TÜRKMENISTAN — SAGDYNLYGYŇ WE RUHUBELENTLIGIŇ ÝURDY
25-12-25
Ynsan saglygyny döwletimiziň baş baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz öz raýatlarynyň beden we ruhy taýdan sagdyn ösmekleri ugrunda yzygiderli alada edýär. Paýtagtymyzda, şeýle-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup, dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip ulanylmaga berilýän döwrebap lukmançylyk merkezleridir saglyk öýleri, hassahanalardyr şypahanalar şol aladalaryň miweleridir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň şypahana ulgamyny has-da ösdürmek, şypahana bejeriş we sagaldyş dikeldiş usullarynyň hem-de hyzmatlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän netijeli görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmenistanda şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça 2021—2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama» tassyklanyldy. Şeýle hem ýurdumyzda şypahanalaryň maliýe durnuklylygyny pugtalandyrmak, hödürlenýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreleriň çäklerinde, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollamanamalaryň bahalary tassyklanyldy.
Adam üçin tapylgysyz baýlyk bolan saglygy goramak bu günki gün eli şypaly lukmanlarymyzyň paýyna düşýär. Şoňa görä-de, ilatyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak we abadançylygyny ýokarlandyrmak, adamyň ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, raýatlaryň saglygyny goramak babatda hemmetaraplaýyn giň mümkinçilikleri we şertleri üpjün etmek, kämil hem-de ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek, keselleriň öňüni almak saglygy goraýşyň baş ugry bolup durýar.Adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi bolsa,ilkinji nobatda,olaryň saglygynyň goralyşy we berkidilişi,ýurtda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň,köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ýaýbaňlandyrylyşy bilen kesgitlenilýär.
Sagdyn durmuş ýörelgelerini berk berjaý etmegiň nusgalyk ýörelgesini görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, bu ulgamy ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar.Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenilip geçilýär.
Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Garadaşaýak ýaşaýyş toplumynda gurlan döwrebap saglyk öýüniň, 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmegi ýurdumyzda ynsanyň baş baýlygynyň — saglygynyň mäkäm goraglylygy ugrunda uly alada edilýändigini görkezdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahananyň, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabaralary uly ruhubelentlige beslendi.
Türkmenistanyň Prezidenti, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, akademik Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu işi hem, beýleki eserleri ýaly, daşary ýurtlarda meşhurlyga eýe boldy. Gahryman Arkadagymyzyň dünýäniň köp dillerine terjime edilen “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli, ylmy-ensiklopedik eseri bütin dünýäniň okyjylarynda uly meşhurlyga eýe boldy. Kitabyň nobatdaky, XVII jildiniň çap edilmegi Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe ajaýyp sowgat boldy.
Sizi mukaddes hünäriňiziň şatlykly güni bolan Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys! Janyňyzyň sag bolmagyny we ömrüňizi aýrylmaz görnüşde badaşdyran işiňizde uly üstünlik gazanmagyňyzy arzuw edýäris.
Goý, halkymyzyň saglygyny döwletimiziň baş baýlygyna deňäp, her birimiziň sagat ýaşamagymyz üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Güljan ATAJANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Adam anatomiýasy, topografiki anatomiýa we operatiw hirurgiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
Ulag-aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar
Ulag we aragatnaşyk toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar. Bu barada düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annaýewiň hasabatynda bellenildi.
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň on aýynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 3,8 göterime, gurluşykda 6,8 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,6 göterime, oba hojalygynda 1,2 göterime we hyzmatlar ulgamynda 8,5 göterime deň boldy.
Türkmenistanda Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni uzynlygy 546 kilometre deň boljak Aşgabat–Daşoguz awtomobil ýolunyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Täze ýol paýtagty ýurduň demirgazyk sebiti bilen birleşdirip, geljekde Demirgazyk–Günorta halkara ulag geçelgesiniň möhüm bölegine öwrüler. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
"Hazar Logistik" we "Gebrüder Weiss" Türkmenbaşy portunyň logistika mümkinçiliklerine garadylar
Türkmenistanyň "Hazar Logistik" hojalyk jemgyýetiniň ýolbaşçylary bilen Awstriýanyň "Gebrüder Weiss GmbH" halkara ulag-logistika kompaniýasynyň wekilleri arasynda işewür duşuşyk geçirilip, taraplar halkara ýük daşamalaryny ösdürmekde Türkmenbaşy portunyň we Türkmenistanyň ulag-logistika mümkinçiliklerinden peýdalanmak meselelerine garadylar. Bu barada "Hazar Logistik" kompaniýasynyň sosial sahypasynda habar berilýär.
Türkmenistanda «akylly şäherler» boýunça hünärmenler taýýarlanylar
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi «akylly şäherler» ulgamynda hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen ýurtdaky we daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdepleri, ylmy guramalar hem-de kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýarlanýar. Bu barada Aşgabatda geçirilýän CIET 2026 halkara maslahatynda we sergisinde aragatnaşyk ministriniň orunbasary Berdimyrat Berdiýew mälim etdi.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.