Suwuň saglyga peýdasy

20-10-25

Howa, gün, suw ynsan durmuşy üçin iň gerek bolan elementler hasaplanýar. Şu elementleriň biri bolan suwuň hem adamyň ýaşaýşy we sagdynlygy üçin örän uly peýdasy bardyr. Arassa suw adamlar, jandarlar hem-de ösümlikler üçin zerurdyr. Şonuň üçin hem suwy ýaşaýşyň çeşmesine deňeýärler. Suw iýmitiň özleşmegine ýardam edýär. Şeýle hem suw aşgazan ulgamynda bolup geçýän himiki özgerişlere gatnaşýar. Şonuň ýaly-da, bedeniň gyzgynyna hem täsir edýär.

Ylymda suw bilen baglanyşykly ençeme işler edildi, onuň düzümi we peýdasy, durmuşdaky orny barada alymlaryň işlerinde duş gelýär. Durmuşda suw içmegi endik etmek zerurdyr. Iň esasy bolsa, käte biz ajygan mahalymyzda hem suw içmegi ýola goýmaly. Bu agşamlyk naharyny agyr iýmekden halas edýär. Sebäbi suw adamyny dok halda saklamaga, aşgazanyňy doldurmaga hem ukyplydyr. Eger adam iýmitlenmän 50 gije-gündizläp ýaşap bilýän bolsa suwsuz 5 günden köp  ýaşap bilmez. Biz her ýyl bedenimiziň agramyndan 5 esse köp suwy öz üstümizden geçirýäris. Adam ýaşan döwründe ortaça 25 tonna suw içýär. Organizmde 10 göterimden köp suwuň ýitirilmegi özüňi ýaramaz duýup başlamaga mejbur edýär. 20 – 30 göterim suwuň ýitirilmegi bolsa soňy köp halatlarda ölüm bilen gutarýar.

Lukmanlaryň maslahat bermegine görä, adam günüň dowamynda iki-üç litr suw içmeli. Esasan-da häzirki yssy howaly günlerde gaýnadylyp sowadylan suw içmek maslahat berilýär. Sebäbi gaýnag suw bedende madda alyş-çalşygy güýçlendirýär. Bularyň hemmesi adam saglygyna suwuň örän peýdalydygyny aýdyň görkezýän delillerdir.

Adamyň bir gije gündizde sarp edýän suwy 2,5 litre golaý, ýöne bu san adamyň bir gije gündizde 10 stakan suw içmelidigini aňladanok, çünki, biziň sarp edýän suwumyzyň bir bölegi iýmitde bolýar. Başga bir bölegi bolsa organizmde beloklaryň ýaglaryň hem-de uglewodlaryň dargamak prosesinde emele gelýär. Mysal üçin 100 gram ýagyň okislenmegi netijesinde 107 ml suw, 100 gram uglewodyň okislenmegi netijesinde 55 ml suw emele gelýär.

Suwuň saglyga başga-da ähmiýeti köpdür. Dem alyş ýollarynyň sagdyn bolmagynda we bedeniň ähli myşsalarynyň berkemeginde suwda ýüzmegiň örän uly peýdasy bardyr. Suwda ýüzülen mahaly bedeniň ähli myşsalary hereket edýär. Sportuň bu görnüşi ýürek-damar ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýar, el-aýaklary güýçlendirýär, sagdyn myşsalary kemala getirmäge kömek edýär. Suwda ýüzmek bedeniň sagdynlygy üçin iň gowy türgenleşik hasaplanýar. Sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan türgenlerde dem alyş agzalarynda kemçilik ýüze çykmaýar. Ýüzüş mahaly dem alnanda adam bedeni gurplanýar. Sebäbi kislorod ýokumly maddalaryň bedeniň zerur ýerlerine ýetirilmegine ýardam edýär.

Suwda ýüzmek bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň özboluşly görnüşi bolmak bilen daşary ýurtlarda we biziň ýurdumyzda  iň meşhur sport görnüşine degişlidir. Suwda ýüzmegiň aýratynlyklary suw gurşawynda fiziki işjeňlik bilen baglanyşyklydyr. Bu ýagdaýda adam bedeni iki tarapdan täsire sezewar bolýar: bir tarapdan fiziki maşklar, beýleki tarapdan suw gurşawy täsir edýär.

Sagdyn iýmitlenmegiň ýaýramagy bilen sport köp adamlar üçin durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Yzygiderli maşk etmegiň saglyga peýdalydygyny subut edýän köp gözlegler bar. Bularyň ikisi hem adamy has güýçli duýmaga kömek edip, dowamly kesellerden goraýar. Suwda ýüzmek hem iň peýdaly sport görnüşleriniň biridir. Ýüzmek, horlanmak, görnüşiňi saklamak we sagdyn durmuşda ýaşamak isleýänler üçin amatlydyr.

Hünärmenler ululara her hepde 150 minut ortaça işjeňlik ýa-da 75 minut güýçli işjeňlik ýagdaýy saklamagy maslahat berýärler. Bu saglyk üçin gaty zerurdyr. Ýüzmek, tutuş bedeniňizi we ýürek-damar ulgamyňyzyň kadaly işlemegi üçin ajaýyp usuldyr.

Şeýlelik bilen, ýüzmek netijesinde adam bedenine köpugurly oňyn täsir edilýär. Dynç alyş maksatly ýüzmek, ähli ýaşlylar üçin meşgullanmak mümkindir.Suwda ýüzmek islendik adamyň bedeniniň gatylaşmagy we bedenterbiýe ulgamynyň iň möhüm baglanyşyklaryndan biridir. Suw bilen yzygiderli aragatnaşyk sowuklamanyň öňüni almagyň iň oňat serişdesidir, erk-islegi we fiziki çydamlylygy ösdürmäge kömek edýär. Ýüzmek wagtynda gan aýlanyş ulgamynyň işleýşini gowulandyrmak üçin ajaýyp şertler döredilýär: bedeniň ähli organlary we dokumalary tarapyndan sorulýan kislorodyň mukdary köpelýär we bedeniň ähli myşsalary diýen ýaly gysylýar. Ýüzmek dem alyş we ýürek-damar ulgamlaryny ösdürýär we tutuş bedeni güýçlendirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary esasynda ýurdumyzda sportuň ähli görnüşlerini ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Döwrebap suw sport toplumlarynda türgenleşýän ildeşlerimiziň sany günsaýyn artýar, bu görnüş boýunça türgenlerimiziň halkara ýaryşlarda gazanýan netijeleri yzygiderli ýokarlanýar. Sportuň bu görnüşi boýunça bäsleşiklerde üstünlikli çykyş edýän türgenleriň hatarynda biziň ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň hem bolmagy diýseň begendirýär.

Döwletmyrat DÖWLETOW, 
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Mikrobiologiýa kafedrasynyň mugallymy.

«IL SAGLYGY — ÝURT BAÝLYGY»

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, Garaşsyz döwletimizde il saglygy ýurt baýlygyna deňelýär. Şoňa görä-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga, keselleriň öňüni almaga uly ähmiýet berilýär. Beden hem-de ruhy taýdan sagdyn, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza wepaly, ukyp-başarnykly nesilleri ýetişdirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.


BAGTYÝARLYK SAGLYKDAN BAŞLANÝAR

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasy esasynda işlenip taýýarlanylan, strategik häsiýete eýe bolan, durmuş ugurly «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň  hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy hil taýdan täze derejelere çykýar.


SAGDYN DURMUŞ ÝÖRELGESI ÝOL ALÝAR

Ýurdumyzda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Il saglygy — ýurt baýlygy» şygary astynda ilat arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.


BEÝIK IŞLER ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Eger-de milletiň erkana we öz erkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana, parahat ýaýnaşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk hem türkmen döwletiniň goşa ganatydyr» diýen dürdäne jümleler bar. 


BITARAPLYK ÝOLY PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝOLUDYR

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik we asyl syýasaty, türkmen halkynyň ata-baba, nesilme-nesil dowam edýän agzybirlik taglymaty netijesinde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly  Eziz Diýarymyzda bu gün durmuş daragty gül açyp, onuň hoşroýlygy gözellikden çar ýana serpaýdyr.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.