ÝAŞ NESILLERE GÖRELDE MEKDEBI

03-10-21

Biz ajaýyp Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe buýsanyp ýaşaýarys. Ykbaly oýanyp, bagty çüwen halkymyzyň her bir güni uly ösüşlere, şatlykly wakalara, toý - baýramlara beslenýär. Ýaňy-ýakynda eziz halkymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny uly dabara besläp geçdi. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda bolup geçýän beýik özgertmeler halkymyzyň ruhuny belende göterip, kalbyny joşa getirýär. Bagtyýar halkymyzyň jana-jan bähbitlerine gönükdirilen ajaýyp işler günsaýyn artýar. Bu bolsa, hemmeleriň ýüreginde guwanç hem buýsanç duýgularyny artdyryp, şatlygyna şatlyk goşýar.

Şeýle buýsandyryjy wakalaryň biri hökmünde «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 1-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat kösgünde Gahryman Arkadagymyzyň Bilimler we talyp ýaslar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçmegini aýtmak bolar.

Gahryman Arkadagymyz bu ýere ýygnananlary ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmusynda möhüm orny eýeleýän Bilimler we talyp ýaslar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şanly baýramyny toýlan Garaşsyz ýurdumyz 30 ýylyň içinde demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň binýatlaryny yzygiderli berkitdi. Ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny ýokarlandyrmak boýunça ägirt uly işleri amala aşyrdy. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji günlerinden ýurdumyz parahatçylygy, dost-doganlygy dabaralandyrýan oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap aldy. Dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdy.

Milli Liderimiz berkarar döwletimiziň ruhubelent ýaşlaryna ýüzlenip: «Biz dünýädäki çylsyrymly maliýe-ykdysady ýagdaýlara garamazdan, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürýäris» diýip belledi. Döwlet Bastutanymyz bäsdeşlige ukyply, ösüşiň ýokary depginlerini gazanmagyň möhüm serti hökmünde önümçilige sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýandygyny belläp, bu ugurdan ýaş hünärmenleri taýýarlamaga uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady. Sebäbi innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar. Sanly tehnologiýalaryň çalt ösmegi bilen, bütin dünýäni öz içine alýan aragatnasyk ulgamy döredilýär, täze pudaklardyr düsünjeler peýda bolýar. Döwrüň bu täzelikleri biziň jemgyýetimize hem giňden ornaşýar.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, häzirki döwürde senagat taýdan ösen döwleti döretmegiň ýolunda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklaryny we sebitleri sazlaşykly ösdürmäge uly üns berilýändigini belledi. Ykdysadyýetimiziň pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde hususyýetçilere uly orun degişlidir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwürde telekeçiler dürli pudaklarda milli maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmäge isjeň gatnaşýarlar. Senagatda, oba hojalygynda, gurlusykda, syýahatçylykda, söwdada we durmuş hyzmatynda, halk senetçiliginde, ulag-aragatnaşyk ulgamynda we beýleki ugurlarda üstünlik gazanýarlar.

Dünýä meşhur kompaniýalaryň awtobuslary, ýeňil we ýük awtoulaglary yzygiderli satyn alynýar. Biziň alyp barýan ulag syýasatymyzy dünýä jemgyýetçiligi giňden goldaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag ulgamyny döretmek boýunça taryhy Kararnamalaryň dördüsini kabul etmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Geçmişde ýaşap geçen beýik şahsyýetlerimiz bahasyna ýetip bolmajak akyl-paýhas mirasyny döredipdir. Olaryň eserleri nesilleri terbiýelemegiň gymmatly çesmeleri bolup durýar. Adamyň iň gözel häsiýetleriniň biri-de ene-ata, jemgyýete we durmuşa bolan söýgüdir. Halkymyzyň watançylyk hem-de adamkärçilik däpleri durmuş ýoluna gadam basýan nesillerimiz üçin geçmişi, şu güni we geljegi birleşdirýän nusgawy mekdepdir diýip, milli Liderimiz belledi. Watana bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgudyr. Onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz. Ýürekden çykan sözüň ýürege barşy ýaly, yhlas bilen başyna barlan iş hem ýerine ýetirilmän galmaýar. Her bir işe ýürekden ýapyşyp, merdana halkymyzyň adyny has-da belende götermek, başymyzyň täjine deňeýän eziz Watanymyzyň şöhratyna şöhrat goşmak siziň esasy borjuňyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz ýaşlara ýüzlendi. Milli Liderimiz şu günki beýanyny tamamlamak bilen, duşuşyga gatnaşyjylara berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, okuwda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň biz ýaş hünärmenleriň işine ökde we talyplaryň bilimli bolup ýetişmegimiz hakynda edýän aladalaryna jogap edip, geljekde Watanymyza gerekli ynsanlar bolup ýetişmäge yhlas ederis. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak belent başy aman bolsun!

Ýagmyr BEKIÝEW,
Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika institutynyň mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.