BERKARAR DÖWLETIMIZIŇ ŞANLY GADAMLARY
03-06-23

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkyna uly bagty peşgeş berdi. Garaşsyzlyk we Bitaraplyk halkymyzyň milli akabasyna dolanyp gelmek isleginiň, erkanalyk ruhunyň köňüllerde şinelän binýady netijesinde bina boldy. Sebäbi türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde geçmişde azat hem erkin durmuşy gurmaklygyň gymmatynyň aýratyn orny bardy.
Bu iki mukaddeslik geçmişde halkymyzyň toplan mirasyny we durmuş tejribesini jemgyýete gaýtaryp getirdi. Ata-babalarymyzyň nesillere galdyran baý mirasyna, giň dünýägaraýşyna, paýhasly ýol-ýörelgelerine eýe bolduk. Berkarar döwletimiziň her bir raýaty bu adamkärçilikli ýörelgelerdir paýhas gorlarynyň dürdänelerini häzirki zaman jemgyýetinde gymmatlyk hökmünde nusga edinip aldy.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygyny bütin dünýä jar edenine 32 ýyl, hemişelik Bitaraplyk hukugyna bolsa 27 ýyl dolýar. Bu döwürde türkmen halky halal zähmeti, baý döredijilik mirasy, ynsanperwer garaýyşlary, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary bilen bütin dünýäde ykrar edilen millet hökmünde özüni tanatdy. Bu mukaddeslikler pederlerimiziň ýyllarboýy arzuw-telwaslarynyň, köňül küýsegleriniň bu günki günde amala aşandygynyň görkezijisi hökmünde belent hem milli häsiýetde ebedi bütewiligini tapdy. Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty döwletimiziň dürli ugurlardaky belent ösüşlerine we ýaşaýyş rowaçlygyna täzeden jan, täzeden badalga berdi.
Diýarymyz arzuwlaryň amala aşyp, halkyň eşretli zamanada bagtyýar döwran sürýän ýurduna öwrüldi. Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk binýadyny düýpli berkidýän ýurt Baştutanymyzyň halkymyza bagyş eden erkinliginiň, rowaçlygynyň, bagtyýarlygynyň bu günki gündäki höziri hem, ýakymy hem başgaça.
Gysga wagtyň içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanyldy. Ýurtda halkyň maddy we ruhy durmuşyny özgerden birnäçe durmuş-ykdysady, medeni we syýasy maksatnamalar kabul edildi. Türkmenistan gülläp ösýän ykdysadyýetli, kadaly syýasy ulgamly, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän demokratik, hukuk we dünýewi häzirki zaman döwletine öwrüldi. Ýurdumyzyň gysga wagtda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilmegi bolsa ösüşleriň täze belentligine çykmaga, dünýä ähmiýetli, umumadamzat bähbitli meseleleri öňe sürmäge itergi berdi.
«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda ynsanperwerlik ýörelgesinden ugur alyp, Türkmenistan Diýarymyzyň ösüşlerini dünýä derejesine çykaran, halkara at-abraýyny belentliklere galdyran Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Ylýas MERDANOW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 1-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.