Pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär!
07-10-21
Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň pagta ýygymy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda Gubadag etrabynyň pagta kärendeçileri dokma senagatymyz üçin gymmatly çig mal bolan “ak-altynyň” bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Häzirki wagtda kärendeçi daýhanlaryň bar aladasy kemala gelen ak altyny gysga wagtda isripsiz Watan harmanyna tabşyrmak bolup durýar.
Pagta ýygymy möwsüminde el güýji bilen bir hatarda pagta ýygyjy kombaýynlaryň güýjinden peýdalanmak göz öňünde tutylýar. Bu ugurda etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň pagta ýygyjy kombaýynlary daýhanlaryň iň ýakyn daýanjy bolup durýar. Şu ýyly pagta ýygymy möwsüminde kärhananyň pagta ýygyjy kombaýynlarynyň 17-siniň gije gündizleýin 2-topardan ybarat bolup arman ýadaman zähmet çekýärler. Bulardan Bazarbaý Täçliýew, Döwran Arazbaýew, Ýazbaý Sabyrow we Bäşim Ilamanow dagylar kombaýnlarda zähmet çekip ussatlyk bilen öndürüjilikli öňde barýarlar. Bu kombaýynlara kärhananyň işçi hünärmenleri tarapyndan gözegçilikden geçirilip, olara zerur bolan tehniki hyzmatlar görkezildi, pagta ýygymy möwsümine taýýar halatyna getirildi. Şeýle hem goçme abatlaýjy toparlaryň 2-si döredilip, toparlaryň her biri bejeriji enjamlar, gurallar, zerur bolan ätiýaçlyk şaýlar bilen üpjin edildi. Toparlara abatlaýjy ussalar, tejribeli hünärmenler berkidildi. Munuň özi pagta ýygymy möwsüminde kombaýynlaryň, pagta ýygyjy tirkeg gurallaryň saz işlemegine, pagta ýygymynyň ýokary depginde gitmegine uly mümkinçilik berer.
Biz hem Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň işgärleri, ýerlerdäki ilkinji guramalarymyz bilen bilelikde pagta ýygymy möwsüminde, möwsüme gatnaşýan zähmet adamlarynyň aralarynda bolup Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda oba hojalyk ulgamynda ýetilýän belent sepgitler, oba hojalygyny senagatlaşdyrmak, ykdysady garaşsyzlygy mundan beýläkde berkitmek boýunça alynyp barylýan işler baradaky çykyşlar edip, ene toprakdan bol hasyl alyp, Watan harmanyna mynasyp goşandyny goşýan, tapawutlanan kärendeçä, öňdebaryjy mehanizatora Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Gubadag etrap komitetiniň adyndan ýörite hormat hatlary we ýadigärlik sowgatlary gowşurýarys. Bu bolsa möwsüme gatnaşýan oba zähmetkeşleriniň işe bolan höwesini artdyryp, öndürjilikli işlemäge uly badalga berer.
Ýusup JUMAKOW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň
Gubadag etrap komitetiniň esasy hünärmeni.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.