Parahatçylyk döredijilik we durnukly ösüş ata Watanymyzyň rowaçlygynyň gözbaşydyr
12-10-21
Netijeli halkara hyzmatdaşlyk, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny durnukly ösdürmek, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny senagatlaşdyrmak hem-de sanlylaşdyrmak, eziz Diýarymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna gysga möhletde çykarmak maksady bilen onuň senagat, zähmet we aň-bilim kuwwatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Geçen hepdäniň wakalary bu syýasatyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.
4-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda şu ýylyň 9 aýynda harby we hukuk goraýjy edaralarda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem degişli düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz jemgyýetimizde asudalygy we düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça hukuk goraýjy edaralaryň bilelikdäki işlerini dowam etdirmegiň wajypdygyny belläp, döwletimiziň Bitaraplyk derejesine esaslanýan ynsanperwerlik syýasaty netijesinde, ýurdumyzda ýaşaýan raýatlaryň hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Mejlisde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
4-5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistan Respublikasyna resmi sapary boldy. Gepleşikleriň dowamynda iki ýurduň Liderleri ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegi we uzak möhletli geljegi nazara alyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar.
Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda özara söwdada harytlaryň sanawyny köpeltmek we giňeltmek, dürli pudaklarda senagat kooperasiýasyny ösdürmek, isleg bildirilýän önümleri öndürmek we olary üçünji ýurtlaryň bazarlaryna çykarmak, logistika düzümlerini kemala getirmek görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar degişli “Ýol kartasyny” taýýarlamak barada ylalaşdylar.
Döwletara hyzmatdaşlygy sebit derejesinde işjeňleşdirmek maksady bilen, ikitaraplaýyn Sebitleriň forumyny ýola goýmak we onuň ilkinji duşuşygyny geljek ýyl Hywada geçirmek teklip edildi.
Netijeli syýasy hyzmatdaşlygy, şol sanda owgan meselesi boýunça hyzmatdaşlygy alyp barmak maksady bilen, iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýykdygy bellenildi.
Parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinden başga-da, taraplar howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy durmak, Merkezi Aziýa sebitiniň suw serişdelerinden aýawly we rejeli peýdalanmak, Aral meselesini çözmek ýaly wajyp ugurlarda tagallalary utgaşdyrmagy bellediler.
Gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Raýatlar üçin wiza amallaryny ýönekeýleşdirmek hakynda Ylalaşyk, raýatlaryň özara saparlary barada Teswirnama, Adalat ministrlikleri we Ylymlar akademiýalarynyň arasyndaky Ähtnamalar, 2024-nji ýyla çenli medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk Maksatnamasy, Biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça Ylalaşyk, 2025-nji ýyla çenli ösümlikleriň karantini we goragy barada çäreleriň meýilnamasy, hojalyk şertnamalary, Himiýa senagaty ulgamyndaky Ähtnama, Serhetýaka söwda merkezi, özara söwda we maýa goýumlary, metrologiýa ulgamyndaky Ylalaşyklar, Statistika we iş üpjünçiligi ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk babatyndaky Ähtnama, Suw tygşytlaýjy tehnologiýalar baradaky Ähtnama, Üstaşyr we demir ýol gatnawlary baradaky Ähtnama, aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk, Daşoguz — Gürlen barlag geçiriş nokadyny işe girizmek hakyndaky Teswirnama, ulag ulgamyndaky ýol kartasy, maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnama bar.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Baştutanyny özi üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklaryň öňüsyrasynda Daşkent şäherinde bilelikdäki ykdysady forum geçirildi we onuň çäklerinde birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, döwlet we hususy düzümleriň wekilleriniň duşuşyklary geçirildi. Onuň barşynda türkmen-özbek özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge we diwersifikasiýalaşdyrmaga, hususy ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalara gol çekildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna resmi saparyny tamamlap, Aşgabada gelende, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň we onuň töwerekleriniň yşyklandyrylyşynyň özboluşly aýratynlyklaryna üns berdi. Döwlet Baştutanymyz şäheriň her bir künjeginiň, dürli maksatly desgalaryň degişli yşyklandyryş ulgamlary bilen üpjün edilmelidigini, şol sanda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň bezegine, yşyklandyrylyşyna uly üns berilmelidigini belledi.
6-njy oktýabrda — Hatyra gününde Türkmenistanlylar 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesiniň pidalaryny, söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary hasrat bilen hatyraladylar. “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynyň “Ruhy tagzym” we “Milletiň ogullary” hem-de “Baky şöhrat” ýadygärliklerine gül goýmak çäresine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz ýadygärlikler toplumynyň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ornuna ünsi çekip, mekdep okuwçylarynyň hem-de talyplaryň topluma ýygy-ýygydan gelmegini guramagyň zerurdygyny, ýaşlarda merdana halkymyzyň beýik taryhyna buýsanjy hem-de hormaty, milletimiziň gahrymançylykly taryhyny yzygiderli öwrenmäge höwesi döretmäge aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady.
7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň barşynda milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen gutlady we oňa berk jan saglygyny hem-de Russiýanyň dostlukly halkynyň bähbidine alyp barýan döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Iki ýurduň Liderleri ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde giň ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. “Hazar bäşliginiň” çäklerinde özara gatnaşyklar köptaraply hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Türkmenistanyň şu ýyl Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitini geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň Russiýa tarapyndan başlygy Alekseý Owerçugy kabul etdi. Myhman dostlukly ýurduň wekiliýetiniň uly toparyna ýolbaşçylyk edip, iş sapary bilen Aşgabada geldi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna garaldy.
Işjeň, netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň şu günki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşyp, söwda-ykdysady hem-de ýangyç-energetika toplumy, oba hojalygy, himiýa hem-de gaýtadan işleýän senagat, ulag-aragatnaşyk we birnäçe beýleki ileri tutulýan möhüm ugurlarda gatnaşyklary has-da depginli ösdürmek üçin uly kuwwatyň hem-de mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň hem-de diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň netijeli guraly hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň eýeleýän orny aýratyn bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda ugurdaş düzümleriň arasynda tejribe alyşmak bilen birlikde, koronawirus ýokanjyna garşy göreşmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge aýratyn üns çekildi.
Şol gün hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga döwlet düzümleriniň birnäçesiniň, şol sanda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Toparyň türkmen bölegine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow ýolbaşçylyk edýär.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-rus hyzmatdaşlygyny birnäçe ileri tutulýan ugurlar boýunça, şol sanda söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda işjeňleşdirmegiň, şeýle hem Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri, iri senagat, medeniýet merkezleri bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmegiň wajypdygy bellenildi.
Mejlisiň jemleri boýunça “Türkmenistanyň Hökümetiniň we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna” gol çekildi.
Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda russiýaly işewürler dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giň gerimli milli maksatnamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga gönükdirilen anyk teklipleri beýan etdiler.
“Türkmendemirýollary” agentliginiň “Demirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Russiýa Federasiýasynyň “Transmaşholding” paýdarlar jemgyýetiniň düzümindäki “Kolomenskiý zawod” paýdarlar jemgyýetiniň we “Brýansk maşyngurluşyk zawody” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda geçen ýylyň dekabrynda baglaşylan şertnama laýyklykda ýolagçy hem-de ýük teplowozlary Türkmenistana gelip gowuşdy. Önümçilik hili ýokary derejedäki täze ýolagçy we ýük teplowozlary ýurdumyzyň demir ýol pudagynda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň has öndürijilikli hem-de işjeň bolmagyna ýardam eder.
7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Harazýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz hem-de dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili giň gerimli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin uly mümkinçiligiň bardygyny nygtap, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we kommunikasiýa ulgamlaryny, oba hojalygyny we syýahatçylygy bellediler.
Ynanyşmagy, özara düşünişmegi we iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyny berkitmegiň aýrylmaz şerti bolan medeniýet, bilim we ylym ulgamlarynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi bellenildi.
8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalygy toplumynyň pudaklarynyň garalýan döwürdäki işleriniň netijeleriniň Garaşsyz Watanymyzyň koronawirus pandemiýasynyň dünýä ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsiri netijesinde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýa garamazdan, üstünlikli ösüşini aýdyň görkezýändigini belledi.
Hasabat döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterime deň boldy. Daşary haryt dolanyşygy 12,3 göterim artyp, 9 milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy.
Eksportyň möçberi geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 20 göterime golaý artdy we 6 milliard amerikan dollaryna golaý boldy. Iň esasy zat bolsa, eksportyň möçberi, ýangyç-energetika serişdelerini hasaba almazdan, 50 göterime golaý artdy.
Şu geçen döwrüň içinde ýurdumyzda göz öňünde tutulan 30 desganyň deregine 62 sany iri desga işe girizildi. Umumy meýdany ýarym million inedördül metre golaý durmuş-medeni maksatly binalar, şol sanda ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar we dynç alyş toplumlary, ençeme lukmançylyk merkezleri, umumybilim berýän mekdeplerdir çagalar baglary hem-de beýleki desgalar ulanmaga berildi.
Häzirki döwürde Türkmenistanda umumy bahasy 35 milliard amerikan dollaryna golaý bolan 2,5 müň sany iri desganyň gurluşygy dowam edýär. Şolaryň hatarynda nebitgaz ýataklaryny özleşdirmegi we abadanlaşdyrmagy, gaz geçirijileriň, sport desgalarynyň, ýollaryňdyr uly köprüleriň, durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyny görkezmek bolar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijilerini gurmak, şeýle hem beýleki halkara taslamalaryny amala aşyrmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar.
Oba hojalygynda geçirýän özgertmelerimiz hem netije berip başlady. Şu ýyl gallanyň gowy hasyly ýygnaldy. Nesip bolsa, Hasyl toýuna çenli pagta taýýarlamak baradaky tabşyryk hem ýerine ýetiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ynam bildirdi.
Milli Liderimiz ýylyň ahyryna çenli ähli göz öňünde tutulan işleriň üstünlikli tamamlanmalydygyna ünsi çekdi. Hususan-da, 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujetini we Maýa goýum maksatnamasyny tassyklamak üçin taýýarlamak barada tabşyryk berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow esasy wezipeleriň hatarynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmegiň we daşary ýurtlara iberilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmagyň döwlet maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynyň has-da çaltlandyrylmalydygyny, dürli pudaklarda bar bolan uly mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmalydygyny nygtady.
Milli Liderimiz geljek ýylda ählumumy başlangyçlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen birnäçe halkara hem-de içerki çäreleriň geçirilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, täze ýyla çenli galan wagtyň içinde geljek ýylyň iň gowy nyşany üçin bäsleşik yglan etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramynyň giňden bellenilip geçiljekdigini aýdyp, aýratyn tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakyndaky Permana we Karara gol çekdi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň baýramyna gabatlap, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň XIII jildini tamamlandygyny habar berdi.
Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini ýene-de 10 göterim ýokarlandyrmak hakyndaky Permana gol çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyz boýunça iň pes aýlyk zähmet hakynyň möçberine gaýtadan seretmegiň wagty ýetdi diýip hasap edýändigini belledi. Bu bir tarapdan, örän möhüm makrogörkezijidir, beýleki tarapdan bolsa, biziň her birimize düşnükli bolan görkezijidir. Sebäbi biziň esasy syýasatymyz — «Döwlet adam üçindir!» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
8-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli sanly ulgam arkaly geçirilýän “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly alym-lukmanlaryň halkara maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory Hans Klýugeni kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz myhmana “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň amala aşyrylyşy, koronawirus ýokanjynyň Türkmenistanyň çäklerine aralaşmagyna garşy durmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler, BMG we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen saglygy goraýyş ulgamy boýunça alnyp barylýan ysnyşykly ýakyn hyzmatdaşlyk barada gürrüň berdi.
BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň ýolbaşçysy milli Liderimize köptaraply hyzmatdaşlygy ýola goýmaga netijeli çemeleşýändigi hem-de koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşmek boýunça umumy tagallalara goşýan uly goşandy üçin hoşallygyny bildirip, ýurdumyzda häzirki günde ilatyň 70 göterimden gowragyna sanjym edilendigini, munuň özüniň bolsa, beýleki döwletler bilen deňeşdirilende, Türkmenistany ilkinji orunlara çykarýandygyny nygtady.
9-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyryp, Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň milli gününe gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynyň gazananlaryny, taryhy-medeni mirasymyzy, eksport mümkinçiliklerini, dünýäniň geljekki ösüşine goşýan goşandyny açyp görkezýän türkmen bölümini synlady, şeýle hem Birleşen Arap Emirlikleriniň bölümine baryp gördi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “EKSPO — 2020”-niň Baş kabul ediş merkezinde Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen gepleşikleri geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek, işewürlik, ynsanperwer, ylmy gatnaşyklary höweslendirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy bilen “Abu Dhabi Future Energy Company PJSC — Masdar” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenbaşy Halkara deňiz porty (Türkmenistan) bilen “DP World FZE” ( Birleşen Arap Emirlikleri) kompaniýasynyň arasynda porty dolandyrmak we logistika hyzmatlary babatynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakynda Ylalaşyk; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Dubaý şäheriniň Hökümetiniň Ykdysady ösüş departamentiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Türkmenabat şäherindäki garyşyk mineral dökünleri öndürýän himiýa zawodynyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň ösüş gaznasynyň arasynda karz Ylalaşyk; Türkmenistanyň Hökümeti bilen “Nasdaq Dubai Limited” kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.
Geçen hepdäniň beýleki wakalarynyň hatarynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, Aşgabatda sanly ulgam arkaly geçirilen “Lukmançylyk diplomatiýasy — sagdyn dünýäniň binýady” atly halkara maslahaty bellemek gerek. Onlaýn maslahata BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň direktory H.Klýuge, BSGG-niň Türkmenistandaky wekili Ý.Zaýsew, Saglygy goraýyş boýunça türkmen-german forumynyň başlygy, professor Klaus Parhofer, BMG-niň düzüm bölekleriniň ýolbaşçylary, diplomatik missiýalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, dürli ýurtlaryň saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar.
Forumda ýokanç kesellere garşy göreşmekde lukmançylyk diplomatiýasy, saglygy goraýyşda sanlylaşdyrmak işleriniň orny, COVAX guraly bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara lukmançylyk-arassaçylyk işleriniň gazananlary esasynda emele gelen kadalara daýanýan COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş meselelerine aýratyn üns berildi.
Çykyş edenler Türkmenistanda saglygy goramak boýunça maksatnamalaryň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň maslahatlaryna laýyklykda amala aşyrylýandygyny hem-de halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde ynsan saglygyny goramak boýunça köp sanly taslamalaryňdyr maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini we geçirilýändigini bellediler.
Geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary boldy. Onuň çäklerinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
Foruma sanly ulgam arkaly daşary ýurtlaryň birnäçesinden — Russiýadan, Germaniýadan, Fransiýadan, Rumyniýadan tanymal alym-professorlar, ylymlaryň doktorlary, saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň ýokary wezipeli wekilleri goşuldylar.
Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň maddy-tehniki binýadyny yzygiderli pugtalandyrmaga, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we görnüşini ýokarlandyrmaga gönükdirilen saglygy goraýyş ulgamyndaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde gazanylan anyk üstünlikler beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, sporty ösdürmäge we jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmäge, hemmetaraplaýyn ösen ýaş nesli terbiýelemäge uly üns berilýär.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hem-de döwrebaplaşdyrmagyň, şol sanda dünýä lukmançylygynyň iň gowy iş tejribelerini we täze işlerini nazara almak bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistany sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwürmäge saldamly goşant goşan lukmançylyk işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, olar “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” ýubileý medaly hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglanyldy.
Geçen hepdede Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan, 23 gektar meýdany eýeleýän täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy. 544 maşgala niýetlenen 17 sany täze ýaşaýyş jaýlarynda hem-de 2 gatly kottej görnüşli jaýlarda bagtyýar ildeşlerimiz jaý toýlaryny tutdular. Binalaryň gurluşygynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň şähergurluşyk ulgamyna bildirilýän talaplaryna laýyklykda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş dessurlary we häzirki zamanyň talaplary göz öňünde tutuldy.
Gurluşyk işlerinde ýurdumyzda öndürilýän we ekologiýa taýdan amatly serişdeler peýdalanyldy. Jaýlarda goýlan mebeller ýerli hususy işewürler tarapyndan taýýarlanyldy.
Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň, durmuşa geçirýän düýpli özgertmeleriniň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şolaryň baş maksady mähriban Watanymyzy adamlaryň döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmagy, bagtyýar durmuşy üçin iň oňaýly şertler üpjün edilen ösen döwlete öwürmekden ybaratdyr.
Şu gün “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergi öz işine başlaýar
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hormatly Prezidentimiziň degişli Kararyna laýyklykda, 26-27-nji noýabrda “Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024” atly halkara maslahaty hem-de sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
TULM Etrek stansiýasynyň üsti bilen multimodal gatnawlary ýerine ýetirýär
«Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (TULM) häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynyň stansiýalaryndan gelýän dürli import ýükleri Etrek demir ýol stansiýasynyň çäginde kabul edýär.
Ýanwar-awgust: Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $7 milliarddan geçdi
2024-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky ulaglar arkaly söwda dolanyşygy 7 milliard 188 million 41 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligi habar berýär.
«Belet Film» ykjam programmasynyň işleýşini kämilleşdirdi
Meşhur türkmen onlaýn kinoteatry «Belet Film» ykjam programmasy üçin möhüm täzelenme çykardy. Bu gezek döredijiler ulanyjy tejribesini, howpsuzlygyny we nawigasiýa ýeňilligini ýokarlandyrmaga ünsi jemlediler:
Türkmenistan «Russiýanyň Ulagy» halkara forumyna gatnaşdy
Türkmenistanyň wekilýeti 19-21 noýabr aralygynda Moskwada geçirilen «Russiýanyň Ulagy» atly halkara ulag forumyna we sergisine gatnaşdy. Forumyň çäklerinde 300-den gowrak bilermeniň gatnaşmagynda 30-dan gowrak iş çäreleri guraldy.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.