Saglyk - baş baýlyk
04-04-23

Her ýylyň 7-nji apreli 1948-nji ýylda döredilen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan kabul edilen, Bütindünýä saglyk günini ähli ýurtlar diýen ýaly gyzgalaňly ýagdaýda belleýärler. Bu baýramy bellemeklik 1950-nji ýyldan bäri dünýä ýurtlarynda, şeýle-de biziň ýurdumyzda-da uly däbe öwrüldi. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy 194 sany döwletiň agzalygyndan ybaratdyr. Onuň esasy baş wezipesi dünýä ilatynyň halkara saglyk meselelerini çözmekdir.
Häzirki zaman durmuş şertlerinde saglygy goramak we berkitmek meseleleri has-da möhüm hasaplanýandyr. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bu günde dünýä ýurtlarynyň saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlar toplumyny, çap edýär we hasabat esasynda çagalaryň şeýle-de, täze doglan çagalaryň saglyk ýagdaýlary, dürli keseller,akyl saglygy hem-de daşky gurşaw ýagdaýlarynyň täsirinde ýüze çykýan näsazlyklary barada maglumatlary jemleýärler we alnan maglumatlar esasynda saglyk ýagdaýlara gözegçilik etmek ulgamlarynyň çäginde degişli çäreler alyp barýarlar.
Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň beren kesgitlemesine görä “Saglyk-bu diňe bir keseliň ýa-da ejizligiň bolmadyk ýagdaýy däl-de, eýsem doly fiziki we akyl taýdan abadançylyk ýagdaýydyr” diýilýär. Her ýyl aprel aýynda Bütindünýä Saglyk günine bagyşlanan çäreler bütindünýäde başlaýar. Şanly sene mynasybetli biziň ýurdumyzda-da sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri dürli çärelerdir, ýaryşlar diýarymyzyň dürli künjeklerinde ýerlikli ýaýbaňladyrylýar.
Soňky ýyllarda dünýä ölçeglerindäki halkara sport çärelerini geçirmegiň merkezleriniň biri bolan Türkmenistan döwletimiz saglyk gününe bagyşlanan çäreleri üstünlikli geçirmek bilen, dünýä ýurtlarynyň köpüsi bilen ugurdaş düzüme eýe bolýar. Şeýle möhüm çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzyň sagdyn beden, sagdyn ruhly ilatynyň gelejekde-de sagdyn nesilleri kemala getirmeginiň esasy kepili hasaplanýandyr.
Taýýarlan Nazar SEÝIDOW,
Türkmenistanyñ Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyñ Ykdysadyýet we sanly tehnologiýalar fakultetiniñ 4-nji ýyl talyby.

Bitaraplyk — Parahatlyk
Häzirki wagtda döwletimiz ykdysadyýeti, durmuş ulgamy okgunly ösýän, döredijilik başlangyçlary öňe sürýän ýurt, halkara bileleşigiň işjeň agzasy hökmünde giňden tanalýar. Bu üstünlikleriň gözbaşynda giň ykrarnama we dünýäniň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk syýasatymyz durýar.

MUKADDESLIKLERIMIZE SEŽDE
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň gurluşynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän resminamadyr. Esasy Kanunymyzda müňýyllyklardan gözbaş alýan Watan, halk we döwlet baradaky mukaddes düşünjelerimiz, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämiz bitewüleşdirilýär, berkararlygymyzyň ygtybarly binýady öz beýanyny tapýar.

«Ak şäherim Aşgabat» atly köpugurly halkara sergi we maslahat geçirildi
24-nji maýda paýtagtymyzda Aşgabat şäher häkimliginiň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergi we maslahat öz işine başlady.

Diýarymyzda Türkmen halysynyň baýramy bellenildi
25-nji maýda paýtagtymyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisi hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi geçirildi.

Döwlet gullugy akademiýasynyň wekillleri adam serişdelerini dolandyrmakda innowasion çemeleşmeler boýunça onlaýn okuwlaryny geçdiler
2025-nji ýylyň maý aýynyň 26-30-y aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň wekilleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Russiýanyň halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynyň arasynda Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygyň çäklerinde adam serişdelerini dolandyrmak ulgamy boýunça onlaýn okuwlaryny geçýärler.

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:
– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.