Tutumly toýuň şöhraty
29-09-21
Ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda arzuwlap gelen Garaşsyzlygy bu günki gün türkmen halkyna miýesser etdi. 30 ýyl mundan ozal Garaşsyz döwlet hökmünde dünýäniň syýasy kartasynda orun alan Türkmenistan döwletimiz milli Liderimiziň baştutanlygynda dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak, arkalaşykly hereket etmek ýaly syýasatlaryny alyp barýar.
Mälim bolşy ýaly, 27-nji sentýabrda agzybir türkmen halkymyz berkarar Watanymyzyň baş baýramyny uludan toýlap geçdi. Bu toýuň tutumy, şatlyk-şowhuny ulus-ilimiziň baýramçylyk ruhuna ruh goşup, göwünlere ganat bekledi. Watanymyzyň şöhratly senesine bagyşlanyp, baýramçylyk günleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup ulanylmaga berlen önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalaryň açylyş dabaralary, dürli medeni-köpçülik çäreleri geçirildi.
Tutumy uludan tutulan bu toý-dabaralar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegine, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýän wakalara öwrülip, Watanymyzyň täze taryhyna ajaýyp sahypalar bolup ýazyldy. Döwlet Garaşsyzlygymyz halkymyzyň öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan maddy we ruhy gymmatlyklaryny, nesilden-nesle geçip gelýän beýik ynsanperwerlik däplerini gaýtaryp berdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetildi. Bitarap Türkmenistan dünýäde çalt depginler bilen ösýän döwletleriň hataryna goşuldy.
Eziz Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny arşa göteren hem-de jemgyýetimizi beýik maksatlaryň töweregine birleşdiren başga-da ençeme giň gerimli işler amala aşyryldy. Geçen 30 ýylyň içinde Prezident maksatnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde täze-täze obadyr şäherçeler döredi. Müňlerçe önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalardyr desgalar işe girizildi, ähli amatlylyklary bolan ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Iň çetki obadyr şäherlerimizde häzirki döwrüň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar, dynç alyş we sagaldyş merkezleri gurlup ulanylmaga berildi. Bu gysga döwürde ýurdumyzda azyk garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün edildi, kämil döwlet dolandyryş edaralary döredildi.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen Gahryman Arkadagymyzy, mähriban türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys! Türkmen halkyny bagta ýetirip, bagtyýar durmuşda ýaşadýan, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginde bimöçber aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Tähran MUHADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.