Guradylan miweleriň peýdasy barada
10-05-25
Guradylan erik
Ol ýürege we aşgazan-içege oňyn täsir edýär we görüşi gowulandyrýar. Guradylan erikleri yzygiderli iýmek, gan damarlarynyň petiklenmek howpuny peseldýär we gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, sagdyn derini, dyrnaklary we saçlary ösdürýär. Guradylan erik gemoglobini köpeldýär we aşgazan-içege kesellerinde peýdalydyr. Guradylan miweler, çişmä garşy gowy serişdedir.
Kişmiş
Nerw ulgamyny berkitmäge kömek edýär, dartgynlygy, ýadawlygy aradan aýyrmaga kömek edýär we ukyny gowulaşdyrýar. Göwreli we emdirýän aýallar üçin peýdaly: demir ýetmezçiligini doldurýar we laktasiýany gowulandyrýar. Kişmiş ýürek myşsalarynyň saglygyna oňyn täsir edýär, nerw ulgamyny we immuniteti güýçlendirýär.
Guradylan injir
Immuniteti goraýar, içege parazitlerini kowýar. Agyz boşlugynyň çişmegine, üsgülewige kömek edýär.
Guradylan şetdaly
Ýürek-damar ulgamyndan we böwrek kesellerinden ejir çekýänler üçin peýdalydyr. Guradylan şetdaly immuniteti pes we gan azlygy bolan adamlar üçin peýdalydyr. Ýadawlygy aradan aýyrmaga we keselden soň dikelişi çaltlaşdyrmaga, ýürek-damar ulgamyny berkitmäge, bagyr we böwrekleri işjeňleşdirmäge kömek edýär.
Guradylan miweleriň zyýanly taraplary
Bu peýdalara garamazdan guradylan miweler hem zyýanly bolup biler. Bu esasanam senagat derejesinde öndürilenler üçin has dogrydyr. Olaryň satuwa çykarylýan köp görnüşi, mör-möjeklerden goraýan we ýaramlylyk möhletini uzaldýan intensiw himiki bejerginiň üsti bilen gazanylýar. Açyk reňkler iýmitiň reňklenmeginiň we kükürdiň dioksidiniň tüsselenmeginiň netijesidir. Munuň üçin guradylan miweler arzan ösümlik ýaglary ýa-da gliserin bilen bejerilýär. Hatda ýokary hilli guradylan miweler hem zyýanly bolup biler.
Guradylan erikleri, almalary we beýleki miweleri halaýanlar üçin çäksiz mukdarda gözegçiliksiz sarp edilmegiň içgeçmä, çişmä we iýmit siňmezlige sebäp bolup biljekdigini ýatdan çykarmaly däldir. Süýjüligi we glýukozanyň mukdary sebäpli süýji keseli bolan adamlar guradylan miweleri diňe lukman bilen maslahatlaşandan soň we onuň gözegçiligi astynda iýmeli. Mundan başga-da, guradylan miweleriň we miweleriň kaloriýasy köp, şonuň üçin horlanmak isleýänler olary iýmitine goşmaly däldir.
Guradylan miweleri nädip saýlamaly?
Hil taýdan guradylan miweler ýakymsyz görnüşe eýe - gaty we reňkli. Örän açyk reňk, kükürt dioksidi ýa-da iýmit reňkleri bilen bejerilendigini görkezýär. Şeýle hem, hakyky guradylan miweleriň belli bir ysy ýok. Miweleri öýde guratmak has gowudyr. Emma muny etmek mümkin bolmasa, satyn alnan guradylan miweleri ulanmazdan ozal, gaýnag suwa ýa-da otag temperaturasyna suwa batyryp, soňra sowuk suwda ýuwmaly. Bu hapa, kükürdi we himiki serişdeleri aýyrmak üçin ýardam edýär.
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.