HALK HAKYDASY BAKYDYR
04-10-21
6-njy oktýabr — Hatyra güni
Her ýylyň 6-njy oktýabrynda ýurdumyzda Hatyra güni bellenilip geçilýär. Şol gün Türkmenistanda ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolanlaryň, 1948-nji ýylyň ýer titremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Döwlet baýdaklary aşak düşürilip, aýat-dogalar okalýar.Hakyda milletimiziň ýaşaýyşynyň aýrylmaz ruhy bölegidir. Ol nesilleri birikdirýän berk ýörelge bolmak bilen diňe bir gözbaşlarymyzy we däp-dessurlarymyzy gorap saklamak däl, eýsem, taryhy tejribäniň esasynda milletiň täze ykbalyny, ýagty geljegini gurmaga mümkinçilik berýär. Hatyra güni milleti birleşdirýär we jebisleşdirýär.Türkmen halkymyz häzirki wagtda hem nesillerden-nesillere geçirilýän ýokary ahlak ýörelgelerine ygrarlydyr.
Hatyra gününde ýadygärlik toplumlaryna ter gül desseleri goýulýar, ata Watan, mukaddes ene toprak, häzirki nesilleriň bagtyýar, erkana durmuşda ýaşamagy üçin şirin janyny orta goýup, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň beýik nusgasyny görkezen merdana pederlerimiz hatyralanýar. Çünki milletimiziň şöhratly taryhy, watansöýüji gerçekleriň bitiren işleri, söweş meýdanlarynda görkezen gahrymançylyklary bakydyr, ölmez-ýitmezdir. Olar Watan garaşsyzlygy, asudalygy, erkanalygy, halkymyzyň azatlygy ugrundaky söweşlerde deňsiz-taýsyz gahrymançylyk görkezip, atlaryny şan-şöhrata besläp, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazdylar. Ýowuz uruş ýyllarynda ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdular.
Paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň düzümine girýän «Baky şöhrat», «Milletiň ogullary» we «Ruhy tagzym» ýadygärlikleri deňinden geçen ynsany biparh goýmaýar. Bu ýerde Watan gahrymanlarynyň ýadygärlikleriniň bir ýerde jemlenmegi ene toprak ugrunda janlaryny orta goýan merdana pederlerimiziň ata Watana bolan çäksiz söýgüsiniň gözbaşyny bir hanadan alyp gaýdýandygynyň özboluşly nyşany.
Adamzadyň taryhynda iň weýrançylykly ýertitremeleriň biri, 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesinde pida bolanlar baradaky hasratly ýatlamalar olaryň ýakynlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň kalplarynda, halk hakydasynda hemişelik saklanýar. Paýtagtymyz we ony etekläp oturan sebitlerdäki obalar, ilatly ýerler güýçli tebigy sarsgyn zerarly weýrançylyga sezewar boldy. Ildeşlerimiziň müňlerçesi bu elhenç tebigy heläkçiligiň pidasy boldy.
Hatyra gününde okalýan aýat-töwirler beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!
Goý, türkmen topragynda hemişe parahatçylyk, agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!
Möwlam HAÝTGULYÝEW,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň hünärmeni.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.