«SAGLYK» DÖWLET MAKSATNAMASY ŞÖHRATLANÝAR
24-12-25
Berkarar döwletimizde yglan edilen 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda toýlar toýlara ulaşýar. Bu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyzyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýy bilen birlikde «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilenine hem 30 ýyl doldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň baş baýlygy bolan ynsan saglygyny goraýan ugur binýatlyk ulgam hökmünde häzirki döwürde öňdäki hatara çykdy. Milli Liderimiziň öňdengörüji başlangyçlary bilen işlenip düzülen hem-de kabul edilen «Saglyk — 2025» atly sebit strategiýasyny nazara alýan häzirki zaman milli saglygy goraýyş syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ilatyň psihiki saglygyny goramak boýunça 2018–2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamany tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ilatyň fiziki işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça 2018–2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakynda» hem-de «Türkmenistanda 2018–2025-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamany tassyklamak hakynda» gol çeken Kararlary ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, adamlaryň ömrüni uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, berk bedenli we ruhy taýdan kämil ýaş nesli kemala getirmek boýunça netijeli işlere gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan, egsilmez gujur-gaýratyndan gözbaş alýan bagtyýarlyk döwrümiziň her güni uly ösüşlere, belent sepgitlere beslenýär. Dünýä ýüzüni haýran eder derejede halk hojalygynyň ähli ulgamlarynda gazanylýan şeýle zähmet ýeňişleriniň mizemez binýadynda saglyk, agzybirlik, maksada okgunlylyk, ruhubelentlik ýaly mukaddeslikler durýar.
Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketini, lukmançylyk edaralaryndan başga-da, şypahana, hem-de sport ulgamyny, syýahatçylyk we dynç alyş ulgamyny öz içine alýan döwrebap saglyk düzümini ösdürmek babatda edilýän işleriň ählisi raýatlarymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Garaşsyz Watanymyzy hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösýän ýurda öwürmek maksady bilen, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başda durmagynda milli saglygy goraýyş ulgamynyň döredilendigini aýratyn nygtamak gerek. Lukmançylyk ylmynyň we tehnologiýalarynyň gazananlaryny, öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebap ýagdaýy kemala geldi. Dünýäniň ösen döwletleri, iri halkara guramalar bilen alyp barýan hyzmatdaşlygymyz hem milli saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär.
Hormatly Prezidentimiziň uly tagallalarynyň netijesinde türkmen halkynyň saglygyny goramaga, hil taýdan ýokary netijeleri gazanmaga gönükdirilen kämil saglygy goraýyş ulgamy emele geldi. Munuň özi ilatyň saglygyny goramaga degişli dünýädäki öňdebaryjy iş tejribäni özünde jemleýän kanunlaryň kabul edilendigini, saglygy goraýyş ulgamyna ylmyň we tehnologiýanyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylýandygyny aňladýar.
Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan Türkmenistanyň raýatlarynyň saglygy barada atalyk aladalaryny edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Merjen DURDYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.