Ak mermerli Aşgabat – Watanymyzyň ýüregi

08-05-25

Ak mermerden ajaýyp binalary bilen Ginnesiň rekordlar kitabyndan mynasyp orun alan paýtagt şäherimiz Aşgabady görmäge göz gerek. Owadan hem abadan ýaşaýyş ynsan ömrüne ömür goşýar. Ak şäherde bolsa ýaşamak, okamak, döretmek, zähmet çekmek, dynç almak üçin ähli şertler bar. Paýtagtymyzda gurlan we gurulýan medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary, söwda we dynç alyş merkezleri, seýilgähler, ýollar, sport toplumlary, saglyk merkezleri Berkarar döwletimiziň baş şäheriniň görküne görk goşýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyklykda ylalaşdyryjy merkez hökmünde hem dünýä tanalýar. Paýtagt şäherde dünýä döwletleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli duşuşyklar, halkara maslahatlar, forumlar, sergiler, festiwallar bilen birlikde iri halkara sport çäreleri, dünýä çempionatlary, sport bäsleşikleri hem yzygiderli geçirilýär. Häzirki döwürde Garaşsyz döwletimiziň nurly geljeginiň şanyna bitirilýän tutumly işleriň düzüminde halkymyzyň medeniýetli dynç alşyny üpjün edýän seýilgähleriň aýratyn ornunyň bardygyny gözel Aşgabadyň gül bakjalyga beslenip oturan ajaýyp keşbinden aýdyň görmek bolýar. Kalbymyza mukam bolup dolýan eziz paýtagtymyzyň tutuş süňňüni bag-bakjaly, serhowuzly seýilgähler tutýar. Töweregine özboluşly gözellik berip, gezelenç etmegiň üýtgeşik lezzetini duýmaga mümkinçilik berýän, jana melhem täsin howasy, sergin saýaly baglary, hoş owazly suw çüwdürimleri bilen göwnüňi göterýän ol gülzarlyklarda halkymyz ýylyň ähli paslynda hezil edip dynç alýar.

Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri gün-günden gözelleşýär, özüniň milli binagärlik äheňindäki häzirki zaman ymaratlary bilen kalbyňa şatlyk çaýýar. Şäheriň keşbi tebigatyň görki bilen özara sazlaşygy emele getirýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, paýtagtymyz Aşgabat tanalmaz derejede özgerip, esasy syýasy, ykdysady we işewürligiň halkara merkezine öwrüldi. Deňi-taýy bolmadyk binalardyr-ymaratlaryň, köp sanly muzeýleriň, sergi köşkleriniň we teatrlaryň utgaşykly sazlaşygyny emele getirýän Aşgabat myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär.Häzirki wagtda eziz Watanymyzyň paýtagtynda giň gerimli işler amala aşyrylýar we mähriban Diýarymyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim, medeni merkez hökmünde Aşgabat şäheriniň orny has-da ýokarlanýar.

Ak şäherimiz Aşgabat halkara işewürliginiň, daşary ýurtly syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Arkadagly Serdarymyz paýtagtymyzdaky her bir gurluşyk taslamasynyň binagärlik aýratynlyklarynyň milli däplerimiz bilen utgaşdyrylyp gurulmagy ugrunda uly tagallalar edýär. Aşgabadyň binagärlik taýdan köpugurly ösüşi şäheriň amatlylyk we ekologiýa babatda  wajyp ähmiýete  eýedir. Aýratynda, önümçilik we durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda, häzirki zaman desgalarynyň ýerleşdirilişinde, ýollaryň we inženerçilik  ulgamlarynyň çekilmeginde  täzeçil çemeleşmeler, dünýäniň öňdebaryjy tejribesigiňden ulanylýar. Şeýle bolan soň ak mermerli şäherimizde gurluşyk tejribeleri bilen häzirki zaman binagärlik sazlaşygy üpjün edilýär. Aşgabady uzak möhletli  ösdürmegiň strategiki meselelerine döwlet Baştutanymyz tarapyndan şeýle uly üns berilmegi onuň çäk mümkinçiliklerinden netijeli  peýdalanmaga, abadançylyk maksatnamalaryny ýokary hilli  durmuşa geçirmäge, adamlaryň ähli  amatlyklaryň  hözirini görüp ýaşamagy üçin  amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Aşgabady döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk çowluklarymyza  miras goýmalydyrys. Goý, ýurdumyzy we ak şäherimiz Aşgabady abadançylygyň, parahatçylygyň, agzybirligiň, dost-doganlygyň, ynsanperwerligiň, rysgal-döwletliligiň merkezine öwren türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin! Goý, halkyny bagtly geljege alyp barýan türkmen halkynyň Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Halk üçin, Watan üçin, eşretli döwür üçin yhlas siňdirip, durmuşa geçirýän tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!

Gülnara SAPARMÄMMEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Farmakologiýa kafedrasynyň uly mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.

16ae17eacb46e7.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Çehiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti Petr Pawele we ýurduň ähli halkyna Çehiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16ab75235e7f0d.jpeg
Garaşsyzlyk – buýsanjymyz

Ata Watanymyz Türkmenistanyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak beýik bayramçylygyň - mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň öňýanynda ýurdumyz hakyky baýramçylyk şatlygyna beslenýär. Ýyl geçdikçe şan-şöhraty dünýä ýaýylýan berkarar döwletimizde asuda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, döredijilikli zähmeti we geljege bolan synmaz ynamy her bir adamyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýarýar.


16ab6c93c0b9d2.jpeg
HALKARA BAŞLANGYÇLAR ROWAÇLYGA ÝOL ALÝAR

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň toýlanýan ýylynda ýurdumyza gelip gowşan hoş habar - Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl - Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi Bitarap döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet hökmünde dünýäde ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.


16a95170a6d8a4.jpeg
«Awtomobil Ulag hyzmaty» AGPJ sürüjileri işe çagyrýar

«Awtomobil Ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti awtobus we taksi ulaglaryny dolandyrmak üçin tejribeli sürüjileri işe çagyrýar. Ýüz tutýan raýatlaryň degişli iş tejribesiniň, şeýle hem «B» we«D» derejeli sürüjilik şahadatnamalarynyň bolmagy hökmanydyr.


16a70367935328.jpeg
Bilimleriň we bilimlileriň Watany

Ýurdumyzyň baş şäheriniň keşbi düýpgöter özgerip, sazlaşygyň we gözelligiň beýanyna öwrüldi. Şanly wakalardan doly we döredijilikli täze durmuşy başdan geçirýän eziz Diýarymyz döwrebap derejede ösen ylym-bilim merkezidir. Ak mermerli paýtagtymyzda, ýurdumyzyň beýleki şäherleridir etraplarynda öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen täze döwrebap mekdepler, çagalar baglary, döredijilik merkezleri gurulýar. Olarda okamak hem-de bilimiňi artdyrmak üçin ähli şertler döredilendir.

Bash surat - 2022.jpg
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW:

– Häzirki döwürde Garaşsyz Türkmenistan öz ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy. Bu döwür «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyryldy. Ösüşiň şu täze döwründe biz öz öňümizde has belent maksatlary goýduk.