Peýdaly miweler barada kelam agyz

08-05-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sagdynlyk şahsy durmuşda üstünligi, işde öňegidişligi, owadanlygy we ýaşaýşyň hilini üpjün edýär. Gün tertibini saklamak, dogry we oňat gurnalan zähmet, dynç alyşlar we ukyny almaklyk sagdyn durmuş ýörelgesiniň maksatlaryna ýetmäge ýardam berýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirýän esasy şertleriň biri hem dogry iýmitlenmekdir. 

Saglygy goramak üçin arassaçylyk, işjeň hereket, dogry iýmitlenmek, wagtly-wagtynda kadaly dynç almak bilen birlikde ruhuňy belentde tutmak, kalby päklik hem zerur bolup durýar. Durmuşymyzyň her bir pursadyny maksatly işlere sarp etmek, şol üstünliklerimizden lezzet almak hem ömrümizi gözelleşdirýär, şeýle-de, saglygymyza oňyn täsirini ýetirýär.

Saglygy goramak hem berkitmek üçin, ilki bilen, sagdyn tebigy onümler bilen iýmitlenmek gerek. Dogry iýmitlenmegiň talaplaryny doly berjaý etmek biziň ählimiziň borjumyzdyr. Tebigy önümleri (ananasy, banan, gawun we ş.m.) iýmäge ymtylmalydyr. Bu miweleriň utgaşdyrylmagy, suwuň ýeterlik derejede kabul edilmegi kada laýyk agramy saklap, semizlikden we ol zerarly döreýän kesellerden goranmagyň girewidir.

Ananas, düzüminde C we B witaminini, antioksidantlary, iýmit önümlerini köp saklaýan miweleriň biridir. Şonuň üçin hem adam bedeni üçin has-da peýdalydyr. Köp adamlar bromelain saklaýandygy sebäpli ananasy gowy görýärler. Bu madda bedenimizde beloklaryň işjeňligini artdyrmaga we ýaglary aýyrmaga kömek edýär. Bu miwäniň 100 gramynda bary-ýogy 50  kaloriýa saklanýar.

Ananas dürli çiş kesellerine garşy göreşmäge kömek edýär. Sowuklama garşy göreşmek üçin bedenimizi ähli zerur iýmit maddalary bilen üpjün edýär.  Immun ulgamyny güýçlendirýär. Gyş we ýaz paslynda iýmit önümleriň arasynda ananasy ulanmak bilen dümewe garşy durup bilersiňiz. Sebäbi, ananasda askorbin kislotasynyň köp bolmagy wiruslara we ýokanç kesellere garşy göreşmekde ýardam berýär. Holestriniň bedende döremeginiň öňüni alýar we gan damarlarynyň diwarlaryny olardan arassalaýar. Iýmit siňdiriş ýollarynyň işini gowulaşdyrýar, aşgazan suwunyň fermentasiýasyny ýokarlandyrýar. Mundan başga-da, bedeni ýaşartmaga kömek edýär.

Banan, beden üçin ajaýyp energiýa çeşmesidir. Olarda uglewodlaryň siňdirilmegine kömek edýän fermentler bar. Bananda iýmit siňdirişi gowlandyrýan pektin maddasy saklanýar. Onuň esasy peýdaly häsiýetlerine bedeniň suwuklygyny aýyrmaga kömek etmegi, iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrmagy we bedeni arassalamaga kömek edýändigini aýtsa bolar. Her gün banan iýýän adamlaryň has optimistik we ünsli bolýandyklary subut edildi. Guradylan bananlar ähli ýokumly maddalaryny we elementlerini özünde saklaýar.

Sary gawun diňe bir şireli tagamy we ysy bilen däl, eýsem, iýmitleniş aýratynlyklary we bedene getirýän peýdalary bilenem söýülip iýilýän  bakja önümidir.Bu gawun immunitetiňi ýokarlandyrýar we adamy sowukdan goraýan C witaminiň çeşmesidir. Şeýle hem düzüminde B we A witaminlerini, fosfor we ýod  hem saklaýar. Sary gawun bedende ýürek we böwrek işlerini gowulandyrýar, nerw ulgamynyň işleýşini güýçlendirýär immun ulgamyny gowulandyrýar.

Bulardan başga-da sary iýmit önümlerine süýji sary burç, mekgejöwen, sary erik, sary greýpfrut, gök we beýleki miweler hem girýär. Sary pigmentli miweler we gök önümler bedeniň umumy saglygyny ýokarlandyrýar we toksinleri ýok etmäge kömek berýär.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda halkymyzyň saglygy goramak ugrunda amala aşyrylýan işleriň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak baradaky taýsyz tagallalarynyň netijesidir. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.


16a703563de1d8.jpeg
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär. 


16a70327b2209d.jpeg
Milli demokratiýanyň dabaralanmasy

Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Ýurdy hemmetaraplaýyn özgertmekde, jemgyýeti jebisleşdirmekde Halk Maslahatynyň ähmiýeti uludyr.


16a6b6a94cf074.jpeg
Merkezi kazyýet lukmançylygynyň belent sepgitleri

Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde kazyýet lukmançylygy gullugy hem täze ösüş ýoluna düşdi. 2016-njy ýylyň 21-nji iýulynda açylan Morfologiýa merkeziniň Merkezi kazyýet lukmançylygy edarasy geçen on ýylyň dowamynda özüni ýokary derejeli ylmy-amaly merkez hökmünde tanatdy.


16a50d3298549c.jpeg
TÄZE TEJRIBE – KÄMILLIGE ÝOL

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň bilim binýadyny ýokarlandyrmak ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda  talyplaryň bilim almagy diňe nazaryýet bilen çäklenmän, eýsem, olary amaly tejribe ýoluna ugrukdyrmak zerur bolup durýar.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.