“Türkmentelekom” Wi-Fi ulgamynyň çägini giňeldýär

12-10-21

Täzelikde gurlup ulanylmaga berlen “Aşgabat” söwda-alyş merkezinde ýokary tizlikli interneti üpjün etmek maksady bilen, “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy tarapyndan çäksiz Wi-Fi ulgamy ornaşdyryldy. Täze ýer eýýäm kompaniýanyň web sahypasyndaky interaktiw karta hem goşuldy.

Bu ýerde internet ulgamyna birikmek üçin ýüze çykýan mümkin bolan torlaryň sanawyndan TM Wi-Fi salgyny saýlamak ýeterlikdir. Netijede, Wi-Fi torunyň giriş sahypasy açylýar.

Fiziki şahslara hödürlenilýän Wi-Fi tehnologiýasyna esaslanýan internete giriş hyzmatlarynyň häzirki nyrhnamalaryny şu ýerden tapyp bilersiňiz. Çäksiz internetiň tizligi 3 mbit/sekunda barabardyr.

Belläp geçsek, “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezi sentýabr aýynda açylyp ulanylmaga berildi.

16af3febb6d4a9.jpg
Sanly tehnologiýalar we döwrebap ulag-logistika – ýollaryň akylly ulgama öwrülişi

Ulag-logistika pudagy häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetiniň iň çalt ösýän we tehnologik taýdan özgerýän ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda kabul edilýän çözgütler diňe bir ýük daşamalaryň tizligini we netijeliligini ýokarlandyrmaga däl, eýsem, üpjünçilik zynjyrlarynyň ygtybarlylygyny, açyklygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Häzirki döwürde ýollar, ulag serişdeleri we sanly tehnologiýalar bitewi ulgam hökmünde özara baglanyşykda hereket edýär.


16af3f90b4bdab.jpg
Hazar deňzi arkaly konteýner daşamalarynyň bahasynyň ýokarlanmagy bes etdi

Hazar deňzi arkaly konteýner daşamalarynyň nyrhlary ýylyň başyndan bäri ýokarlanandygyna garamazdan, oktýabr aýynda durnuklaşdy. Bahalaryň ozal ýokarlanmagyna Ýakyn Gündogardaky durnuksyz ýagdaýlaryň täsiri sebäpli Hytaýdan Ýewropa alternatiw deňiz ugurlary arkaly konteýner iberilişinde bökdençlikleriň ýüze çykmak ähtimallygy baradaky aladalar hem sebäp bolupdy.


16af3f69a329ac.jpg
Türkmenistan bilen Hytaýyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy şu ýylyň 9 aýynda $8 milliarda golaýlady

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 2026-njy ýylyň ýanwar–sentýabr aýlarynda 7 milliard 917 million 337 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük gullugy habar berýär.


16af3f394c6a9b.jpg
Deňhukuklylyk, özara goldaw bermek we hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan strategiýa

Geçen hepdäniň wakalarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen we hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän ugur aýdyň şöhlelendi. Bu ugur halkara bileleşik bilen netijeli dialogy ösdürmäge, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, Watanymyzyň durmuş-ykdysady özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmegine hem-de parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir.


16af33ec561900.jpg
Türkmenistanyň wekiliýeti Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň Doly ygtyýarly maslahatyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministri Hajymyrat Hudaýgulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Kataryň Doha şäherinde geçirilýän Halkara telekommunikasiýa bileleşiginiň (HTB) Doly ygtyýarly maslahatynyň çäklerinde birnäçe duşuşyklary geçirdi.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.