy bellenilýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2026 – 2031-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynyň» mysalynda hem görmek bolýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş alymlara ak ýollary açýan we beýik işleri bilen türkmen ylmyny dünýä derejesine çykarýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanjymyzy beýan edýäris. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Allaberdi ANNANUROW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
Halypa mugallymy: Arap GELDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň Mehanika-tehnologik fakultetiniň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.