BAGTYÝAR ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ GELJEGI
08-05-25
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň hatarynda ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýurdumyzda ýaşlaryň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy üçin yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýaşlaryň sowatly, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyna hem bu babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzda ylymly bilimli nesilleri kemala getirmek, häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmak, dünýäniň ösen tejribesini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak meselelerine uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, innowasiýalar ýurdumyzy ösdürmegiň binýady bolup, bilim bermek işiniň ösmegine uly mümkinçilikleri döretdi. Häzirki wagtda ösüşlere beslenýän ýurdumyzda adama diňe bir bilimleriň, başarnyklaryň we endikleriň kesgitli jemini almakdan başga-da, durmuşyň täze şertlerine uýgunlaşmak, dürli ýagdaýlarda ýüze çykýan meseleleri çözmegiň ýollaryny tapmak,öz öňüňde goýan maksatlaryňa ýetmek we netije çykarmagy başarmak zerurdyr.
Bu işler öz şahsy işjeňligiňi guramagy, kommunikasiýa serişdelerine erk edip bilmegi, maglumatlary almagy we olardan peýdalanmagy talap edýär. Innowasiýalar eýýamynda bilimiň, ylmyň we innowasiýalaryň ösüşi bilen aýakdaş gitmek häzirki döwürde möhüm talap bolup durýar. Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamy hem döwrüň talabyna laýyklykda ösýär we özgerýär. Dünýä ykdysadyýetinde täze tehnologiýalarda sanly ulgama geçilmegi bilen bagly düýpli özgertmeler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda ylym-bilime aýratyn jogapkärçilik ýüklenilýär.
Ýaş nesilleri ýüz ýyllyklaryň dowamynda halkymyz tarapyndan döredilen milli ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelemek, Watanymyzyň ýeten derejesine buýsanýan, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan ussatlykbilen baş çykarýan, kämil hünärmenler hökmünde kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar.
Şonuň üçin hem ruhubelent ýaşlarymyz ýurdumyzy gülläp ösdürmäge, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatyna öz goşantlaryny goşmalydyrlar. Türkmen ýaşlary hemişe watansöýüjilik ýörelgelerine eýermelidir. Çünki olar merdana türkmen halkynyň bagtyýar nesilleridir. Ata-babalarymyzdan miras galan agzybirlik ýoluny halkymyzyň çüwen ykbalyna öwürjek ýaşlar gülleýän Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň saýasynda bagtly şu güni, aýdyň ertiri gurujylardyr.
Bilim we ylym edaralarynyň ählisi ýokary tizlikli, giň zolakly tor aragatnaşygy bilen üpjün edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm orun degişlidir.
Ýurdumyzda sanly ulgamy ösdürmekde döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyzy bildirýäris. Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz
Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar
«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.
Bilimleriň we bilimlileriň Watany
Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.