TARYHY ÜSTÜNLIKLERIŇ AÝDYŇ BEÝANY
29-09-21
Ata Watanymyzyň özygtyýarly we özbaşdak ösüş ýoluna gadam basmagy mähriban halkymyz üçin ägirt uly ähmiýeti bolan taryhy waka hem-de dünýä bileleşigine täsir eden ýagdaý bolup durýar. Şoňa görä-de, 30 ýyl mundan ozal türkmen halkynyň öz garaşsyz döwletini döretmek barada asyrlaryň dowamynda edip gelen mukaddes arzuw-islegleriniň hasyl bolandygyny, ýurdumyzyň taryhynda täze zamanyň başlanandygyny doly esas bilen aýdyp bolar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň aň-düşünjesinde, medeni we ruhy durmuşynda bolup geçen ägirt uly özgerişler dogrusynda giňişleýin söhbet edýän hormatly Prezidentimiz täze kitabynyň şanly toýuň toýlanylýan günlerinde, Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiz nobatdaky kitabyny ýazyp gutarandygyny hem-de ony «Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýip atlandyrandygyny aýtdy.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk hiç zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünjedir, döwletimiziň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasydyr. Garaşsyzlyk baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň giň gerimli özgertmelerini, agzybir we bitewi türkmen halkynyň dörediji ruhuny özünde jemleýän milli baýramymyzdyr.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýokarda aýdanlarymyň ählisini, Garaşsyzlygymyzyň milli köklerini, taryhy ähmiýetini men şu kitabymda açyp görkezmäge çalyşdym. Häzirki döwrüň örän möhüm wezipelerini çözmekde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýynyň ornuny beýan etmäge synanyşdym.
Kitapda dünýäniň ähli ýurtlaryny birleşdirmäge gönükdirilen belent maksatlary mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçilikleri hemmetaraplaýyn seljerildi. Bu kitap parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň üýtgewsiz ähmiýetini okyjylara açyp görkezýär. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze eseriň gyzykly hem-de peýdaly, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýine sowgat boljakdygyna ynam bildirdi.
Bilşimiz ýaly, şu ýyllarda döwletimiziň azyk garaşsyzlygy we howpsuzlygy üpjün edildi. Döwrüň wezipelerine laýyk gelýän döwlet häkimiýet hem-de dolandyryş edaralary döredildi. Döwlet garaşsyzlygy bize sözüň doly manysynda milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge mümkinçilik berdi. Bu gymmatlyklar müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýar hem-de merdana halkymyzyň milli duýgularyny we arassa arzuw-isleglerini beýan edip, nesilden-nesle geçip gelýän belent ynsanperwerlik däpleriniň esasy bolup durýar.
Garaşsyzlyk ýolunda geçilen her bir ýyl özboluşly şan-şöhratly we taryhy ähmiýetli syýasy, ykdysady we medeni wakalara baý boldy. Bu wakalar ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine tarap yzygiderli öňe barýandygyny, halkara abraýynyň gyşarnyksyz ýokarlanýandygyny, alyp barýan daşary we içeri syýasatymyzyň dünýä bileleşigi tarapyndan doly goldanylýandygyny aýdyň görkezdi.
Bu kitap köňüllere ganat, ýüreklere buýsanç berýär. Ony okan her bir türkmenistanly döwrüň bagtyýarlygyna Garaşsyzlygymyzyň gadamlary astynda amal edilýän il bähbitli işleriň hormatly Prezidentimiziň ýiti galamynda aýdyň beýan tapýandygyna aňryýany bilen düşüner.
Milli Liderimiziň şeýle ajaýyp hem gymmatly kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny, hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň mundan-da belent bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Maýa GURBANGELDIÝEWA,
M.Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Umumy himiýa kafedrasynyň mugallym öwrenijisi.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.