KÄMIL BILIM – ÖSÜŞE TARAP ÄDIM

26-12-25

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň milli bilim ulgamy gün günden kämilleşýär. Häzirki wagtda ulgamy döwrüň talabyna laýyk ösdürmek, has-da döwrebaplaşdyrmak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça öňde goýulýan wezipeler toplumlaýyn çözülýär. Ýurdumyzda döwrebap bilim ojaklarynyň gurluşygyna uly üns berilýär.

Ata-Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ösüp gelýän ýaş nesil hemmetaraplaýyn söýgi, goldaw bilen gurşalýar. Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatynyň baş maksady milli ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ösüp gelýän nesli milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda terbiýelemek, ýaşlary ylmy işlere işjeň çekmek bilen häsiýetlidir. Çuňňur ylmy esasda işlenilip düzülen we uzak möhletleri nazara alýan Milli maksatnamalar bilen amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bu gün özüniň oňat netijelerini görkezýär.

Pederlerimiz ylymly-bilimli bolmak we nesil terbiýesi barada «Ylym-akylyň ýarysy», «Ylymsyz bir ýaşar, ylymly müň», «Bilimli uçar, bilimsiz gaçar» ýaly ençeme nakyllary döretmek bilen, ylym-bilimiň, edep-terbiýäniň ynsan durmuşynda örän wajypdygyny aýdyp geçipdirler.Ata-babalarymyzyň ylymly-bilimli bolmak baradaky ýol-ýörelgeleri bagtyýarlyk döwrümizde bütin aýdyňlygy bilen dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýyşy ýaly, ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatdaky «Adamzat paýhasynyň gazanan iň ajaýyp we möhüm üstünlikleriniň biri hem ylymdyr» diýip aýdan setirlerinde hem ruhubelent, berk bedenli, giň dünýä garaýyşly, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.    

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde her bir raýatyň, hususan‐da, ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň beden taýdan sagdyn, ruhubelent we döwrebap bilim almaklary, zähmet çekmekleri, sport bilen yzygider meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hususan‐da “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021‐2025‐nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň” üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzda ýaş neslimiziň döwletiň we jemgyýetiň doly hukukly agzasy hökmünde ähli ulgamlarda amala aşyrylýan işlere içgin gatnaşmagy üçin giň gerimli oňaýly şertleriň döredilmegine ýardam berdi.

Ýurdumyzyň sanly milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky başlangyçlar halkymyzyň şu gününe we ýagty geljegine bolan ynamyny berkidýär. Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa ornaşdyrylmagy okatmak işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini has-da artdyrýar. Sanly bilim ulgamynda peýdalanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň nesliň has-da giň möçberdäki maglumatlary kabul etmäge ýardam edýär. Ýagny, bu maglumatlar birbada görüş we eşidiş ýollary arkaly kabul edilýär. Mundan başga-da, bu mümkinçilikler dünýäniň islendik ýurdunyň alymlarynyň, mugallymlarynyň tejribesini öwrenmeklige, şeýle-de türkmen ýaşlarynyň we hünärmenleriniň daşary ýurtlarda bilim almaklary, ylmy barlaglary geçirmekleri üçin uly mümkinçilikleriň döredilmegine hem-de ýaşlaryň dünýä jemgyýetiniň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär. Bu bolsa milli bilim ulgamynyň halkara tejribesiniň esasynda kämilleşdirilýändigini aňladýar. Şeýle hem, okatmagyň sanly usulyna geçilmegi talyplaryň internet torunyň üsti bilen dünýäniň beýleki okuw merkezleriniň çeşmelerinden peýdalanyp, dürli ýurtlaryň okuw edaralary bilen onlaýn görnüşde teleköpri arkaly sapaklaryň ýola goýulmagyna itergi berýär.

Ylymly nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin bolsa ösüşlerden ösüşlere barýan döwletimizde ähli mümkinçilikler döredilendir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilişiniň gerimi, ýaşlara berilýän bilim, terbiýe, ylym babatda ýetilýän sepgitler, gazanylýan netijeler bagtyýar geljegimize uzaýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň dünýä ülňülerine laýyk gelmegi, şeýle-de halkara bilim giňişligine içgin aralaşmak gazanylýar.Munuň esasynda sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça uly işler alnyp barylýar.Internet ulgamy bilim babatda netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda giň mümkinçilikleri açýar. Şeýle-de elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, interaktiw-multimediýa programmalary peýdalanylýar.

Döwrebap bilim we terbiýe alýan ýaşlarymyzyň aýdyň ýoly bagtyýar geljege uzaýar. Watanymyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ýadawsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza ak ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys! Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Jahan LAMANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Patologik anatomiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16aabc9b56a409.jpeg
Türkmen edebiýatynyň sarsmaz binýady

Magtymgulynyň döredijiliginiň gerimi we onuň türkmeniň ruhy durmuşyndaky orny bilen baglanyşyklydyr. Çünki şahyr hemişe olaryň pikirlerini we umyt-arzuwlaryny beýan edip, pähim-paýhasyň we ýokary ahlagyň nusgasy saýylypdyr. Watan söýgüsine, agzybirlige we doganlyga çagyryş edýän türkmen halkynyň beýik oglunyň şahyrana setirlerinde beýan edilýän çuňňur pikirler diňe bir türkmeniň ýüreginde däl, eýsem beýleki halklaryň wekilleriniň ýüreklerinde-de ýaňlanýar.


16aa9875b18c44.jpeg
GARAŞSYZLYK – DURNUKLY ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ NYŞANY

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16aa91deb9c211.jpeg
DÖWLETLILIGIŇ NYŞANY

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy asylly däbe öwrüldi. Munuň özi halkymyzyň abadançylygyny, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny, olaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmak hyjuwyny şöhlelendirýär.


16aa91cdfc54ce.jpeg
BEDEW BATLY ÖSÜŞLERIŇ MEKANY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan özüniň taryhy ösüşiniň täze, hakykatdan-da, bedew batly tapgyryna gadam basdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilmegi, halkymyzyň milli buýsanjyna bolan sarpanyň we ýurdumyzyň geljege bolan okgunlylygynyň aýdyň beýanydyr.


16aa91c030579e.jpeg
TÜRKMENIŇ BUÝSANJY - BEHIŞDI BEDEW

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mukaddes Watanymyz Türkmenistan dünýäniň iň batly depginler bilen ösýän, parahatçylygyň we rowaçlygyň mekanyna öwrüldi. Bu okgunly ösüşleriň simwoly hökmünde bolsa, biziň milli buýsanjymyz, taryhyň dowamynda halkymyzyň iň wepaly hemrasy we ruhy ganaty bolan Ahalteke bedewleri çykyş edýär.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.