ERTIRLERIŇ MYNASYP EÝELERI BAGTYÝAR ÝAŞLAR

07-05-25

Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygyndaky Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda döwlet ähmiýetli we il-ýurt bähbitli beýik işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda alnyp barylýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hemişe parahatçylygy ündäp gelýän, agzybirlige, bagtyýarlyga çagyrýan hem-de dünýä ýüzünde ynsanperwerligi wagyz edýän merdana halkymyzyň häzirki bagtyýar ýaş nesilleriniň watansöýüjiligi, zähmetsöýerligi, maksada okgunlylygy, belent ahlaklylygy görelde edinmeklerine gönükdirilendir.

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesil hakynda alada döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwletimiz ýaş nesle bilim bermek, onuň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmak, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine eýe bolmaklary, ylym bilen meşgullanmaklary üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere aýratyn uly üns berýär. Döwletimiziň ýaşlar syýasaty şol möhüm wezipeleri çözmäge gönükdirilip, ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy.

Okamak, öwrenmek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, abadan durmuşyň hatyrasyna kämillige gadam basmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolmalydyr. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň syýasy hukuklary we azatlyklary üpjün edilýär, olaryň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary netijesinde, olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleri emele getirilýär, ösüp gelýän nesiller watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelenilýär.

Bagtyýar ýaşlarymyz hakynda döwletimiz tarapyndan yzygiderli alada edilýändigi bu günki gün olaryň buýsançly başlaryny bulutlara ýetirýär. Ata Watanymyzyň bedew batly ösüşlerine täze badalga berjek, uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalary durmuşa geçirmek bagtyýar ýaşlaryň paýyna düşýär. Şu jähtden, ylymly, bilimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlary terbiýelemek möhüm ähmiýete eýedir. Ýaş nesilleriň döwrebap tehnologiýalardan baş çykaryp bilýän, zähmetsöýer, öz işine ökde hünärmen bolup ýetişmekleri babatynda mugallymlaryň üstüne aýratyn wezipe düşýär. Şonuň üçin mugallymlar talyplaryň bilim derejeleriniň ýokarlanmagy üçin öz zähmetini gaýgyrmaly däldir.

Mugallym hemişe öz üstünde işläp, usullaryň täzeçilliginden giňden peýdalanmalydyr. Bilimiň derejesini ýokarlandyrmak, ýaş nesillerde ylym-bilime, Watana bolan söýgini döretmek mugallymyň öňündäki mukaddes borçdur. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlarynda geçirýän täze özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler.

Bilim ojaklarynda geçirilýän hepdelikleriň we ylmy-amaly maslahatlaryş tanyşdyrylyş maglumatnamalary, mugallymlar tarapyndan guralan teleýaýlymlardaky dürli sapaklar baradaky wideoýazgylar taýýarlanýar. Bilim ulgamyndaky alnyp barylýan şeýle özgertmeler ýurdumyzyň bedew batly ösüşine mundan buýana hem bat goşar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýäde derejesinde ösdürmek ugrunda giň tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Ogulgeldi ANNAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik fiziologiýa kafedrasynyň uly mugallymy.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.