Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ählumumy alada
12-09-24
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge giň ýol açýar. Ýurdumyzyň ulag diplomatiýasy halkara hyzmatdaşlygyny, durnukly ösüşi, umumy howpsuzlygy, parahatçylygy pugtalandyrmakda dünýä derejesinde uly goldawa mynasyp bolýar.
Häzirki döwürde awtomobil ulag serişdesi hökmünde durmuşymyza giňden ornaşdy. Şol bir wagtyň özünde bu ulgamyň ekologiýa we hereket howpsuzlygy babatda döredýän täsirini azaltmak meselesi çuňňur oýlanyşykly hereket etmegi talap edilýär. Hususan-da ekologiýa we hereketiň howpsuzlygyny üpjün etmek wezipesi köp sanly meseleler bilen baglanyşyklydyr. Olardan esasylary: ýol hereketine gatnaşýan awtomobilleriň we beýleki ulag serişdeleriniň gurluş durkunyň we tehniki ýagdaýynyň howpsuzlyk we ykdysady taýdan bähbitlilik talaplaryna laýyk gelmegi; ýol şertleriniň kämilligi; ýol hereketini ösen ylmy-tehniki esaslarda gurap, eglenmeleriň we dykynlaryň döremeginiň öňüniň alynmagy; ekologiýa taýdan arassa energiýa serişdelerinden peýdalanylmagy; ähli ýol hereketine gatnaşyjylarda sowatlylyk, medeniýetlilik we kanuny talaplara sarpa goýmaklyk endikleriniň döredilmegi ýaly meselelerden ybaratdyr.
Ýol hereketiniň howpsuzlygy dünýäde özboluşly alada talap edýän we howsala döredýän ählumumy meselä öwrüldi. Bu meseläni çözmek boýunça ençeme institutlar, guramalar, komissiýalar, konstruktorlar, alymlar we hünärmenler tarapyndan degişli işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyna hem aýratyn üns berilýär. Ýol hereketi ulgamy — sürüjiniň, ýol şertleriniň, ulag we pyýada akymlarynyň, daşky gurşawyň özara baglanyşykly hereket edýän çylşyrymly ulgamydyr. Ýurdumyzda awtomobilleriň sany ýylsaýyn artýar. Her ýylda müňlerçe dürli kysymly ýük awtomobilleri, ýeňil awtomobiller, awtobuslar, ýörite we ýöriteleşdirilen awtomobiller peýda bolýar. Şäherdir obalarda ýol-ulag infrastrukturasyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak babatda taýsyz tagallalar edilýär.
Türkmenistanyň çäginde ýol işleri, awtomobil ulagynyň işi we ýol hereketiniň howpsuzlygynyň hukuk esasyny kesgitlemek bilen baglanyşykly ýurdumyzda ençeme kadalaşdyryjy hukuk namalary we Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagy, şeýle hem ýol işleriniň amala aşyrylmagy we awtomobil ulagynyň işi bilen baglanyşykly «Awtomobil ulagy hakyndaky» we «Awtomobil ýollary we ýol işi hakyndaky», «Ulag howpsuzlygy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga we olary düýpli azaltmaga gönükdirilen çäreleriň yzygiderli geçirip durulmagy netijesinde, Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygy babatda ählumumy hepdelikleri we biraýlyklary geçirip durmaklyk däbe öwrüldi. Her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär.
Üstümizdäki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz boýunça geçirilen bu biraýlygyň çäginde ýol hereketiniň kadalary boýunça okuw sapaklaryny geçirmek, öňüni alyş we wagyz-nesihat işlerini guramak, ýol hereketiniň ýaş gözegçileriniň bäsleşiklerini geçirmek, tele-radioýaýlymlarda, metbugatda degişli maglumatlary yzygiderli bermek boýunça işler üstünlikli amala aşyryldy.
Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, bilim edaralarynda hem ýörite biraýlygyň dowamynda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesine aýratyn üns berildi. Bu iş halkymyz üçin eşretli durmuşyň hözirini görmäge zerur şertleri döreder.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çärelere işjeň gatnaşmak biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Ýoluňyz ak bolsun, eziz watandaşlar!
Eset ÖWÜLÝAKULYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.
SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR
Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar.
BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.