BAGTYÝARLYK DÖWRÜMIZIŇ ÝAŞLARY
10-10-21
Gahryman Arkadagymyz «Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty durmuş-ykdysady,syýasy, medeni, guramaçylyk we hukuk çäreleriniň bitewi ulgamydyr. Bu çäreler ýaş raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we döwlet kepilliklerini, olara goldaw bermegi üpjün etmäge, şeýle hem ýaşlaryň jemgyýetde doly ykrar edilmegine gönükdirilendir. Ýetginjekleriň we ýaşlaryň hukuklarynyň döwlet tarapyndan goldanmagynyň kanunçylyk esasyny mundan beýläk-de berkitmek üçin bu ugurda hem kanun çylygy kämilleşdirmek zerurdyr» diýip nygtaýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem, elbetde, röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, işlemegine gönükdirilendir. Mähriban Arkadagymyz Watanymyzyň geljeginiň ýaşlara baglydygyny öz çykyşlarynda hemişe nygtap,döwletiň öňünde ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete bolan söýgini terbiýelemek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak, olaryň jemgyýetçilik, şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek ýaly örän möhüm wezipeleri goýýar.
Milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny»durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bilşimiz ýaly, Arkadag Prezidentimiziň başlangyjy esasynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy döredilip, şonuň esasynda-da ýaş maşgalalary goldamak, ýaşlaryň,şol sanda zenanlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy, bilim almagy, dynç alşy üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlaryň arasynda geçirýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagynyň zerurdygyna,halkymyzyň baý medeni mirasyny saklamak, dikeltmek, öwrenmek we artdyrmak, milli gymmatlyklary, däpdessurlary, maşgala edebini giňden wagyz etmek arkaly sagdyn, ýokary ahlak bilimli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işleriň yzygiderli amala aşyrylmalydygyna hemişe ünsi çekmegi, elbetde, ýaşlar hakyndaky aladanyň giň gerime eýediginiň kepilidir.
Ýaşlara uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar hakdaky atalyk aladalaryna jogap edip,institutymyzyň bagtyýar ýaşlarymyz sagdyn durmuş ýörelgesini özlerine hemişelik hemra edinip, sport bilen meşgullanyp, öz ylym-bilimleri, yhlasly zähmetleri bilen eziz ata Watanymyzyň – Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Ýer ýüzündäki abraý mertebesini has-da belende götermekligi hemişe öz mukaddes borçlary saýýarlar.
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary esasynda ýaşlaryň durmuş üpjünçiligini kepillendirýän milli kanunçylyk ulgamy kemala getirildi. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilip, ýurdumyzda ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak we ösdürmek babatynda netijeli işler ýola goýuldy. Döwletimiziň ähli ulgamlarda gazanýan üstünlikleri bagtly geljegimiziň eýeleri bolan ýaşlar bilen berk baglanyşyklydyr.
Bu günki gün ýaşlaryň okamagy, işlemägi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjymyzyň çägi ýokdur. Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, ilýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaç bolsun!
Gunça AKYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.