Magtymguly – beýik söz ussady

05-05-25

Halkymyzyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragy özüniň baý mazmunly hem-de köptaraply döredijilik mirasy bilen tutuş ömrüni halkyna bagyşlan beýik şahsyýetdir. Ol şahyrana şygyrlary bilen Gündogaryň jemgyýetçilik-syýasy we edebi-ruhy pikirlenmelerine güýçli täsir eden dünýä edebiýatynyň görnükli söz ussadydyr. Türkmen halkynyň kalbynda we aňynda baky ýaşaýan beýik şahyryň dana goşgulary bu günki gün dünýä ynsanlarynyň dilinde barha belentden ýaňlanyp, gadyry günsaýyn artýar. Beýik akyldaryň ýürekden ýürege barýan, häzirki zamanyň adamlarynyň oý-pikirlerine we dünýägaraýyşlaryna laýyk gelýän, adamzadyň ýagşy duýgularyny oýaryp, akyl ummanyna ugrukdyrýan müdimi ideýalara bagyşlanan şygryýet çemeni dünýä möçberindäki ruhy medeniýetiň gymmatlyklaryna goşuldy. Öňdengörüji dana Pyragy Gündogaryň hem-de ýurdumyzyň döredijilik wekilleriniň ruhy halypasy bolup, onuň paýhas dürdänesi, mähire we söýgä ýugrulan şygyrlary hemmeleriň nusgalyk mekdebine öwrülýär.

Ussat pederi, beýik halypasy Döwletmämmet Azadynyň: «Baýlyklaryň baýlygy — parasat, miraslaryň iň gymmatlysy edep-terbiýe, gedaýlygyň gedaýlygy — nadanlyk» diýen öwüt-nesihatlaryna eýeren hem-de pikirlerini dowam etdiren Magtymguly döwletlilik hakyndaky pikirleri, adamzat bähbitli oýlanmalary, öz zamanasynyň ruhy-ahlak gatnaşyklaryny çeperçilikli özleşdirip, ýaşan döwrüne we geljege hakyky watançylyk gözi bilen garapdyr. Onuň durmuşynyň many-mazmunynda, baş maksadynda we döredijilik zehininiň özeninde ata Watan we onuň asudalygy, milli döwletlilik we onuň özygtyýarlylygy, ynsan we onuň terbiýesi baradaky aladalar esasy orun tutupdyr. Ol özüniň öňe süren gymmatly syýasy-jemgyýetçilik, filosofik, ynsanperwerlik, edep-ahlak garaýyşlarynda ynsan beýikligini, onuň häsiýetiniň aýratynlyklaryny, daş-töweregini gurşap alan jemgyýet bilen baglanyşygyny gaýtalanmajak goşgy setirleriň üsti bilen dogruçyl açyp görkezipdir. Watançy şahyr erkin jemgyýetiň, adalatly döwletiň bar ýerinde adama mahsus ynsanperwerligiň, deňhukuklylygyň, agzybirligiň, birek-birege sylag-hormatyň, ähli ýagşylyklaryň, päkize duýgularyň we ahlak kadalarynyň höküm sürjekdigini, bagtyýarlygyň mümkin boljakdygyny ündäpdir.

Tanymal halypalarynyň biri bolan Durdy şahyr: «Meniňkini ýel alar, sil alar, seniňkini — il alar» diýip, Magtymgulynyň beýikligine ilkinjileriň biri bolup göz ýetiripdir. Durdy şahyryň aýdyşy ýaly, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary il-günüň, halk köpçüliginiň köňlüniň töründen orun alýar. Onuň şygyrlaryndaky watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, lebzihalallyk, raýdaşlyk, rehimlilik, mertlik-gahrymançylyk ýaly ýörelgeler ynsanyň ahlak sypatlaryna ornaşýar. Parasatly nesihatlary asyrlaryň dowamynda adamlaryň jemgyýetde özüni alyp barşyny düzgünleşdirip, kalplarynda nepis duýgulary oýaryp, abadan ýaşaýşa ruhlandyrýar. Türkmeniň pähim-parasatly, paýhasly halkdygyny dünýä tanadan beýik Pyragynyň nesilden-nesle, dilden-dile geçip, täsirliligi barha güýçlenýän şygyrlarynyň ynsan köňüllerine saçýan şuglasy has-da şöhlelenýär. Şoňa görä-de, dünýä edebiýatynyň ägirtleriniň hataryna giren dana şahyrymyzyň eserleri dürli daşary ýurt dillerine terjime edilip, höwes bilen okalýar. Magtymguly atamyzyň şahyrana dünýäsi milli terbiýeçilik mekdebiniň egsilmez gory bolup gelýär we şeýle bolmagynda-da galýar.

Watançylyk we erkinlik, ynsan mertebesi we haýyr-sahawatlylyk, ata-ene we perzent mähiri, maşgala we durmuş gatnaşyklary, tebigat gözelligi we söýgi tämizligi baradaky milli garaýyşlary ýörelgeleýin hazyna öwrülen akyldar şahyryň döredijiligi häzirki zaman jemgyýetiniň hem-de geljekki nesilleriň ruhy taýdan sagdynlaşmagyny, ahlak taýdan kämilleşmegini gazanmagyň gymmatly çeşmesi bolup durýar. Halkymyzyň ruhy hemaýatkäri hökmünde her bir türkmeniň kalp töründen orun alan dana şahyryň pähim-parasada, akyl-paýhasa ýugrulan şygyrlary ýaşuly nesliň ruhy buýsanjy, ýaşlaryň durmuş gözýetimini giňeltmeginiň deňsiz-taýsyz gollanmasy bolup hyzmat edýär. Merdana, zähmetsöýer halkymyzyň kalbynda aýdyň geljege ynam döredip, ruhy güýç-kuwwat paýlaýar. Dünýä türkmenleriniň ýüreklerinde ata Watana, ene topraga bolan çäksiz söýginiň nyşany, köňül nagşy bolup ýaşaýar. Ýer ýüzüniň millionlarça ynsanlarynyň ýüreklerini birleşdirip, birnäçe halklarynyň medeniýetlerini ýakynlaşdyryp, tutuş adamzady ynsanperwerlige, parahatçylyga we ynanyşmaga çagyrýar.

Dana şahyr çuňňur manyly oý-pikirlerinde öz döwrüniň jemgyýetçilik gurluşyny suratlandyrmak bilen, Watanyň mukaddesligini, adamlaryň birek-birege goldaw berip, agzybirlikde ýaşamagyny wagyz edipdir. Özüniň giň dünýägaraýyşly eserlerinde adamlaryň häsiýetindäki ýagşylyklaryny taryplap, nogsanlyklaryny, ýakymsyz endiklerini aç-açan ýazgarypdyr. Muňa şahyryň «Söwüş bile» goşgusynyň: «Mert ýigitler geçer serden, // Al meýdanda döwüş bile», «Meýdan ýoluksa» goşgusynyň: «Mert çykar myhmana güler ýüz bile, // Namart özün gizlär myhman ýoluksa» diýen ýaly setirlerini okanyňda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Beýik akyldar dana jümlelerinde merdana gerçekleriň gahrymançylygyny öňe çykaryp, nusgalyk keşbini döredip, her bir ynsanyň öz ykbalyny Watanyň, halkyň bähbidi bilen baglamalydygyny, il-günüňe päk ýürekden hyzmat etmelidigini wesýet edýär. Türkmeniň asyl häsiýetine mahsus myhmansöýerligini ynsanyň mertlik derejesine, sahylygyny ahlak bezegine göterýär, myhmany gadyrly garşylaýan, oňa ak ýürek bilen gol uzadýan adamlaryň abraýly, rysgal-bereketli şahsyýetler hökmünde tanalýandygyny ündeýär, myhmansöýmezekligi bolsa, gysyklyga we namartlyga deňeýär. Şonuň ýaly-da, akyldar şahyr türkmeni bir agza bakmaklyga, berkarar döwleti, adalatly jemgyýeti bina edip, öz ykbalynyň eýesi bolmaklyga çagyrypdyr.

Magtymguly Pyragynyň külli türkmeniň köňül küýsegini siňdiren: «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, // Göteriler ol ykbaly türkmeniň», «Hor galmasyn puştdan-puşdum, // Berkarar döwlet islärin» diýen umytly arzuwlary 1991-nji ýylda döwletimiziň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen hasyl boldy. Türkmen halkynyň ruhy ganaty Magtymguly şahyryň şygyrlar diwanynda beýan eden döwlet berkararlygy Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy prezident görnüşinde amala aşyrylýar» diýilýän kadalarda berkidildi. Il-ýurdy üçin ýokary jogapkärçilik duýgusy bilen ýaşan, ynsan mertebesine içgin çemeleşen we ony çuňňur hormatlap, ýokary derejä göteren ynsanperwer şahyryň watandaşlarynyň we döwürdeşleriniň abadan durmuşda ýaşamaklary ugrundaky tagallalary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýilýän hem-de adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýän kadalarynda şöhlelendi. Magtymguly atamyzyň bütin türkmen halkynyň we jemgyýetiniň geljegi baradaky şahsy garaýyşlary hem-de durmuş aladalary Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň özenini düzdi. Ady äleme dolan nusgawy şahyrymyzyň parahat durmuş, oňşukly ýaşaýyş, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, dostlukly gatnaşyk, haýyr-sahawatlylyk hakyndaky öwüt-nesihatlary BMG tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmeginde we onuň alyp barýan ynsanperwer içeri we daşary syýasatynda öz beýanyny tapdy.

Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň baştutanlygynda, halk agzybirliginde dana Magtymgulynyň abraý-mertebesi has belende galýar, onuň goşgularynyň köpüsi halk aýdymlary bolup ýaňlanýar. Goşgy setirlerinden gözbaş alýan akaba adamlaryň durmuşyna ornaşan ganatly sözlere we nakyllara öwrülýär. Türkmen halky, ady arşa göterilen Pyragynyň arzuwlan eýýamynda, onuň geçmiş bilen häzirki döwri baglanyşdyrýan, geljege şugla saçýan akyl akabasyndan galkynyp, bagtyýarlyk zamanynda azat-erkana ýaşaýar, parasatly sargytlaryna eýerip, päk yhlasy, kalp joşguny we zehin ylhamy bilen okaýar, döredýär, gurýar.

Beýik akyldaryň hemişelik adalatlylyk, belent adamkärçilik, päklik, halallyk ýaly ýörelgeleýin ýoly bilen öňe barýar. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligine çuň sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen Magtymguly atamyzyň şygyrlary älem-jahana ýaýylyp, dünýä halklaryny mähribanlaşdyrýar, dostlaşdyrýar, doganlaşdyrýar!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.