ÝAŞLARYŇ ARASYNDA ÝAŞULULAR GEREK
01-10-21
Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Garaşsyz, Bitarap Diýarymyzda Ýaşulularyň halkara güni dabaraly bellenilýär. Bu däbiň bellenilip geçilmegi-de, gadymy däplerimize ygrarlydygymyzy, ýaşululara hormat sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýaly ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyzy alamatlandyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýaşuly adamlaryň ýagdaýyna jemgyýetçilik ünsüni çekmek maksady bilen kabul edilen ýörite resminama laýyklykda tutuş dünýä ýüzünde her ýyl bellenip geçilýän bu baýramçylyk milli senenamamyzda mynasyp orun eýeleýär. Bilşimiz ýaly, 1990-njy ýylyň 14-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy her ýylyň 1-nji oktýabryny Ýaşulularyň halkara güni diýip yglan etdi. Soňky ýyllarda bu baýram Türkmenistanda hem döwlet derejesinde bellenilip geçilýär.
Gözbaşyny gadymdan alyp gelýän ýaşulularymyza hormat goýmak däbi hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer baştutanlygynda häzirki döwürde hem döwlet derejesinde dowam etdirilýär.Garaşsyzlyk ýyllarynda her bir döwletli tutumlarda ilki bilen ýaşululara sala salmak, maslahat geçirmek, pensiýalaryň ýyl-ýyldan ýokarlandyrylyp durulmagy, galy berse-de il içinde ýokary adamkärçiligi bilen görelde bolýan ýaşuly neslimize «Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy» diýen mertebeli atlaryň dakylmagy watandaşlarymyzyň başyny göge ýetirýär.
Bagtyýarlyk döwrümiziň eşretli hözirini görýän il sylagly ýaşulylarymyz agtyk-çowluklarynyň arasynda sagdynlygyň, paýhaslylygyň janlymekdebi bolup bagtyýar durmuşda ýaşap ýörler. Bäş müň ýyldan köpräk taryhy bolan türkmen halky — ata-babalarymyzy hormatlap, pederlerimiziň döwletli ýörelgelerine eýerip ýaşaýar. Türkmen halky öz ýaşulusyny sylaýar, ýaşula hormat goýmak, kiçini sylamak duýgusy onuň kalbynda hemişelik ýaşaýar. Bu günki gün milli Liderimiziň ruhy gymmatlyklara, mukaddesliklere goýýan sylag-sarpasynyň netijesinde ýaşulularyň mertebesi has-da belent derejä ýetdi.
Ata Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, pederlerimize sarpa goýmagy ündeýän, ak ýürekli, zähmet söýer, belent ahlakly ýaşulylarymyz nesillerimiziň her biriniň durmuşynda uly mekdepdir.
Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Birleşen milletler gurmasy tarapyndan ýaşulularyň hukuklaryny goramaga, jemgyýetdäki tutýan ornuny pugtalandyrmaga bagyşlanan dürli festiwallar, halkara ylmy-amaly maslahatlar we syýasy ýygnaklar geçirilýär. Biziň ýurdumyzda hem BMG-niň bu asylly ýörelgelerinden ugur alnyp, Halkara ýaşulular güni mynasybetli dürli çäreler geçirilýär. Şu gün hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ýaşuşularymyzyň şanly baýramy bolan halkara ýaşulular güni diýseň uly şatlyk-şowhunly dabaralara beslenilip bellenilip geçilýär. Bu baýram hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşulularyna bolan çäksiz hormat-sarpasynyň nyşanyny, ýurdumyzyň Birleşen milletler guramasy bilen oňyn hyzmatdaşlygyna ygrarlygynyň baý mazmunyny alamatlandyryp. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizilen Türkmenistanyň Zähmet Kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji böleginde ýerleşdirilen şanly seneleriň arasyndan orun aldy. Hut şu nukdaýnazar bolsa, Halkara ýaşulular gününiň biziň ýurdumyzda ilkinji gezek 2009-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda bellenilip geçilendigini aýan edýär. Şondan bäri Birleşen milletler guramasynyň düzümine girýän beýleki döwletler ýaly biziň ýurdumyz hem her ýylyň 1-nji oktýabrynda Halkara ýaşulular gününi giňden dabaralandyrýar. Her ýyl bu şanly sene mynasybetli, milli teleýaýlymyň Watan habarlar gepleşigi türkmen ýaşulularynyň ählisine hormatly Prezidentimiziň gutlagyny ýetirýär. Munuň özi bolsa, biziň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýatynyň çäklerinde Birleşen milletler guramasy bilen alyp barýan oňyn hyzmatdaşlygyna ygrarlydygyny alamatlandyrýar.
Ýaşuly nesliň wekilleriniň sar pasynyň aýratyn belent derejede tutulmagy her bir işde, her bir meselede olara sala salynmagy türkmen halkynyň özboluşly, ajaýyp hem ynsanperwer häsiýetleriniň biridir. Şeýle häsiýetleriň manysyna mähriban Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlaryny we beýleki eserlerini okanyňda, has çuň göz ýetirýärsiň.
Ýaşulular jemgyýetiň paýhashazynasydyr. Bu hazynany aýawly saklaýan, onuň gadyr-gymmatyna belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.