Päk arzuwlar – ýaş kalplaryň hemrasy
05-05-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlarymyzyň bilim almagy, hünär edinmegi, zähmet çekmegi, dynç almagy, beden we ruhy taýdan ösmegi üçin ähli şertler döredilendir. Ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdigini, üstünlikleriň binýadydygyny nygtaýan hormatly Prezidentimiz milli ylym we bilim ulgamyny kämilleşdirmek, hususan-da ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmek babatdaky meseleleri elmydama üns merkezinde saklap gelýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine kabul edilýän ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar.
Ýokary okuw mekdeplerimizde okuwyň öňdebaryjy we döwrebap usullarynyň ornaşdyrylmagy, ders otaglarynyň häzirkizaman tehniki serişdeler we kompýuter enjamlary bilen üpjün edilmegi, okatmagyň interaktiw usulynyň, multimediýa ýaly täzeçil ýollarynyň girizilmegi biziň ýurdumyzda ylym öwrenýän ýaş nesliň tebigy zehininiň taplanmagy üçin ähli şertler üpjün edilýändiginiň alamatydyr. Türkmenistanly ýigitleriň we gyzlaryň müňlerçesi daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bolýarlar. Bu bolsa ylmyň we hünäriň dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejelerini özleşdirmäge, adamzadyň iň häzirkizaman medeni gymmatlyklary ele almaga höwesek ýaşlarymyzyň kalbynda geljege ynam we ruhubelentlik döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet ulgamynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary bilen soňky döwürde geçiren duşuşyklarynda eden çykyşlarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde döwletimiziň ýaşlar syýasatyna has netijeli goşant goşmaga, hususanam ýaşlarymyza döwrebap ylym-bilim bermek, olary telekeçilik pudagyna giňden çekmek, ýaşlary sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine höweslendirmek, olaryň kalbynda watançylyk duýgularyny terbiýelemek ýaly wezipeleri goýdy. Çünki ýurdumyzyň geljekdäki tutuş ykbaly, Garaşsyz Watanymyzyň hemişe rowaçlyk içinde gülläp ösmegi, uzak möhletleýin maksatlarymyzyň amala aşmagy ylym-bilimli, sagdyn, döwrebap, watançy ýaşlara baglydyr. Bu – ýaşlaryň giň köpçüliginiň ýurdumyzda giň ýaýbaňlanýan telekeçilik işine goşulmagydyr. Bu – ýaş alymlaryň, inženerleriň, tehnologlaryň we hünärmenleriň dünýä derejesinde ylym-bilime eýe bolup, ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ykdysadyýet ulgamyna geçirmek işini çaltlandyrmaga ýardam bermegidir. Bu – ýaş türgenlerimiziň, ylym, edebiýat we sungat işgärlerimiziň täze nesliniň öz yhasy we gujury bilen ýurdumyzy dünýä tanadyp, ýaşyl Tugumyzyň mertebesini hasam belende götermegidir.
Ýurdumyzyň ýakyn geljek taryhynda hormatly Prezidentimiziň maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde ýaşlarymyza ägirt uly işler garaşýar. Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň elmydama ündew edişi ýaly, XXI asyrda bize giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik durmuşynyň ýeten derejelerinden habarly ökde hünärmenler, ösen şahsyýetler zerur.
Öz yhlasy we ynam-hünär kämilligi bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şeýle ynama we hoşallyga ýugrulan sözlerine mynasyp bolmak – türkmen ýaşlary üçin iň ýokary buýsançdyr. Bu türkmen ýaşlarynyň hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil baradaky, olaryň döwrebap bilim derejesi baradaky atalyk aladasyna jogabydyr. Aýratynam ata-babalarymyzdan gelýän halallyk, edeplilik, maşgala ojagyna wepalylyk ýaly arassa ahlak sypatlary biziň ýaşlarymyza mahsus aýrylmaz gymmatlyklar bolmalydyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýaşlar syýasatynda anyk wezipeleri öňde goýmagy bilen baglylykda jemgyýetçilik guramalary hökmünde üstümizdäki ýyl üçin çärelerimiziň meýilnamasyny hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda ýaşlar bilen geçiriljek medeni-köpçülik, wagyz-ündew, sport-bedenterbiýe çäreleriniň hasabyna hasam baýlaşdyrmak bilen, ýaşlar bilen işimizi has täsirli guramaga çalyşýarys. Ýaş ýigitleriň we gyzlaryň kalbynda watançylyk duýgularyny terbiýelemek, şeýle hem olara mukaddes maşgala gymmatlyklaryny, sagdyn ýaşaýyş-durmuş ýörelgesini öwüt-ündew etmek meselelerinde, jemgyýetçilik guramalarynyň tagallaryny birleşdirip, işlerimizi utgaşykly alyp barýarys.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent maksatlary hasyl bolup, berkarar ýurdumyz bagtyýar raýatlaryň, sagdyn we ruhubelent nesilleriň Diýaryna öwrülsin! Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyñ uly mugallymy.
BILIM ULGAMY ÖSDÜRILÝÄR
Mälim bolşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, ylym-bilim ulgamy hem ösüşlerden-ösüşlere, öňe gidişliklere beslenýär.Ýaş neslimiziň beden we ruhy taýdan has kämil bolmagy üçin köp işler amala aşyrylýar.
Watanymyzyň rowaçlygynyň we ählumumy abadançylygyň bähbidine strategik hyzmatdaşlyk
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna iş sapary tamamlandy
22-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ýokary derejeli resmi däl duşuşygyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşygy
19-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanä we ýurduň ähli halkyna Katar Döwletiniň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.