Ekologiýa abadançylygy — halkymyzyň baýlygy
03-06-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz ata Watanymyzyň täsin we gözel tebigatyny goramak hem-de ony asyl durkunda geljekki nesillere miras goýmak, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny durnukly üpjün etmek, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, ilatymyzyň ekologiýa medeniýetini kämileşdirmek meselesine aýratyn uly ähmiýet berýär. Ekologiýa howpsuzlygy adamyň ýaşaýşy üçin möhüm ekologik bähbitleriniň, ilkinji nobatda, arassa we sagdyn ýaşaýşy üçin amatly tebigy gurşawa bolan hukugynyň goraglylygy, döwlet syýasatynyň bu wezipeleri çözmäge gönükdirilmegi, ykdysady, dolandyryş-guramaçylyk çäreleriniň amala aşyrylyşy ýaly ugurlary öz içine alýar.
Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa abadançylygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn ýaşyl zolaklaryň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Munuň özi ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginiň hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýandygyny aňladýar. Tebigatyň ýagdaýyna baha bermäge ýardam edýän daşky gurşawy kadalaşdyrmak we dolandyrmak ulgamy ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde wajyp bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan çäreleriň ulgamy durnukly ösüş konsepsiýasynyň maksatlary bilen sazlaşýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça alnyp barylýan işleriň hasda ýaýbaňlandyrylmagy, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi döwlet ekologiýa syýasatymyzyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
BMG-niň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge düýpli çemeleşýär. Bilşimiz ýaly, bu ugurda Türkmenistan BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Bütindünýä ekologiýa gaznasy, Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi ýaly abraýly halkara we sebit guramalary bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy alyp barýar hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa abadançylygyny ýokary derejede üpjün etmek maksady bilen toplumlaýyn ýaşyl zolaklaryň döredilmegi uly ähmiýete eýedir. Tebigatyň ýagdaýyna baha bermäge ýardam edýän daşky gurşawy kadalaşdyrmak we dolandyrmak ulgamy ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmeginde wajyp bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan çäreleriň ulgamy durnukly ösüş konsepsiýasynyň maksatlary bilen sazlaşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän ekologiýa syýasatynda ýokary tehnologiýaly pudaklary ösdürmegiň ileri tutulýandygyny, ýurdumyzyň durmuş üpjünçiliginiň tutuş düzüminiň binýatlyk bölegi hökmünde «ýaşyl ykdysadyýetiň» ösmegi üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýan Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine milli hem-de ählumumy derejede ýurdumyzyň ähli şäherleriniň we obalarynyň töwereginde gök zolaklaryň döredilmegini göz öňünde tutýan uzakmöhletleýin bag ekmek maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol maksatnamanyň çäklerinde şäherleriň, ilatly ýerleriň töwereklerinde, awtomobil we demir ýollarynyň ugurlarynda täze tokaýlyklar kemala gelýär.
Umuman alanyňda, mähriban topragymyzyň tebigy baýlyklaryny we köpdürlüligini artdyrmaga we gorap saklamaga gönükdirilen netijeli çäreleriň geçirilmegi arkaly Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň düýpli we öňdengörüji syýasaty netijesinde amala aşyrylýan giň möçberli işler Watanymyzyň gülläp ösmeginiň kepilidir. Türkmenistan ýurdumyz öz ykdysadyýetiniň kuwwatyny yzygiderli artdyrýar, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, serişdeler bilen bagly mümkinçilikler, durmuşyň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga mümkinçilikler berýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýylynda peder ýoluny dowam etdirýän hormatly Pezidentimiziň ýurdumyzda döwrebap we kämil ekologik medeniýeti kemala getirmekde we ösdürmekde alyp barýan işleri ýaş nesillerde ata-babalarymyz tarapyndan müňýyllyklaryň dowamynda goralyp gelnen täsin tebigatymyzyň ajaýyp gözelligini gorap saklamaga bolan ýokary jogapkärçilik duýgularyny terbiýelemäge mümkinçilik berýär.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda amala aşyrylýan işleriň ählisi bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Şeýle mümikinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadag Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähimýetli alyp barýan işleriniň elmydama rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Suraý SÖÝUNOWA,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.