SANLY MÜMKINÇiLIKLERIŇ KANUNY BINÝADY BERKEÝÄR

21-02-26

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwrebap ösüşleri gazanmak, innowasion ykdysadyýeti kemala getirmek, ähli ulgamlary sanlylaşdyrmak, sanly ykdysadyýetiň täze gadamlaryny durmuşa ornaşdyrmak ykjam kompýuter aragatnaşygyny ýola goýmak babatda maksatnamalaýyn işler üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi innowasiýa ösüş ýoluna geçirmek işini çaltlandyrmaga, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary, sanly ulgamy, elektron resminamalar dolanyşygyny giňden ornaşdyrmaga ýardam berýär. Munuň özi innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge döwlet derejesinde aýratyn üns berilýändigini aňladýar.

Şu nukdaýnazaryndan, ýurdumyzda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi üçin köp möçberde maýa goýumlary gönükdirilýär, bu ugurda kanunçylyk binýat hem kämilleşdirilýär. «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Elektron resminama hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Ylmy edaralar hakynda», «Ylmy intellektual eýeçilik hakynda», «Ylmy işgäriň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň kanunlary kabul edildi. «Türkmenistanda ylmy-barlaglaryň we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy», «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» hem-de «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna «Sanly Türkmenistan» atly täze döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamagy biziň ýokarky sanap geçen Döwlet maksatnamalarymyzyň esasy bolmak bilen sanly mümkinçlikleriň kanuny binýadynyň berkeýändigini aýdyň görkezýär. Bu döwlet maksatnamasy ykdysadyýetiň ylmy gazanylanlary köp talap edýän pudaklarynda ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyny, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilikde ulanmagyň çaltlandyrylmagyny, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna doly geçmäge ýardam etmekligi göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzda telelukmançylyk, kompýuter hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly uzak aralykdan maslahat we bilim bermek ýaly goşmaça elektron hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň hasabyna sanly düzümleri ösdürmeklik hem meýilleşdirilýär. Bu işleri durmuşa geçirmek babatynda Türkmenistanda ähli amatly mümkinçilikler döredilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda döwlet dolandyryş edaralarynyň işini sanlylaşdyrmak we "Elektron hökümet" ulgamyny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurda iň wajyp ädimleriň biri hem raýatlaryň hukuk maglumatlaryna elýeterliligini üpjün etmekdir. Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň resmi web-saýty bolan minjust.gov.tm bu wezipäni amala aşyrmakda esasy sanly platforma bolup hyzmat edýär. Bu saýt diňe bir maglumat çeşmesi bolman, eýsem, döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarýan döwrebap guraldyr. Saýt türkmen, rus we iňlis dillerinde hereket edip, ýurdumyzyň kanunçylygy, hukuk özgertmeleri we ministrligiň alyp barýan işleri baradaky maglumatlaryň halkara jemgyýetçiligine ýetirilmeginde möhüm orun tutýar. Ulanyjy üçin amatly görnüşi we düşnükli gurluşy bolan bu platforma, hukuk meseleleri bilen gyzyklanýan her bir raýat üçin “hukuk maslahatçysy” bolup durýar.

Saýtda maglumatlar birnäçe esasy bölümlere bölünip, olar ulanyjylara gerek bolan maglumatlary çalt tapmaga mümkinçilik berýär. Bu bölümlerde esasan, edaranyň taryhy, wezipeleri, hukuk binýady we ýolbaşçy düzümi barada giňişleýin maglumatlar, ministrligiň gündelik durmuşynda bolup geçýän täzelikler, maslahatlar we hukuk bäsleşikleri baradaky maglumatlar yzygiderli täzelenip durýar. Şeýle hem, bu ýerde Türkmenistanyň kanunlarynyň, Hormatly Prezidentimiziň permanlarynyň we kararlarynyň sanly nusgalaryna elýeterlilik üpjün edilýär. Döwlet hyzmatlary barada gürrüň edilende raýatlar saýtyň üsti bilen dürli hukuk hyzmatlary, şol sanda notarial amallary, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy we beýleki meseleler boýunça zerur bolan resminamalaryň sanawy bilen tanyşyp bilerler. Şol bir wagtda degişli taraplara saýtyň üsti bilen edara görnüşli taraplaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin talap edilýän şertler we hukuk tertibi barada giňişleýin düşündirişler berilýär.

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Güljahan HOJAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Kazyýet lukmançylygy we hukuk kafedrasynyň mugallymy.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.