TEHNOLOGIÝALAR ULGAMY — DÖWRÜMIZIŇ TALABY

08-05-25

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistanyň bilim ulgamy düýpgöter täze derejelere göterilýär. Bu özgertmeleriň hereketlendiriji güýji bolsa häzirki zaman kompýuter tehnologiýasynyň, ýagny sanly bilim ulgamynyň ösmegidir. Hormatly Prezidentimiziň: «Siz dünýädäki ylmy täzeliklerden, ösen tehnologiýalardan habarly bolmalysyňyz» diýen parasatly sözlerinden ugur alnyp, dünýä tejribesiniň häzirki zaman ylmynyň we tehnikasynyň durmuşa giňişleýin ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Şonuň bilen baglylykda bolsa täze tehnologiýalar ýurdumyzyň ähli pudaklaryna giňişleýin ornaşdyrylýar.

Bilim ojaklarynda sanly tehnologiýalaryň, ýokary tizlikli internet ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde bilim babatynda hyzmatdaşlyklar ösdürilýär, ylym-bilim merkezleri bilen uzak aralykdan sapaklar, wideoşekilli maslahatlar guralýar. Şonuň bilen bir hatarda ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap, elektron okuw kitaplary, gollanmalary, wideo-audio materiallary, interaktiw-multimediýa maksatnamalary, okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Şeýle-de sanly ulgama esaslanyp, teleköpri arkaly okuw sapaklary alnyp barylýar.

Uzak aralykdan bilim almaga täze mümkinçilikleriň açylmagy, talyplaryň okuw maglumatlaryny okuw kitaplary görnüşinde däl-de, elektron görnüşinde alyp bilmegi uly mümkinçiliklere ýol açýar. Bu ugurlarda elektron maglumat gorlary döredilýär. Döredilen maglumat gorlary zerur bolan okuw maglumatlary, kitaplar, gollanmalar, widioýazgylar bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyzyň ähli mekdeplerinde sanly bilim ulgamyna geçilýär. Sanly ulgamyň durmuşymyza ornaşdyrylmagy bilen, bilim ulgamynyň mümkinçilikleri artýar, talyplaryň döwrebap bilim almaklary üçin orta we ýokary okuw mekdeplerde bilim portaly hem-de elektron okuw ulgamy döredilýär.

Bilim ulgamyna ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar örän çaltlyk bilen kabul edilýär. Bu ugurda mugallymlaryň taýýarlyk derejeleriniň ýokarydygy hem bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde bilim işgärleri we mugallymlar, terbiýeçiler üçin ýörite okuwlar guralýar. Bu işler bilim işgärleriniň hünär derejesiniň ýokary bolmagyny gazanmaga ýardam edýär.

Ýurdumyzda soňky ýyllaryň dowamynda dünýä ülňüleriniň talaplaryny doly ödeýän ýokary okuw mekdepleri gurlup ulanylmaga berildi. Olaryň okuw otaglary dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň abzallary bilen enjamlaşdyryldy. Milli Liderimiziň ýörite Permany esasynda häzirki zaman abzallary bilen enjamlaşdyrylan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezi döredildi. Bu bolsa geljekde ylmy-derňew işlerini geçirmek boýunça biziň alymlarymyza dünýäniň ösen ylmy derejesinde işlemäge ýardam berer.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdeplerde oturdylan multimediýa serişdeleri dürli görnüşdäki maglumatlary özleşdirmäge mümkinçilik berýär, sapagyň netijeli bolmagyny üpjün edýär. Talyplaryň temalary düýpli özleşdirmeklerinde, olaryň gözýetiminiň giňemeginde, bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmakda multimediýa serişdeleriniň hyzmaty uludyr. Okuw mekdeplerinde her bir tema boýunça sanly maglumatlary,  tekstleri, işjeň oýunlary özünde jemleýän okuw gollanmalary giňden ulanylýar. Taýýarlanan slaýdlarda şekilleriň san maglumatlarynyň berilmegi talyplarda okuwa gyzyklanma döredýär.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde alyp barýan tutumly işleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.