YLYM-BILIM – RÖWŞEN GELJEGIŇ GANATY
25-12-25
Ylym – kämilligiň gözbaşy, ýaşaýşyň şuglasy. Ylymlar dünýäsine aralaşmak bilen ynsan öz durmuş köprüsiniň sütünlerini berkden gurýar. Bu baýlyk ynsan ömrüni ajaýyplyklara besleýär. Ylym öwrenmek arkaly ähli barlyga göz ýetirilýär. Geçmiş taryhymyzda hem ata-babalarymyz ylym-bilime uly sarpa goýupdyrlar.
Zehin kämilligiňi açmak üçin ylym genji-hazyna bolup hyzmat edýär. Bu barada pederlerimiziň gymmatly jümleleri bar. «Akyl iň gözel zynat, ylym iň ýagşy baýlykdyr», «Miras galjak iň ýagşy zat ylymdyr», «Ylma görä edilen amal abraý-mertebedir», «Ylym egsilmeýän uly hazynadyr, akyl hiç solmaýan täze lybasdyr» diýen pähimler her bir ýaş nesliň ylma çuňňur akyl ýetirmegine hemaýat berýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda her bir edilýän iş ylmy esasda öwrenilip, seljerilip ýerine ýetirilýär. Bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, edepli-terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin, ähli oňyn şertler döredilýär. Bu bolsa ýaşlaryň ata Watanymyza bolan söýgüsiniň kämil derejede bolmagyna, ony goramaga, dünýä ýüzünde abraýynyň mundan beýläk-de artmagyna özboluşly goşant goşmaga uly mümkinçilik berýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2026 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» köpugurly özgertmeleri amala aşyrmagyň halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny kämilleşdirmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär. Bu Maksatnama ýurdumyzda öňde goýlan wezipeleriň oňyn çözülmegini, sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegini, önümçiligiň depginli ösüşini, dünýäniň döwrebap tejribelerini ähli pudaklarda ornaşdyrylmagyny, ylmy pikirleriň we tilsimatlaryň ulanylmagyny, maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalanmagyny üpjün edýär. Diýarymyzda bilim, ylym ulgamlary bilen birlikde ähli pudaklarda, şol sanda ylmy edaralaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen birnäçe düzümleýin özgertmeler amala aşyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ylym-bilimiň tutýan ornunyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýaş nesle berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmakda, onuň hilini dünýä derejesine laýyk getirmekde, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek görkezýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde «Sanly bilim ulgamy» atly portal taslamasynyň ýola goýulmagynyň, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklarynyň, internet bäsleşikleriniň geçirilmegi berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde, öňdebaryjy tejribelerden peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir. Ähli amatlyklary özünde jemleýän şeýle sanly elektron portalyň üsti bilen sarp edilýän wagt ep-esli tygşytlanyp, ýaş nesliň ylym-bilim derejesiniň artmagyna uly täsir edýär. Döwletimiziň ýaşlarynyň ylym-bilim derejesiniň ilerlemegine mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz ylmy işi ösdürmek we barlaglaryň gerimini giňeltmek, ylmy-barlag işlerini toplumlaýyn geçirmek hem-de olaryň netijelerini tejribä ornaşdyrmak üçin ähli zerur şertleri döredýär. Şol sanda ählumumy internet ulgamynyň elýeterli bolmagy üpjün edilýär hem-de elektron kitaphanalar döredilýär.
Häzirki wagtda sanly bilim ulgamyna, şeýle-de sanly ykdysadyýete geçmek zerur bolup durýar. Şonuň üçin ylmyň jemgyýetçilik we döwlet durmuşynda möhüm orny eýeleýänligi bilen baglylykda ýurdumyzda ýokary hünärli ylmy işgärleriň, ýaş alymlaryň taýýarlanylmagyna aýratyn üns berilýär. Çünki jemgyýetiň döredijilik kuwwatyny işjeňleşdirmek sanly ykdysadyýeti dolandyrmak babatda ýaş alymlaryň we kämil hünärmenleriň taýýarlanmagy möhümdir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlary ylma işjeň çekmek ugrundaky tagallalarynyň uludygyny her ýyl ýaşlaryň arasynda ylmy işleri boýunça geçirilýän bäsleşiginiň netijelerinde hem görmek bolýar. Bu bolsa türkmen ylmynyň ösmegine, ýaşlaryň bu ugurda aýratyn tapawutlanmagyna, alymlaryň täze nesliniň kemala gelmegine giň ýol açýar. Ýaşlaryň döredijilik işi bilen meşgullanmaklary, ylmy barlaglary geçirmäge bolan gyzyklanmalaryny kanagatlandyrmak üçin atalyk aladalaryny edýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Aynabat ÇAPAU,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Fakultet terapiýa kafedrasynyň müdiri.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.