BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGY DABARALANÝAR
07-05-25
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzyň döwlet ekologiýa syýasaty dürli ugurlar boýunça ösmegini we kämilleşmegini dowam edýär. Tebigaty goramagyň we tebigatdan peýdalanmagyň netijeliligini üpjün etmek üçin halk hojalygynyň pudaklarynyň arasyndaky sazlaşygy gazanmak, ykdysadyýeti ekologiýa taýdan howpsuz ösdürmek, döwletiň ekologiýa syýasatyny ylmy-amaly taýdan esaslandyrmak, ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigaty goramakda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça uly üstünlikler gazanylýar.
Häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orun eýeleýän Türkmenistan degişli ugurda umumy tagallalara önjeýli goşant goşup, dürli ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda çykyş edýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň dürli düzümlerinde, komissiýalarynda we maksatnamalarynda alyp barýan işleri aýdyň şaýatlyk edýär. Şol edaralar bilen bilelikde häzir birnäçe taslamalar we maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy.
Döwletimiziň içeri syýasatda ýöredýän ekologiýa ýörelgeleri daşary syýasat meselelerinde-de özüniň aýdyň beýanyny tapýar. Milli Liderimiz halkara maslahatlarynda we forumlarynda edýän çykyşlarynda Türkmenistanyň ýöredýän ekologiýa syýasatynyň many-mazmunyny doly beýan edýär we bu babatda umumadamzat bähbitli başlangyçlaryň ençemesini öňe sürýär. Muňa mysal hökmünde hormatly Prezidentimiziň “Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasy” hakynda Karara gol çekmegini, Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Rio-de-Žaneýro şäherinde BMG-niň durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda döwletimiziň ýöredýän ekologiýa syýasatyny, daşky gurşawy goramak ugrunda ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreleri we olaryň halkyň hem-de sebitiň ykbalyndaky ähmiýetini halkara jemgyýetçiligine aýan etmegini aýtmak bolar.
Hormatly Prezidentimiz umumadamzat bähbitli bu çykyşlarynda Türkmenistanyň durnukly ösüş boýunça ylalaşyklaryň ýerine ýetirilmegine pugta ygrarlydygyny tassyklady. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen eziz Diýarymyzda ekologiýa meseleleri bilen baglanyşykly diňe bir ýurt ähmiýetli däl, eýsem, sebit we dünýä ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Gözel tebigatymyzy gözüň göreji deýin goralyň» diýen pähimli sözlerinden ugur alyp, tebigatymyzy goramak biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Ýurdumyzda ýöredilýän ekologiýa syýasaty, tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýar. Ekologiýa syýasatyny üstünlikli amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.