Garaşsyzlyk — synmaz tagtymyz

28-09-25

Garaşsyzlyk geçmişde halkymyzyň toplan baý medeni mirasyny we durmuş tejribesini jemgyýete gaýtaryp getirdi. Ata-babalarymyzyň nesillere galdyran baý medeni mirasynyň, giň dünýägaraýşynyň, paýhasly ýol-ýörelgeleriniň hakyky mirasyna eýe bolduk. Garaşsyz türkmen döwletiniň her bir raýaty bu adamkärçilikli ýörelgelerdir paýhas gorlarynyň dürdänelerini häzirki zaman jemgyýetinde gymmatlyk hökmünde nusga edinip aldy. Garaşsyz döwlete eýe bolandan soň halkymyz dünýä döwletleri bilen aýakdaş gitmäge, öz maddy hem ruhy gymmatlyklaryny halkyň bähbidine ulanmaga başlady.

Türkmen jemgyýetiniň aňyýeti-de, döwletimiziň ähli ugurlaryndaky görkezijileri-de hil taýdan täze derejä çykdy. Ýurdumyz syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda görlüp-eşidilmedik ösüşlere beslendi. Dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli gatnaşyklaryň amala aşyrylmagy bolsa, Türkmenistan Diýarymyzy işewürligiň, dost-doganlygyň ilerleýän ýurduna öwürdi. Garaşsyzlygyň datly miweleri hakyndaky söhbetler bu günki gün halkymyzyň aýdyň ertirlere bolan mizemez ynanjyny has-da berkidýär. Türkmen halky Garaşsyzlyga eýe bolandan soň, milli ýörelgelerine aýak diräp, häzirki zaman jemgyýetinde saldamly işleri nazarlaýan täze dünýägaraýşa, täze bir aňyýete eýe boldy. Milli gymmatlyklardan ugur alýan Türkmenistan döwletimizde jemgyýetiň durmuşynda bolup geçen ähli özgerişler milletiň, umumadamzadyň bähbidine gönükdirilendigi bilen dünýä doldy. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bütindünýä ähmiýetli beýik işleri bu günki gün dünýäniň abraýly halkara guramalary tarapyndan gyzgyn goldaw tapýar.

Milli Liderimiziň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň sebit, halkara derejesindäki ählumumy abadançylygy, parahatçylygy üpjün etmeklige gönükdirilen beýik başlangyçlarynyň barha rowaçlyklara beslenýändigine älem-jahan şaýatdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda owazasy dünýä dolan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň ykbalyny göterdi, Watanymyzy ähli ugurlarda okgunly ösüşi bilen täze belentliklere ýetirdi. Bu gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen atalaryň arzuwlary hasyl bolýar. Eziz Diýarymyzyň mukaddes ýaşyl Tugy türkmen döwletiniň baky berkararlygynyň, abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň nyşany hökmünde dünýäniň ýüzünde buýsançly parlaýar.

Garaşsyzlyk türkmen halkynyň köňül küýsegi bolsa, hemişelik Bitaraplyk Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä ýaýylan taglymatydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda şol taglymat täzeçe many-mazmuna eýe boldy. Onuň özeninde türkmen halkynyň asyl köklerinden syzylyp çykýan hoşniýetlilik, goňşa hormat, dost-doganlyk, ýakyn hem alys ýurtlara sarpa, esasan-da, häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda syýasaty ykdysadyýete, umumadamzat ösüşiniň bähbitlerine gönükdirmek ýörelgeleri ýatyr. Her bir ýurduň döwlet syýasaty, onuň halkynyň ýaşaýyş-durmuş derejesi dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde tutýan ornunyň beýanydyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkymyz üçünji müňýyllygyň sepgidinde dörän Garaşsyz döwletimiziň bagtyýarlyk nuruna çaýylan ruhubelentligi bilen kalbynda beýik ynamy, egsilmez ruhy güýji besläp, Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygyny uludan toýlady. Döwletimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz özleriniň gowudan-gowy sowgatlary, Diýarymyzyň ösüşlerine goşýan şahsy goşantlary bilen, zähmet üstünlikleri bilen Garaşsyzlyk baýramyny bellediler.

Eziz Diýarymyzyň toýlary toýlara ulaşsyn, halkymyzyň abadan ýaşaýşy üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

 Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň dowlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.