KÄMIL BILIM - ÖSÜŞLERE BADALGA
25-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tarypy dünýä ýaňlanýan, raýatlarynyň sarpasy perişdä deňelýän Ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesi has-da belende göterilýär. Bagtyýarlyk zamanamyzda ýaşlaryň netijeli okamagy, göwnejaý bilim almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Ylym-bilim ulgamyndaky gazanylan üstünlikler bolsa ähli ugurlardaky ösüşleriň we özgerişlikleriň hamyrmaýasydyr. Eşretli eýýamyň bagtyýar hem-de abadan günleriniň kerwenini çekip barýan Ata Watanymyz bu günki gün belent ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe barýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar we geljekki uly ösüşleriň binýady tutulýar. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, öňde goýlan belent maksatlara ýetmekde bilimiň, ylmyň orny ýurdumyzda örän uludyr. Diýarymyzyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlardaky ösüşi, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy köp babatda ylym-bilim pudagynyň ösüş derejesine baglydyr.
Hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren eşretli zamanasynda halkymyzyň günsaýyn ösýän durmuşy, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, syýasatynyň oňyn özgertmeleri, saglyga, medeniýete berilýän üns adamlaryň bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşaýandygyndan habar berýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ählitaraplaýyn ösýän Watanymyz bu gün ylym-bilim ýolunda hem täze şöhle saçýan ösüşleriň, özgerişleriň gujagynda ýaşaýar.
Ýurdumyzda ähli pudaklar üçin giň dünýägaraýyşly, çuňňur pikirlenip bilýän, kämil hünärmenleri taýýarlamak giň gerimde dowam edýär. Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejä çykarýar. Täze ýokary we orta okuw mekdepleriniň açylmagy häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegi muňa ýardam edýär. Häzirki wagtda ylmyň we tehnologiýanyň ösmegi bilen, innowasion enjamlar gündelik durmuşymyzda wajyp oruna eýe boldy. Şeýle innowasion tehnologiýalary öwrenmek we olardan doly baş alyp çykmak üçin köp okamaly, şeýle-de dünýäniň dürli dillerini düýpli öwrenmeli. Adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny ylym-bilimsiz göz öňine getirmek asla mümkin däl. Ylym-bilim adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Ýurdumyzyň geljegini, geçmişini, kuwwatyny, ykdysady ösüşini kesgitleýän esasy görkezijileriň biri ylym-bilim pudagy bolup durýar.
Hawa, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ählitaraplaýyn ösýän Watanymyz bu gün täze eýýamyň Galkynyşy döwrüniň goýnunda ýaşaýar. “Ylymly il ozar” diýen paýhasa uýýan halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň bu gün öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Binanyň berkliginiň binýadyň mäkämligine baglydygy bize durmuş hakykatyndan mälimdir. Binýat näçe berk, oýlanyşykly goýulsa, gurýan ymaratymyz hem şonça gaýym hem ajaýyp bolar.
Ýaş nesliň bilim binýadynyň berkden tutulmagy hem ýurduň geljekki ösüşiniň aýdyň kepilidir. Bilimiň gurluşyny we mazmunyny dünýä ölçeglerine laýyk getirmek, mekdeplerde okatmagyň häzirkizaman innowasion usullaryny hem-de öňdebaryjy tejribäni giňden ornaşdyrmak bolsa esasy wezipelere öwrüldi. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamynda düýpli özgertmeleriň dowam edýändigine, bilim edaralarynyň maddy üpjünçiliginiň barha berkeýändigine aýdyň subutnamadyr.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy dünýä tejribesi we täze tehnologiýalar bilen ösüşli menzillere gadam goýýar. Dünýäniň ösen tejribeleriniň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy bilimli, terbiýeli, tejribeli şahsyýetleriň taýýarlanmagyna we kemala gelmegine oňyn täsir edýär. Biz bilim işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bildirýän berk ynamyny ýerine salyp, şol ynamdan ruhlanyp, mundan beýläk-de Watanymyzyň gülläp ösmegine öz goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Şular ýaly uly mümkinçilikleri döredip, bize ajaýyp zamanany peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Annagül ABDYRAHMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.