BINA BAKY BOLÝAR, BINÝAT BERK BOLSA
08-05-25
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň özeni milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary üçin ýokary derejeli, ýiti zehinli, giň dünýägaraýyşly hünärmenleri taýýarlamak bolup durýar. Dünýäniň öňdebaryjy döwletlerinde bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda hem ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, adamzat jemgyýetiniň ösüşi ylym we bilim bilen özara baglanyşyklydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda giňden ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň iň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetini döwrebaplaşdyrmakdan, halkyň eşretli ýaşaýyş-durmuşyny, abadançylygyny hem-de fiziki, ruhy we intelektual taýdan kämilligini üpjün etmekden ybaratdyr. Çünki hiç bir babatda dünýä siwilizasiýasyndan üzňe bolmazlyk, ýurdy, her bir pudagy, zähmet toparyny, maşgalany parahatçylygyň, sahawatlylygyň, adalatyň we ynsanperwerligiň ýoly bilen ösüşiň täze basgançaklaryna maksada okgunly alyp gitmek Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli oňyn başlangyçlarynyň esasy özenidir.
Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman türkmen jemgyýetinde ylym, bilim, hünär, terbiýe meselerinde täze mazmuna eýe bolan wezipeleri öňde goýýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy: halka daýanyp, halkyň hatyrasyna” atly ylmy-filosofiki eserinde: “Häzirki zaman jemgyýetiň hakyky gymmatlyklarynyň baýlyklarda däl-de, eýsem, adamlardadygyny, olaryň bilimindedigini, hünär derejesindedigini we zähmetiniň netijesindedigini görkezýär” diýip belleýär. Bu bolsa bilim ulgamyny dolandyrmagyň, onuň jemgyýete peýdaly bolmagynyň we durmuşa hyzmat etmeginiň talabalaýyk ýola goýulmagy bilen şertlenýär.
Bilim ulgamyndaky bu tutumly işleriň milli ylym ulgamyny döwrebap dikeltmek bilen utgaşykly alnyp barylmagy ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamlaryny täze hil derejesine çykarmaga, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talaplaryna laýyk gelýän ýokary derejedäki ukyp-başarnygy bolan hünärmenleri, şol sanda türkmen alymlarynyň täze nesillerini kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açdy. Bu gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor mugallymlarynyň we zehinli talyp ýaşlarynyň hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen işi döwrebap ýola goýlan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag institutlarynyň alymlary bilen egin-egne berip alyp barýan tutumly işleri munuň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrüň talap edişi ýaly, dünýä derejesine götermek üçin hormatly Prezidentimiziň edýän uly tagallalarynyň özboluşly ýüze çykmalarynyň birem ýurdumyzyň bilim-terbiýe edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talaplaryna laýyk edip pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändiginden ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman enjamlary, kompýuterler, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary, kämil abzallar, mebeller bilen üpjün edilen, bütindünýä internet ulgamyna birikdirilen döwrebap bilim ojaklarynynyň, çagalar baglarynyň, çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerininiň gurlup, ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýokary we ýörüte orta hünär berýän okuw mekdeplerinde ýaşlaryň ussat hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin uly tagallalar edilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň uzaklary nazarlaýan belent maksatlarynyň hasyl bolmagyny üpjün etjek täze nesil kemala gelýär. Şol nesliň hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip düzülen we işlenip düzülýän uzakmöhletleýin maksatnamalaryň uly üstünlik bilen durmuşa geçirilmegini üpjün etjekdigi şübhesizdir. Bilim ulgamynyň täze belentliklere çykmagy, çuňňur bilimli, giň gözýetimli, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň, jemgyýetçilik-durmuş ugurlarynyň ýeten sepgitlerinden habarly, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işi yzygiderli we üznüksiz dowam edýär.
Şonuň bilen birlikda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklara tapgyrlaýayn geçýän şertlerinde biziň ýurdumyzyň hünär okuw mekdeplerinde dünýä tejribesinde ýörgünli bolan tölegli okuwlara geçmek hem kem-kemden ýola göýulýar. Munuň özi hem biziň döwletimiziň Konstitusiýasyna, kanunlaryna doly laýyk gelýär. Çünki gazanylýan girdejini her bir adam özüniň gowy ýaşamagyny üpjün etmek üçin peýdalanýar. Biziň talyplarymyz hem şony etmek bilen, okuwa gelenlerinde bir görnüşdäki lybaslarda gelýärler, ol lybaslary hem wagtly-wagtynda täzeläp durýarlar. Munuň özi ähli beýleki ýurtlaryň okuw mekdeplerine-de nusgalykdyr diýsek ýalňyşmarys.
Hormatly Prezidentimiziň öňe süren bu täze başlangyçlaryny üstünlikli amala aşyrmak üçin bilim ulgamynyň işgärleri tutumly işleri alyp barýarlar. Munuň özi bolsa ýurdumyzyň bilim ulgamyny täze hil derejesine çykarmaga giň mümkinçilikleri emele getirýär. Bu aýdylanlaryň hemmesi hormatly Prezidentimiziň bilim özgertmeleriniň geriminiň iňňän giňdigini, şonda bilim alýan talyplaryň talabalaýyk okamaklaryna hem ýaşamaklaryna ähli amatly şertleri döretmegiň üns merkezinde durýan meseledigini görkezýär.
Ylym dünýäsine ýaňy girişen ýaş zehinleriň ylmy gözlegleriniň dowamly, bolmagyny arzuwlaýarys. Bularyň ählisiniň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalarynyň durandygyny nygtamalydyrys. Şonuň üçin hem türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady
Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY
Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.