Wagt bu uly gymmatlykdyr
02-04-23
- Şu gün etmeli işiňizi, sapagyňyzy ýa-da meseläňizi ertire goýmaň. Sebäbi her günüň öz işi bar.
- Bir gezekde diňe bir zady ediň, bir sapak, bir kitap, hatda bir bap üstünde işläň. Pikiriňizi sowmazlyk üçin.
- Başlan zadyňyzy gutarman başga birine geçmäň.
- Şu günki işimizi gutarandan soň ertir näme etmelidigini meýilleşdiriň.
- Işlemek üçin oturanyňyzda, ähli akyl we beden güýjüňizi şol işe bagyşlaň.
- Edýän işiňizde kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz, ony ýeňip geçmezden ozal bir ädim yza çekilmäň. Şuny biliň: hyjuw kynçylyklary ýeňip geçmekden gelýär. Bu zat adama ruhy lezzet berýär.
- Ilki bilen işiňizde ýüze çykýan kynçylyklary aýyryň, soňra bir bölekden ýerlikli çözmäge synanyşyň.
- Yzygiderli işläň, iş prosesinde uzak dynç almaň. Işlemek ukybyňyz peselmez ýaly.
- Bir işden ýadasaňyz, işiňizi üýtgediň ýa-da dynç almak üçin haýal hereket ediň. Diňe dynç almak bahanasy bilen boş oturmaň. Dynç alyş aýlarynda-da azajyk işläň.Ol adamyñ saglyk ýagdaýyna-da ruhy ýagdaýyna-da zyýanly täsir ýetirmeýär.
- Iş öndürijiligiňizi işe sarp eden wagtyňyz bilen ölçemäň we “Şu gün köp sagat işledim, ýeterlik” diýmäň, islendik bir işi edeniñizde oña sarp eden wagtyñyza däl-de işiň netijesine serediñ.
- Şu gün näme edeniňizi, haýsy netijelere ýetendigiňizi we ertir näme etjekdigiňizi pikir etmän uklamaň.
- Hiç wagt gaharlananyňyzda bir zat etmegi ýüregiňize düwmäň, gaharyňyzyň azalmagyna garaşyň.
- Bir zady etmek ýa-da etmezlik barada berk karar berip bilmeýän bolsaňyz, onuň peýdaly we zyýanly taraplaryny üns bilen gözden geçiriň, iň peýdalysyn we iň az zyýanlysyn saýlaň.
- Garrylaryň tejribesini ulanyñ özbaşdak tejribesiz zatlara synanyşmak gowulyga eltmez.
Taýýarlan Aýbibi KUTLYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
Halk Maslahaty: demokratiýa, döwletlilik, jebislik
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türken halkynyň Milli Lidei Gahryman Arkadagymyzyň döwlet gurluşyny kämilleşdirmek, halkyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere uly üns berilýär we olar döwrebap derejede ösdürilýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.