IL SAGLYGY – ÝURT BAÝLYGY
24-12-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ägirt uly tagallalarynyň netijesinde türkmen halkynyň saglygyny goramaga, hil taýdan ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen täze häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamy emele geldi. Bu ulgam halkyň saglygyny goramakda geçirilýän işleriň toplumlaýyndygy, ulgamlaýyn häsiýete eýedigi bilen halkara bilermenleriniň ünsüni özüne çekýär.
Munuň özi bolsa saglygy goraýyşda sagdyn adamlaryň sagatlygyny saklamagyň, keselleriň öňüni almagyň, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň öňe sürülýändigini, saglygy goraýşyň ähli derejelerinde gurulýan saglygy goraýyş edaralarynyň iň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary we serişdeleri bilen üpjün edilen täze, häzirki zaman binalarynda ýerleşdirilýändigini, saglygy goraýyş kömeginiň ähli raýatlara deň derejede elýeterdigini görkezýär.
Pederlerimizden miras galan «Sag başym — soltan başym», «Baýlygyň sakasy — saglyk», «Saglyk adamlaryň başyndaky altyn täçdir», «Süňňüň sagatlygy — iň uly nygmat», «Akyldan artyk baýlyk ýok, saglykdan gymmat zat ýok», «Saglyk — baýlyk» ýaly ajaýyp nakyllardyr atalar sözlerinden mälim bolşy ýaly, asyrlarboýy sagdyn durmuş ýörelgesine eýermekligiň berk kadalaryny kemala getiripdirler. Şol kadalardan hem görnüşi ýaly, saglygymyzy goramak, ilki bilen, her birimiziň özümize bagly bolup durýar.
Ýurduň saglygy goraýşyny tapgyrlaýyn ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hem lukmançylyk hyzmatlaryny berjaý etmegiň halkara standartlaryna laýyk gelmegine gönükdirilen öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen iň häzirki zaman keselhanalaryň döredilmegi bolup durýar. Şu ýyllaryň dowamynda halkara hyzmatdaşlygy – Ýewropanyň lukmançylyk merkezleri bilen hyzmatdaşlyk, giň tejribe alyşmak işjeň ösdürildi. Bilelikdäki ylmy gözleglere, ylmy maslahatlary, sergileri we seminarlary guramaga uly üns berildi. Ýurdumyzda gurlan we gurulýan häzirki zaman hassahanalary hem-de bejeriş-anyklaýyş merkezleri dünýä ülňülerine laýyk hyzmatlar bilen üpjün edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldeleri bilen sagdyn durmuş ýörelgesiniň yzygiderli wagyz edilmegi, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi ilatyň saglygyny goramaga, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri kemala getirmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda arassaçylygy saklamak, howanyň zyýanly bölejiklerinden goranmak, ýiti respirator kesellerinden ägä bolmak, iýmitlenmek meseleleri, çilimkeşlige garşy göreş ýaly çäreler yzygiderli geçirilýär we ýerli hünärmenler tarapyndan ilatyň arasynda giňden wagyz edilýär.
Hormatly Prezidentimiziň: «Saglygy goraýyş ulgamy ýurdumyzyň milli howpsuzlygyny üpjün etmekde örän möhüm ugurlaryň biri bolmak bilen, ýokary derejede ösen medeniýetli döwletiň ilkinji nobatda ileri tutýan meselesidir» diýip belleýşi ýaly, saglygy goraýyş we derman senagatyny ösdürmekligiň baş maksady her bir raýatyň saglygyny goramakdan we pugtalandyrmakdan, adamlaryň ömrüniň sagdyn dowamlylygyny artdyrmakdan ybarat.
Il saglygy — ýurt baýlygyna deňelýän ýurdumyzda saglyk ulgamyndaky bu belent sepgitler her bir türkmen raýatyny begendirýär, buýsandyrýar. Türkmenistan döwletimiziň halkara derejesindäki at-abraýyny has-da beýgeldýär. Sagdynlygyň hem ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistan döwletimizde mydama sagdynlyk hem agzybirlik höküm sürsün! Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Ogulkeýik ANNAMUHAMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Endokrinologiýa kafedrasynyň müdiri.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.